"Dialog bar-da, edilýän anyk iş ýok"
16.07.2014 Azatlyk Radiosy/ Radio Free Europe/ Turkmenistan
http://www.azathabar.com/content/article/25459332.html
EUCAM, Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça monitoriň, gözegçilik merkezi Merkezi
Aziýada ählumumy adam hukuklaryndan sowa geçilýändigini aýdýar.
«Merkezi Aziýa, belki-de, dünýäde iň bir awtoritar regiondyr» diýip, gözegçilik guramasynyň
täze çap eden synynda aýdylýar.
Azatlyk Radiosy bu synda aýdylýan zatlar barada EUCAM-yň programma menejeri Tika
Tsertswadzebilen söhbetdeş boldy.
Azatlyk Radiosy: Siz öz gelen netijeleriňizde Merkezi Aziýada ählumumy adam
hukuklaryndan sowa geçilýäne çalym edýändigini öňe sürýärsiňiz. Bu pikiriňizi biraz
anyklaşdyryp bilmezmisiňiz?
Tika Tsertswadze: Merkezi Aziýa adam hukuklarynyň iň bir köp bozulýan regionlarynyň biri
bolup durýar. Mysal üçin, eger siz Azatlyk öýi guramasynyň «Geçişdäki döwletler -2014»
hasabatynda berilýän bahalara syn etseňiz, bu ýerdäki bäş ýurduň dördüsi berkişen awtoritar
režimli döwletler, iki ýurt -Türkmenistan bilen Özbegistan bolsa, iň bir totalitar režimler
atlandyrylyp, gaýta-gaýta «ýamanyň ýamany» diýen derejäni alýar.
Eger soňky ýedi, on ýyldaky ýagdaýa syn etsek, biz Merkezi Aziýada adam hukuklary
meselesinde kän bir gowulaşma görmeýäris. Ýogsa bu region bilen ýygjam aragatnaşyk hem
saklanýar, syýasy dialog hem alnyp barylýar. Bu sebit bilen adam hukuklary gepleşikleri hem
alnyp barylýar.
Emma hakykatda ol ýerde hiç bir anyk ilerleme görünmeýär. Hawa, ol ýerde hakykatdanam
diskussiýa, gürrüň edilýär, aragatnaşykda bolmak syýasaty ýöredilýär, emma şu wagta çenli
sebitde esasy adam hukuklary meselesinde anyk ilerleme ýok.
Azatlyk Radiosy: Bilnişi ýaly, ÝB Türkmenistan bilen hem ýygjam aragatnaşyk saklamaga
çalyşýar. Bu syýasat dialogda, aragatnaşykda bolmagyň has bähbitli boljagy bilen
düşündirilýär. Eýsem bu dialog Türkmenistandaky ýagdaýa täsir ýetirmeýärmi?
Tika Tsertswadze: Türkmenistan bilen alnyp barylýan ýokary derejeli syýasy dialog, beýleki
ýurtlar bilen deňeşdirilende, biraz intensiwleşdi diýip bileris. Emma, siziň bilşiňiz ýaly, anyk
näçe möçberdedigi belli bolmasa-da, Türkmenistanyň uly gaz resurslary bar. Onsoň, gaz
ýollaryny diwersifikasiýa etmek we Orsýete garaşlylygyny azaltmak nukdaý nazaryndan, ÝB-niň
Türkmenistan bilen gatnaşyk saklamakda strategiki bähbitleri bar.
ÝB, Belarus ýaly, Türkmenistana çalymdaş başga ýurtlar bilen hem iş salyşýar we Belarus
babatda sanksiýalary ulanýar. Emma biz Türkmenistan babatda muňa meňzeş çemeleşmäni
görmeýäris. Ýagny bu ýurdy doly izolirlemezlik, käbir gapylary açyk saklamak syýasaty has ileri
tutulýar. Emma biz bu syýasatdan nähilidir bir netije çykanyny görmeýäris.
Eger bu ýerde diňe energiýa bähbitleri yzarlanýan bolsa, onda bu şeýle diýmeli, ýagny
Türkmenistany demokratiýalaşdyrmak barada hiç bir mesele ýok diýmeli. "
Tika Tsertswadze
Käbir gapylar açyk, emma ol ýerde, ýurt içinde käbir pozitiw üýtgeşmeler bolmaly.
Gowulaşmadan geçen, ýagdaý ýaramazlaşmaga ýykgyn edýär. Biz bu ýerde diňe adam
hukuklary barada syýasy derejede gürrüň edilýändigini görýäris, şol bir wagtda ol gürrüňler
boýunça hiç iş edilmeýär.
Azatlyk Radiosy: Eger rekomendasiýa, maslahat bermeli bolsa näme aýdardyňyz? ÝB
Türkmenistanda adam hukuklary ýagdaýynyň gowulaşmagy üçin näme etmeli ýa-da näme
edip biler?
Tika Tsertswadze: Bu örän kyn sorag. Meniň pikirimçe, Türkmenistan bilen aragatnaşyk
saklanmaly, emma bu gatnaşykdan yzarlanýan maksady açyk we anyk aýtmaly. Ýagny bu ýerde
Türkmenistany demokratiýalaşdyrmak maksat edinilýärmi ýa-da diňe energiýa bähbitleri
yzarlanýar?
Eger bu ýerde diňe energiýa bähbitleri yzarlanýan bolsa, onda bu şeýle diýmeli, ýagny
Türkmenistany demokratiýalaşdyrmak barada hiç bir mesele ýok diýmeli.
Emma ÝB näme? Ol öz daşary syýasatynda çydamlylyk, demokratiýa, adam hukuklary ýaly
gymmatlyklary öňe sürýär. Bu ýagdaýda ÝB Türkmenistan bilen dialogda has pragmatiki
bolmaly, gapylary açyk saklamaly. Ýöne ÝB gowşak pozisiýada bolmaly däl, energiýa bähbitleri
bolsa-da, güýçli pozisiýada bolmaly.
Biziň çap eden synymyzda Türkmenistandan adamlaryň hatda saglygyna seretdirmek üçin hem
daşary ýurtlara goýberilmeýän halatlary mysal getirilýär. Onsoň bu ýurtda bilim sistemasyny,
saglygy saklaýyşy kämilleşdirmek, adamlaryň hereket azatlygyny çäklendirmezlik ýaly talaplary
goýmaly. Ýogsam bu ýurtda has çynlakaý problemalar hem bar.
Download

"Dialog bar-da, edilıän anyk iş ıok"