Minnetdarlyk
―Eger-de siz Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda bilim almak isleseňiz‖ atly dört sany kitapçalar ABŞ-nyň Döwlet
Departamentiniň bilim ulgamyna degişli bolan maglumat we serişdeler bölümi tarapyndan neşir edildi. Kitapçalary
şeýle hem internet ulgamynyň http://www.educationusa.state.gov sahypasynda tapyp bolar. Şu wagtky neşir ilkibaşdan Ewelin Lewinsonyň ýolbaşçylygy astynda 2000-2001-nji ýyllarda taýýarlanan taslamanyň özgerdilen
görnüşi. Kitapçalaryň özgerdilen görnüşi halkara bilim bölüminiň giriş synaglar komissýasynyň işi netijesinde we
ABŞ-nyň Döwlet Departamenti bilen razylaşyk arkaly neşir edildi. Kerol Blaýt we Janin Farhat Kolin Geýthausa
gurama we redaktirleme işlerini berjaý edeni üçin, we Ronald Ribere daşlyk maketini taýýarlany üçin minnetdarlyk
bildirýärler.
ABŞ-nyň Döwlet Departamenti şonuň ýaly hem, kitapçalaryň şu sanynyň çap edilmegine öz wagtyny, tejribesini we
zehinini bagş eden dünýä ýurtlarynyň wekillerine minnetdarlyk bildirýär:
Ketlin Alam
Elen Bedjer
Martin Bennet
Luiza Kuk
Julean Folgetter
Julia Findleý
Judi Froýdenberger
Kolin Geýthaus
Nensi Gong
Joanna Grehem
Şeron Grodjilanek
Sandarşi Gunawardena
Linda Hini
Liza Henderling
Lia Hatton
Judit Irwin
Mişel Jonson
Reka Kalle
Nensi Keteku
Enn Kulman
Gaston Lakom
1
Karolin Lans
Mariýa Lesser
Ewalin Lewinson
Emi Lesberg
Diana Lopes
Ted Maşina
Maýkl MakKerri
Beril Meýron
Martin J. Miller
Teri Molsa
Barbara Nikolz
Roberta Paola
Dan Pyansentino
Rohaýma Rateb
Laura R. Ruskaup
Sohaýr Saad
Jeýlin Sarrasino
Betani Şou
Şeron Snaýder
Karen Solinskiý
Piter Storand
Rozali Targonskiý
Jeýms Waselýok
Joan de Arma
Harold Wudli
Giriş sözi
―Birinji derejeli ýokary bilim‖ atly kitapça dört sany tanyşdyryjy kitapçanyň bir bölümi bolup, ol ABŞ-nyň Döwlet
2
Departamenti tarapyndan daşary ýurtly dalaşgärlere we alymlara Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda bilim almaga
degişli bolan obýektiw we amaly maslahatlary bermek maksady bilen taýýarlanan. Bu
kitapçalarywww.educationusa.state.gov internet sahypasyndan ýükläp bolar. Çap edilen görnüşini bolsa dünýa
boýunça bar bolan ―ABŞ-da ýokary bilim‖ atly maslahat merkezlerinden alyp bolar. Özüňize ýakyn bolan merkezi
tapmak üçin, ABŞ-nyň ilçihanasyna ýa-da kosullugyna ýüz tutup bilersiňiz ýa-da ―ABŞ-da ýokary bilim‖ atly internet
sahypasynda sanawy bilen tanyşyp bilersiňiz.
Dört kitapça indiki mowzuklara bagyşlanan:

Birinji derejeli ýokary bilim
―Bakalawr‖ derejesini we doly bolmadyk ýokary bilim hakynda diplomy gazanmak, we resminamalary tabşyrmak,
şeýle hem ABŞ-da tehniki we hünärmen bilimini almagyň maksatnamalaryny saýlamagyň ýollary

Ikinji derejeli ýokary bilim, hünärmen taýýarlygy we ylmy işler
Magistr we doktorlyk derejeleri üçin maglumat tapmagyň we resminamalary tabşyrmagyň ýollary, şeýle hem
kandidatlyk dissertasiýany gorandan soň ylmy işleri ýerine ýetirmek, sertifikasiýa tertibi we ýokary bilimi ýa-da iş
tejribäni ABŞ-da artdyrmak isleýän hünärmenleri lisenzirleme maglumatlary berilen.

Gysga möhletleýin okuw, iňlis dilini öwrenmäge niýetlenen maksatnamalar, distansion okuw we
akkreditasiýa
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda bir ýyllyk okuw mümkinçilikleri barada maglumat, şeýle hem bilim dereje, diplom
ýa-da ABŞ-nyň çäginden daşarda distansion okuwyna degişli kepilnama almagyň tertibi

Ýola düşmäge taýýarlyk: Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda ýaşaýyş we okuw barada amaly maglumat
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň uniwersitetine ýa-da kollejine kabul edilenden soň, ABŞ-a göçmegi
meýilleşdirmäge kömek. Bu kitapçada şeýle hem wiza almagyň, ABŞ-a göçmegiň, we şeýle hem uniwersitet
şäherçesine gelende bilmeli maglumatlaryň tertibi getirilen.
Mazmuny
Giriş
Näme üçin bilimi Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda almaly?
―ABŞ-da bilim‖ ulgamynyň maslahat merkezleri
Bölüm 1 ABŞ-da birinji derejeli bilim (doly bolmadyk bilim we bakalawriat diplomy)
Kollejler, uniwersitetler we institutlar: tapawudy
―Bakalawr‖ derejesi we doly bolmadyk bilim hakynda diplom
Umumy bilim dersleri
Hünär boýunça bilim
3
Ştatlryň uniwersitetleri
Hususy uniwersitetler
Munisipal kollejleri
Tehniki we professional kollejleri
Distansion okuwy
Amerikan kollejinde bilim derejesini alman okamak
Internet ulgamynda peýdaly sahypalar
Bölüm 2 ABŞ-da “bakalawr” derejesi
Okuw ýyly
Kredit ulgamy
Bilim derejesini almak üçin zerur bolan dersler
Bahalar
―Talybyň ýetişiginiň ortaça baly‖ näme (GPA)?
Internet ulgamynda peýdaly sahypalar
Bölüm 3 Munisipal kollejleri
Okuw maksatnamalary
Akademiki maksatnamalary
Iş kadrlaryny taýýarlamagyň maksatnamalary
Üznüksiz bilim we kwalifikasiýany ýokarlandyrmak ulgamy
Akkreditasiýa
Hyzmatdaşlyk ylalaşyklary
Mümkinçilikleri çäkli bolan talyplar
Giriş talaplary
Harajatlar, işe girmeklik we stipendiya almaklyk mümkinçilikleri
Iňlis dilini bilmekligiň çeýe talaplary
Ýaşaýyş jaý bilen üpjin etmek
Internet ulgamynda peýdaly sahypalar
Bölüm 4 Özüňiz üçin iň gowy bolan kolleji saýlamak
Size saýlaw etmäge ýardam etjek maglumat çeşmesi
4
―ABŞ-da bilim‖ ulgamynyň maslahat merkezleri
Internet ulgamynda kollejleriň sahypalary we olaryň elektron poçtalary
Internet ulgamynda gözleg
Sosial ulgamy
ABŞ-daky kollejleriň we uniwersitetleriň ýarmarkasy, we okuw jaýlary görmäge barmak
Uniwersitet şäherçelerini görmäge barmak
Bilim meselesi boýunça maslahatçylar we dalaşgärleri kabul edýän agentler
Okuw prosesi
Bilim derejeleriň akkreditasiýasy we tassyklanmasy
Hünär boýunça dersler
Okuw maksatnamasynyň gönükdirilmesi
Dalaşgärleriň saýlawy
Okuw maksatnamasynyň gurluşy
Başga okuw jaýynda gazanylan bahalaryň tassyknamasy
Talyp-mugallym gatnaşygy
Ýaşaýyş keşbi
Çykdajylar
Ýaşaýyş şertleri
Ýaşaýyş ýeri
Talyplaryň sany
Uniwersitet durmuşy
Jemgyýet durmuşy
Talyplar doganlyklary we zenanlar birleşigi
Halkara talyplar
Dine ynanma
Okuwdan daşary çäreler
Başga soraglar
―Plýuş‖ ligasyna girmeýän okuw jaýlary
Reýting
5
Talyplar üçin hyzmatlar
Tejribe ýa-da daşary ýurtlarda taýýarlanmagyň maksatnamalary
Mümkinçilikleri çäkli bolan talyplar
Internet ulgamynda bar bolan peýdaly sahypalar
Bölüm 5 Giriş talaplary
Orta bilim hakynda şahadatnama we gutaryş synaglaryň netijesi
Standartlaşdyrylan giriş synaglary
Akademiki ukyby anyklaýan synagy (SAT)
Amerikan kollejleri üçin testirleme ulgamynda ýokary okuw jaýyna giriş synaglary (ACT University-Entrance Exam)
Iňlis dilini bilme derejisi
Daşary ýurtly raýatlar üçin iňlis dili boýunça synag (TOEFL)
Iňlis dili boýunça halkara testirleme (International English Language Testing System, IELTS)
Internet ulgamynda peýdaly sahypalar
Bolüm 6 Siziň ýokary bilimiňiziň tölegi
Öňünden meýilleşdirme
Çykdajynyň hasaby
Okuw we ýygnamalaryň tölegi
Ýaşaýyşyň nyrhy
Siziň bilimiňiziň tölegi
Öz maddy ýagdaýyňyzy ölçäp kesgitlemek
Maddy kömeginiň öýjüklerini kesgitleme
Okuwyň tölegini peseltmegiň ýollary
Internet ulgamynda peýdaly sahypalar
Bölüm 7 Daşary ýurtly sportsmenler üçin bilim almaga maslahatlar we maglumatlar
Kollej derejesinde bar bolan esasy sport birleşikleri
Sportuň sport birleşikleri tarapyndan hemaýatkärlik edilýän görnüşleri
Dalaşgärler üçin akademiki talaplar we sport birleşigine kabul edilşik tertibi
Sport rezumesi we türgençiniň gözlegi
Sport stipendiýasy
6
Internet ulgamynda peýdaly sahypalar
Bölüm 8 Giriş üçin resminamalary dogry taýýarlamagyň ýollary
Giriş üçin maglumatlary almaga ýüz tutmaklyk
Giriş synaglary tabşyrmak üçin hasaba durmak
Giriş materiallaryny doldurmak we ugratmak
Arza blankasy
Başlangyç töleg
Alynan bilimi tassyklaýan resminamalar
Synaglaryň netijesini habar etmegiň tertibi
Okuw jaýyna girmegiň maksadyny beýan edýän düzme
Hödürnama
Maddy ýagdaý barada kepilnama
Resminama tabşyrmagyň we kabul etmegiň möhleti
Ýyl ortasynda kabul etme
Söhbetdeşlik
Arzanyň umumy blankasy
Kabul edişlik
Internet ulgamynda peýdaly sahypalar
Bölüm 9 Resminama tabşyrmagyň tertibi: möhlet we barlagyň sanawy
Bölüm 10 Amerikan uniwersitetine geçmegiň tertibi
Başga uniwersitetleriň sagat sanlaryny/kreditlerini tassyklama
Amerikan okuw jaýynyň birinden beýlekisine geçme
Başga ýurtlardan amerikan okuw jaýlaryna geçme
Başga okuw jaýyna geçmeklik hakynda arza tabşyrmagyň prosesi
Internet ulgamynda peýdaly sahypalar
Bölüm 11 Talyplar we alyş-çalyş maksatnamalaryň gatnaşyjylary (SEVIS) hakynda maglumat ulgamy we
talyplyk wizasy
Talyplar we alyş-çalyş maksatnamalaryň gatnaşyjylary (SEVIS) hakynda maglumat ulgamy
Wiza derejeleri
7
Öz döwletiňizde wiza taýýarlamagyň tertibi
Talyplyk wizasyny almaga arza tabşyrmak: etap boýunça ýolbaşçylyk
Wiza bermeklige boýun gaçyrma
Internet ulgamynda peýdaly sahypalar
Bölüm 12 Amerikada uniwersitet durmuşy
ABŞ-a gelip ýetme
Tanyşlyk söhbetdeşligi
Daşary ýurtly talyplaryň maslahatçysy
Okuw meseleleri bilen işleýän maslahatçy
Uniwersitet jaýy
Pul we bank hyzmatlary
Medisina ätiýaçlandyrylyşy
Klasdan daşary okuw
Internet ulgamynda peýdaly sahypalar
Goşmaça Sözlük
Edebiýat
Elipbiý boýunça ýerleşdirilen görkeziji
Giriş
Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndaky müňlerçe kollejler we uniwersitetler birinji derejeli ýokary bilim (ýokary bilim we
doly bolmadyk ýokary bilim hakynda diplom) almak üçin meýilnamalary hödürleýär. Şeýle giň saýlawyň bolmaklygy
her bir adamyň islegine laýyklykda okuw maksatnamasyny tapyp biljekdiginiň alamatydyr. Ýöne, olaryň arasyndan
özuňe gowysyny nädip tapmaly? Bu kitapçanyň maksady – size diňe bir dogry saýlap almaklyk-da zerur bolan
maglumatlary hödürlemek bilen çäklenmän, eýsem siziň giriş ǔçin resminamalary üstünlikli taýýarlamaklykda
özüňize bolan ynamyňyzy artdyrmaklyga hem niýetlenendir.
Näme üçin bilimi Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda almaly?
Dünýä boýunça 600000-e golaý talyp özleriniň ýokary bilimini Birleşen Ştatlarynda almagyny dowam etmekleriniň
birnaçe sebäplerini mysal getireliň.
Ýokary hili: Amerikan kollejleri özuniň bilim bazasynyň ýokary hili bilen, serişdeleri we professordir-mugallym
düzümi bilen dünyä meşhurdyr. Akkreditasiýa ulgamy şu bilim nusgasyny berjaý edilmegini üpjin edyär. 1-nji we 2nji bölümlerinde ABŞ-daky birinji derejeli ýokary bilim ulgamy düşündirilýär. 4-nji bölümde esasy üns siziň
amerikan kollejlerine girişde üns bermeli akkreditasiýanyň görnüşüne berilýär.
Giň saýlawy: ABŞ-nyň bilim ulgamy okuw jaýlarynyň görnüşleriniň saýlawynda, akademiki we sosial ýagdaýy, giriş
üçin talaplary, bilim derejelerini almagyň maksatnamalary hem-de hünär öwretmek pudagynda ozüne deňi ýokdur. 4nji we 5-nji bölümlerinde giriş üçin talaplar we laýyk gelýän kollejiň we uniwersitetiň saýlaw tertibi düşündirilýär.
Köpdürlüligi: Amerikan uniwersitetleriniň şäherçelerinde jemgyýetiň dürli gatyndan bolan dünýaniň ähli
8
künjeginden wekillere duş gelmek bolýar. Ýylda ABŞ-a 600 müňden köp daşary ýurtly talyplar gelýärler.
Ähmiýetliligi: ABŞ-da alnan bilim pul serişdeleriniň geljege gowy maýa goýumydyr. Okuw we ýaşaýyş üçin tölegiň
dürli görnüşleri hem-de kollejler tarapyndan takyk pul kömegi müňlerçe talyplara ABŞ-da bilim almaga mümkinçilik
berýär. 6-njy we 7-nji bölümlerinde siziň ABŞ-daky aljak bilimiňiziň nyrhynyň we töleginiň tertibi barada maglumat
getirilendir.
Çeýeligi: Amerikan kollejleriniň we unwersitetleriniň talyplarynyň köp sanly okuw kurslaryndan saýlamaga, şeýle
hem, bir okuw jaýyndan başga okuw jaýyna geçmäge mümkinçilikleri bar. Ilkinji iki ýyllyk okuwy tamamlap, soňra
başga okuw jaýyna, adatça munisipalitet kollejlerine geçmeklik adaty ýagdaýdyr. 3-nji we 10-njy bölümleri
munisipalitet kollejleriniň häsiýetnamasyndan we başga okuw jaýlaryna geçmekligiň düzgünleriniň düşündürilişinden
ybaratdyr.
Bu kitapça, şeýle hem, size kollejlere girmeklik üçin gerekli resminamalary üstünlikli taýýarlamaga (8-9 bölümler) we
wiza almak üçin resminamalary tabşyrmaga (11 bölüm) kömek eder.
―ABŞ-da bilim” (Education USA) ulgamynyň maslahat merkezleri
Maslahat merkezi okuw jaýyny saýlamak prosesinde örän peýdaly boldy. Merkeziň işgäri maňa her bir ädimde
ýardam etdi, üç sany amatly bolan okuw jaýyny saýlamakdan başlap daşary ýurtly raýatlar üçin iňlis dilinden synagy
(TOEFL) tabşyrmaga, pul kömegini almaga arza tabşyrmaga we medeniýet tapawutlylygy bilen bagly bolan
kynçylyklary ýeňip geçmäge çenli ýardam etdi - Dominikan Respublikasyndan syýasaty we halkara gatnaşyklaryny
okaýan talyp.
Özüňiz üçin amatly bolan okuw jaýyny saýlamak we giriş üçin resminamalary üstünlikli taýýarlamak we tabşyrmak
üçin, size tutanýerlilik we ähli zady gowy meýilleşdirmek zerur. Şeýle bolan halatynda hem, her bir döwletde diýen
ýaly ýörite maslahatçylar bar. Olar siziň zerurlyklaryňyza duşünýärler we size kömek edip bilerler. Siz Amerikanyň
Birleşen Ştatlarynda bilim almaga degişli bolan maglumaty we maslahatlary ―ABŞ-da bilim‖ ulgamynyň dünýä
boýunça bar bolan 450 maslahat merkezleriniň isläniňizden alyp bilersiňiz. Bu merkezler siziň dykkatyňyza maglumat
kitapçasyny,kollejleriň katalogyny şeýle hem giriş synaglary hakynda maglumaty hödürleýärler. Siz, size we siziň
dogan-garyndaşlaryňyza ABŞ-da kollej we uniwersitet saýlamaga we olara resminalary tabşyrmaga ýardam etjek
bilim meselesi boýunça ýörite taýýarlykly maslahatçylar bilen duşuşyp bilersiňiz. Käbir merkezlerde şeýle hem
uniwersitet ýarmarkalary we seminarlary ýaly ýörite çäreler geçirilýär. Wideo we toparlaýyn görkezme şekilinde
tanyşdyryjy maglumatlaryndan, internet ulgamyndaky bar bolar resurslaryndan we kitaphananyň özbaşdak
resurslaryndan peýdalanmak mugt amala aşyrylýar, emma goşmaça görkezilen hyzmat üçin käbir merkezlerde töleg
göz öňünde tutulan bolmagy ähtimal.
―ABŞ-da bilim‖ ulgamynyň ähli merkezleriň işi ABŞ-nyň Döwlet Departamenty tarapyndan, Amerikanyň Birleşen
Ştatlarynda bilim almak üçin bar bolan mümkinçilikler hakynda obýektiw maglumatlary hödürlemek maksady bilen
üpjin edilýär. Şeýle bolan halatynda hem, merkezleriň atlary we olara ýolbaşçylyk edýän guramalar dürli ýurtlarda
tapawutly bolýar. Özüňize ýakyn bolan merkezi tapmak üçin, ABŞ-nyň ýakyndaky ilçihanasyna ýa-da konsullugyna
ýüz tutup bilersiniz ýa-da (http://www.educationusa.state.gov) internet sahypasynda bar bolan ―ABŞ-da bilim‖
ulgamynyň sanawy bilen tanyşyp bilersiňiz.
Size, resminamary taýýarlamakda üstinlik arzuw edýäris!
9
Bölüm 1
ABŞ-da birinji derejeli ýokary bilim
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda bar bolan bilim ulgamy siziň döwletiňizdäkiden tapawutlanýan bolsa gerek. Bu
bölümde, siz amerikan uniwersitetinde ýa-da kollejinde bilim aljak bolsaňyz duçar boljak Amerikanyň Birleşen
Ştatlaryndaky bilim derejeleri bilen, dürli nusgadaky okuw jaýlary bilen, şeýle hem käbir esasy terminler we
düşünjeler bilen tanyşarsyňyz.
Kollejler, uniwersitetler we institutlar: tapawudy
ABŞ-da bilim derejelerini hödürleýän okuw jaýlary ýokarda agzalan atlaryň islendigini göterip biler, emma şeýle
bolanda hem, kollejler we institutlar uniwersitetlerden pes däldir. Adatça, kollejler göwrümi boýunça kiçi bolýarlar,
we olar bakalawr maksatnamasyny ýa-da doly bolmadyk ýokary bilim hakynda diplom hödürleýärler. Uniwersitetler
bolsa, şeýle hem ikinji derejeli ýokary bilimi hödürleýärler. ―Mekdep,‖ ―kollej,‖ we ―uniwersitet‖ ýaly terminler bu
berilen kitapçada biri-biriniň deregini tutýarlar. Institutyň tapawutly alamaty ol adatça ýakyndan baglanyşykly bolan
bilim pudaklary esasynda ýokary bilimi hödürleýärler. Şonuň üçin hem, has dogrusy, size tehnologik institutlarynyň,
moda institutlarynyň, sungat we bezeg institutlarynyň okuw maksatnamalary duş geler. Her bir kollejde ýa-da
uniwersitetde ―mekdepler‖ bar; mysal üçin, gumanitar we takyk ylymlar mekdebi ýa-da telekeçilik mekdebi. Her bir
mekdep kollejiň ýa-da uniwersitetiň çäginde öz pudagynda ýokary bilimi hödürleýär.
―Bakalawr” derejesi we doly bolmadyk ýokary bilim hakynda diplom
Köplenç, ―bakalawr‖bilim derejesini almak üçin, dört ýyl bilim almak zerur; doly bolmadyk ýokary bilim hakynda
diplomy almak üçin, iki ýyl zerur. Doly bolmadyk ýokary bilim maksatnamalary ahyrky bilim bolup biler, yagny, ol
belli bir hünär pudagynda işlegäme mümkinçilik ýa-da bakalawr derejesiniň iki ýylyna laýyk gelýän ―geçiş‖ bilimi
bolup biler. Ikinji halatda, talyplar bakalwrlary taýýarlaýan dört ýyllyk maksatnamanyň üçünji okuw ýylyna geçip
bilerler. Doly bolmadyk ýokary bilim maksatnamalary ―doly däl‖ (junior) ýa-da ―munisipalitet‖ (community colleges)
(aşaga serediň) ady bilen mälim bolan iki ýyllyk kollejlerde hödürlenýär. Kollejler we uniwersitetler ―bakalawr‖
derejesini almaga dört ýyllyk maksatnamalary hödürleýärler. Şolardan käbiri doly bolmadyk bilim hakynda diplom
almaga rugsat berýän okuw maksatnamalaryny hem geçirýärler.
Umumy bilim berýän dersler
ABŞ-da birinji derejeli ýokary bilim talyplara hemmetaraplaýyn akedemik bilimi, sözleýiş we ýazuw türgenleşigi
hödürlemek we logiki pikirlenmäni ösdürmek maksady bilen ―umumy bilim berýän dersler‖ esasynda gurnalan.
Umumy bilim berýän dersleriň okadylyşyna köp üns berýän umumy bilim kollejlerindäki ýa-da uniwersitetlerindäki
talyplar, ilki başda umumy bilim we gumanitar derslerini, daşary ýurt dillerini, sosial we tebigat ylymlaryny
öwrenýärler. Soňra bolsa olar özüne hünär öwderýän derslerini (esasy ugur derslerini (major)) saýlaýarlar we öz okuw
wagtynyň 25-50%-ni dersleriň özleşdirilmegine sarp edýärler. Hatda, umumy bilim maksatnamalarynda okamaýan,
10
onuň deregine hünär dersi hökmünde inženerlik işini öwremegi maksat edinýän talyplar, köplenç goşmaça gumanitar
dersleriniň 25%-ne gatnaşmaga borçly. Edil şeýle ýaly hem, taryh pudagy boýunça ýöriteleşmek isleýän talyplar
matematika we takyk ylymlary boýunça leksiya kursyny diňlemeli bolmaklary mümkin.
Hünär boýunça bilim
Hünär (belli bir hünär esasynda gönükdirilen) boýunça bilim ABŞ-da uniwersitet bilimi ulgamynyň bir bölümi bolup
durýar. Iri uniwersitetleriň sanyna köplenç gumanitar we tebigy ylymlar kolleji, we birnäçe hünärmen mekdepleri,
telekeçilik, oba-hojalyk, medisina, hukuk, žurnalistika, jemgyýet-döwlet syýasaty, tehnologiýa ýa-da halkara
gatnaşyklary pudaklarynda ýöriteleşdirilen mekdepler girýär. Hünär boýunça bilim hakynda has doly maglumaty şu
sanyň ―Ikinji derejeli ýokary bilim, hünärmen taýýarlygy we ylmy derňew‖ (Graduate and Professional Study and
Research) atly ikinji kitapçada getirilendir.
Ştatlaryň uniwersitetleri
Ştatlaryň uniwersitetleri ABŞ-nyň ştatlardaky hökümeti tarapyndan (mysal üçin Kaliforniýa, Miçigan ýa-da Tehas) şol
ştatyň ýaşaýjylaryna bilimi el-ýeterli etmek maksady bilen esaslandyrylýar we pul kömegi berilýär. Bu okuw
jaýlaryny hususy okuw jaýlaryndan tapawutlandyrmak üçin, olary ―munisipal‖ (döwlet) uniwersiteti (public
universities) diýip atlandyrýarlar. Olaryň käbiriniň adynda ―ştatyň uniwersiteti‖ ýa-da geografik sebiti, mysal üçin,
Gündogar Korolinanyň uniwersiteti (East Carolina University) ýa-da Günbatar Konnektikutyň uniwersiteti (Western
Connecticut State University) diýen ýaly sözler getirilýär. Ştatlaryň uniwersitetleriniň göwrümi köplenç ýeterlik
ýagdaýda uludyr. Olar 20 müň we ondan-da köprak talyplary okuwa kabul edýärler we hususy uniwersitetlerden
tapawutlylykda olarda ilatyň dürli gatyndan gelen talyplar okaýar. Ştatlaryň uniwersitetlerinde okuwyň bahasy hususy
okuw jaýynyň bahasyndan köplenç arzandyr. Şeýle hem, okuwyň tölegi, başga ştatlardan gelen ýaşaýjylar bilen
deňeşdireniňde, şol ştatyň ýaşaýjylaryna (şol ştatda ýaşaýan we salgyt töleýän) ep-esli pes. Daşary ýurtly talyplar
şeýle hem başga ştatlaryň ýaşaýjylary adatça şol ştatyň ýaşaýjylary diýip hasaplanmaýarlar we şoňa laýyklykda hem
okuw tölegiň arzanladylan görnüşinden peýdalanyp bilmeýärler. Onuň üstesine-de, daşary ýurtly talyplara giriş üçin
talaplar, ştatyň ýaşaýjylaryndan tapawutlylykda, ýokary bolup biler. Okuw jaýlaryň sanlyjasy daşary ýurtly talyplar
üçin okuwyň tölegini ştatyň ýaşaýjylaryna hödürleýän nyrhynda hödürleýär. Bul hem şäherler arasynda ýa-da
doganlaşan döwletler arasynda razylaşyk esasynda, ýa-da başga döwletlerdäki okuw jaýlar bilen ýörite ylalaşyk
netijesinde amala aşyrylýar. Şeýle razylaşyklaryň siziň döwletiňiz ýa-da okuw jaýyňyz bilen ABŞ-daky
hyzmatdaşlarynyň arasynda bardygyny ―ABŞ-da bilim‖ ulgamyndaky öz maslahatçyňyzdan sorap biliň.
Hususy uniwersitetler
Hususy uniwersitetler haýyr-yhlam, okuw tölegi, ylmy barlaglaryny alyp barmaga pul komegi, we okuwy gutaran
okuwçylardan gelýän serişdeler arkaly maliýeleşdirilýär. Köplenç, hususy uniwersitetlerde okuwyň tölegi ştatlaryň
uniwersitetlerine seredeniňde ýokary bolýar. Emma, ştatda ýaşaýan we daşdan gelen talyplaryň okuw töleginiň
möçberinde tapawutlylyk ýok. Hususy uniwersitetleriň arasynda belli bir dini goldaýan we meňzeş jynslar üçin
niýetlenen uniwersitetler bar. Umuman, hususy unniwersitetler okuwa 20 müňden azrak - hususy kollejler bolsa 2 müň
we ondan hem az möçberede talyplary kabul edýärler.
Munisipal Kollejler
Munisipal kollejleri doly bolmadyk ýokary bilim esasynda iki ýyllyk maksatnama boýunça taýýarlama alyp barýarlar.
Okuwy gutaran talyplar gumanitar we tebigy ylymlar (associate of arts (AA), associate of science (AAS)) ugurlary
boýunça doly bolmadyk ýokary bilim hakynda diplom alýarlar. Kollejler şeýle hem tehniki we hünärmen taýýarlama
ýaly ajaýyp maksatnamalary hödürleýärler. Olaryň adyndan görnüşi ýaly, munisipal kollejler ýerli okuw jaýlary
bolup, olar orta mekdepleri bilen, ýerli jemgyýet we iş bilen üpjin edýän adamlar bilen ýakyn aragatnaşyk saklaýarlar.
ABŞ-daky munisipal kollejleriniň ençeme talyplary öz maşgalalary bilen uniwersitet şäherçesine golaý ýaşaýarlar.
Munisipal kollejler hökümede degişli ýa-da hususy bolup bilerler; käwagt olar ―doly bolmadyk‖ (junior) ýa-da iki
ýyllyk kollejler diýlip atlandyrylýar. Dört ýyllyk kollejler bilen deňeşdireniňde iki ýyllyk okuw jaýlarda okuwyň
tölegi köplenç pes bolyar. Şeýle hem, ençeme munisipal kollejleri talyplara iki taraplaýyn tassyklama maksarnamalary
esasynda şol ştatda bar bolan uniwersitetde bakalawr derejesini almak üçin okuwyň üçinji ýylyna geçmäge rugsat
berýän razylaşyklary bar.
Tehniki we professional kollejleri
11
Beýle edaralar talyplary hünär işine ýa-da hünar ýolunda osüşe taýýarlamaga ýöriteleşdirilendir. Olar, diplom almagy
ýa-da talyplara teoretiki taýdan hünärmen bilimini berýän, şeýle hem, häzirki zaman tehnalogiýalaryny öwredýän
gysga wagtlaýyn okuw maksatnamalary boýunça okamagy hödürleýärler. Maksatnamalar iki ýyla ýa-da ondan-da az
möhlete niýetlenen. ABŞ-da tehniki we professional kollejleriň birnäçe müňi bar. ABŞ-da gyska wagtlaýyn taýýarlyk
mümkinçilikleri hakynda doly maglumat «Gysga wagtlaýyn taýýarlyk, dil öwredýän maksatnamalar, distansion bilimi
we akkreditasiýa» (Short-Term Study, English Language Programs, Distance Education, and Accreditation) atly
üçünji kitapçada ýerleşdirilendir.
Distansion bilimi
ABŞ-da distansion bilimi hünär taýýarlaýan gysga wagtlaýyn kurslardan başlap bilim derejesini almak üçin islendik
ugurdan taýýarlyk geçmegiň meşhur ýoly. Distansion bilim maksatnamalary esasynda talyplar okuw jaýynyň
territoriýasynda ýerleşýän dershanalarda sakaplara gatnaşmaýarlar; onuň deregine sapaklar internet, sputnik
telewideniýasy, wideokonferensiýa we beýleki maglumaty elektron usulunda geçirýän serişdeler arkaly «uzak
aralykda» geçirilýär.
Daşary ýurtly talyplar öz ýurdundan çykman okap we ABŞ-da bilim derejesini alyp bilýärler. Emma olara professorlar
bilen aragatnaşyk saklamak üçin we okuw jaýynda sapaklara gatnaşmak üçin ABŞ-a gysga wagtlaýyn gelmeklik zerur
bolmagy mümkin. Distansion bilimi esasynda bilim derejesini almak üçin talyplardan şahsy tertip-düzgün,
tutanýerlilik, we özbaşdak işlemeklik ukyby talap edilýär. Eger-de siz distansion ýoly bilen okamagy göz öňünde
tutýan bolsaňyz, maksatnamanyň hilini ykjam derňemek, okuw jaýynyň ABŞ-da akkreditasiýa edilmegi, şeýle hem, öz
döwletiňizde diplomyň tassyklanýandygyny, umuman bu görnüşli bilim siziň geljekki maksatlaryňyza gabat gelýänine
göz ýetirmek zerur. Distansion bilimi hakynda doly maglumat «Gysga wagtlaýyn taýýarlyk, dil öwrediş, distansion
bilimi we akkreditasiýa» (Short-Term Study, English Language Programs, Distance Education, and
Accreditation) atly üçünji kitapçada getirilen.
Amerikanyň kollejinde bilim derejesini alman okamak
Siz ABŞ-nyň kollejinde ýa-da uniwersitetinde dereje alman okamagy isleýärsiňizmi? Belki, siz diňe amerikan
uniwersitet şäherçesinde ýaşap, şol wagtyň özünde hem belli bir ugurda bilimiňizi artdyrmagy isleýänsiňiz? Bu usuluň
siziň bilimiňizi baýlaşdyrjagy şübhesiz, we amerikan kollejleri beýle talyplary güler ýüz bilen garşylaýarlar. Kollejlere
ýazyň, özüňiz barada gürrüň beriň we size ―ýörite talyplyk statusyny‖ ýa-da ―dereje almaýan talyp‖ statusyny almak
üçin talaplyk tabşyrmagyň düzgünleri barada maglumat goýbermeklerini haýyş ediň. ABŞ-da gysga wagtlaýyn
taýýarlyk almak barada doly maglumaty almak üçin, şu sanyň üçinji kitapçasyna we uniwersitetlerden maglumat
sormagyň tertibi barada doly maglumaty tapmak üçin şu kitapçanyň 8-nji bölümine serediň.
Internet ulgamynda bar bolan peýdaly sahypalar
Okuw maglumatynyň Amerikan ulgamy (U.S. Network for Education
Information): http://www.ed.gov/NLE/USNEI/toc.html
Distansion okuwy we taýýarlygy barada maslahat (Distance Education and Training Council): http://www.detc.org
Munisipal kollejleriniň Amerikan assosiasiýasy (American Association of Community Colleges,
AACC): http://www.aaccinternational.org
ABŞ-daky munisipal kollejleri: http://www.communitycollegeusa.com
Bölüm 2
ABŞ-da “bakalawr” derejesi
ABŞ-da bakalawr derejesiniň iň özüne çekiji aýratynlygy – onuň örän çeýeligi. Köplenç siz dersleriň giň toparyndan
saýlaýarsyňyz we özüňiziň ýeketäk taýýarlyk maksatnamaňyzy döredýärsiňiz. Dereje almak üçin belli bir mukdarda
12
―kredit‖ (sagat sanyny)1 ýygnamaly, we ol adatça dört ýyllyk doly progammany tamamlamagy talap edýär. Okuwyň
birinji ýyly «freshman year», ikinji ýyly - «sophomore», üçinji ýyly – «junior» we dördünji ýyly– «senior» diýip
atlandyrylýar. Siz, ABŞ-daky talyplara diplom almak üçin adatça dört ýyl zerur bolýanlygy hakynda maglumaty okap
bilersiňiz. Ol, talyplaryň öz hünär ugruny üýtgetmekligi we täze saýlan hünäri boýunça dereje almak üçin belli bir
mukdarda kredit-sapak sanyny ýygnamak zezurlygy sebäpli bolup biler. Ol şeýle hem semester (okuw ýylynyň
ýarysy) dowamynda akademiki, şahsy ýa-da pul meselesi zerarly doly maksatnama boýunça okamanlygy sebäpli
bolup biler. Emma, daşary ýurtly talyplar okuwyň gysgaldylan görnüşinde okap bilmeýärler we şol zerarly olar hemişe
doly maksatnama boýunça okamaly bolýarlar.
Okuw ýyly
Okuw ýylynyň gurluşy uniwersiteler arasynda tapawutlanyp biler, ýöne adatça okuw ýyly sentýabr aýynyň başyndan
maý aýynyň ahyryna çenli dowam edýär. Bir okuw ýyly iki tapgyra bölünip, hersi 16-18 hepde dowam edýär we ol
dowamlylyk «semester» diýip atlandyrylýar. Şeýle hem, uniwersitetlerde okuw ýyly üç (okuw ýylyň üçden bir bölegi)
we dört (okuw ýylyň dörtden bir bölegi) tapgyra bölünip 10-12 hepde dowam edip biler. Ondan başga hem,
uniwersitetler ýygy-ýygydan 6-8 hepde dowamly tomusky semestrlerini gurnaýarlar. Olar goşmaça sapaklar bolup,
talyplar olara eger-de bilim derejesini tizräk almak isleseler, adaty semester dowamyndaky okuw agramyny azaltmak
ýa-da belli bir sapagy gowulandyrmak isleseler gatnaşyp bilerler. Okuw ýyly dowamynda dynjalyş azyndan iki gezek
göz öňünde tutulýar: ýanwar-dekabr aýlarynda iki ýa-da dört hepdelik dynjalyş we bir hepdelik «ýazky dynjalyş»
Mart aýynyň başy bilen aprel aýynyň ortalary aralyngynda bolýar.
Kredit ulgamy
ABŞ-daky unwersitetleriň talyplary bilim derejelerini belli bir mukdarda ―kredit‖ (sagat sany) (käwagtlar bu terminiň
deregine ―semestr dowamynda gazanylan sagat sany‖ ―ýylyň dörtden bir böleginde gazanylan sagat sany‖
(semester/quarter hours) ulanylýar) ýygnandan we belli bir dersleri okandan soňra alýarlar. Her bir geçilen sapak üçin
talyplar belli bir mukdarda ―kredit‖ ýa-da ―sagat sanyny‖ gazanýarlar we her bir okuw jaýy diplom almak üçin gerek
bolan sagat sanynyň mukdaryny öz aýratyn talaplary esasynda kesgitleýärler. Siziň akademiki meseleler boýunça
maslahatçyňyz size okuw ýylyna sapaklaryň tertibini düzmäge ýardam berer.
Bilim derejesini almak üçin zerur bolan sapaklar
Bilim derejesini almagyň okuw maksatnamasyna degişli bolan aýratyn sapaklary aşakdaky görnüşlere bölünýärler:

Esasy sapaklar: olar bilim derejesini almagyň okuw maksatnamasynyň esasyny tutýar we olar ähli talyplar
üçin hökmany bolup durýar. Talyplar dürli dersleri öwrenýärler, mysal üçin, matematika, iňlis dili, gumanitar,
tebigy we jemgyýet ylymlary. Käbir kollejler esasy sapaklaryň köp sanlysyny öwrenmegi talap edýär,
başgalary bolsa- diňe birnäçesini.

Hünär boýunça sapaklar: hünär öwredýän sapak – bu talybyň öz ünsüni şol sapagy öwrenmage gönükdiriji
sapaklar. Talyplaryň aglabasy bir sany dersi saýlaýarlar, emma şeýle-de bolsa az bolmadyk sanly talyplar
birnäçe ders saýlaýarlar. Hünär boýunça sapaklar bilim derejesini almak üçin gerek bolan umumy okamaly
dersleriň dörtden bir bölegini ýa-da ýarymyny düzüp bilerler.

Hünäre degişli bolmadyk sapaklar: hünäre degişli bolmadyk dersler – talyplar üçin zerurlygy boýunça ikinji
orunda durýar. Hünäre degişli bolmadyk dersleriň sany adatça hünär boýunça okamaly sapaklaryň ýarysyna
deň gelýär.

Goşmaça sapaklar: olary islendik fakultetden alsaň bolýar. Olar talyplar üçin gyzykly bolan mowzuklary
öwrenmäge we okuw jaýyny gutarmaga gerek biolan sagat sanynyň umumy sanyny ýygnamaga kömek edýär.
Bahalar
Amerikan uniwersitetlerinde her bir geçilen dersler üçin üznüksiz baha berilýär we harply baha ulgamy ulanylýar.
Siziň sapak üçin ähli ýerine ýetirýän işleriňiz umumy bahaňyza täsir eder. Synaglar, düzme ýa-da ýazuw ýumuşlary,
13
labaratoriýa barlaglarynyň netijesi, labaratoriýada ýa-da studiýada geçirilen işler, sapaklara barmaklyk we olara işjeň
gatnaşmaklyk siziň umumy bahaňyzy hasaplamak üçin ulanyp bilner. Bu maglumaty öz wagtynda öwrenmegi,
ýumuşlary ýerine ýetirmegi we sapaklara doly gatnaşmagy talap edýär.
Aşakda ABŞ-nyň kollejlerinde ulanylýan harply bahalarynyň umumy göterimi we şkalasy mysal getirilen:
100 - 90% = A
89 - 80% = B
79 - 70% = C
69 - 65% = D
64 - 0% = F
14
« Talybyň ýetişiginiň ortaça bally» (GPA) diýmek name?
Her bir talyp bilim derejesini ýetişiginiň ortaça bally esasynda alýar. Ýetişigiň ortaça ballynyň jemi – bu
boýunça ýetişiginiň ortaça bally. Uniwersitetleriň aglabasy dört bally ulgamy ulanýarlar. Öz ortaça ýetiş
deň gelýän her bir dersi okap bolanyşyzdan son alýan san bahaňyzy alyň (adatça, 4 ball «A», 3 ball «B»
kreditine/sagadyna köpeldiň. Ahyrynda, bu sanlary goşuň we ähli dersler üçin kredit/sagat sanynyň umu
Harp belgisi
San belgisi
Kredit/sagat sany
А
4.0
3
B
3.0
3
C
2.0
3
Jemi
9
27-ni 9 bölsek 3.0 deň bolar (talybyň ýetişiginiň ortaça baly).
Köp sanly uniwersitetler şeýle hem «tapawutly diplom» (honors degree) hödürleýärler. Ony almak üçin
gazanmaly, diplomlyk işini (honors thesis) ýazmaly we (ýa-da) hünäri boýunça synag tabşyrmaly; anyk
bölümi kesgitleýär.
Gysgaça jemi

Adatça ABŞ-da ―bakalawr‖ derejesini almak üçin dürt ýyl gerek. Doly bolmadyk ýokary bilim ba

Okuw ýylynyň gurluşy kollejiň özi tarapyndan kesgitlenýär, emma adat boýunça ol iki semestrde
çenli dowam edýär

Bilim derejesini almak üçin talyp belli bir mukdarda kredit/sagat sanyny ýygnamaly. Her bir öwr

Her bir sapagy öwreneni üçin talyp harp bilen kesgitlenen bahany alýar. Ol baha talybyň işlerine
kesgitlenýär.

Talybyň ýetişiginiň ortaça baly her bir sapaga berilýän harp bahasyna deň gelýän san bahasy esas
almagyň maksatnamasynda okayan talybyň ýetişiginiň ortaça balyny hasaplamak üçin peýdalany
15
Internet ulgamynda bar bolan peýdaly sahypalar
―ABŞ-da bilim‖ ulgamy: http://www.educationusa.state.gov
America.gov - Education and Youth http://www.america.gov/amlife/education.html
Bölüm 3
Munisipal kollejler
Meniň munisipal kollejimde ähli zat elýeterli we ilatyň gür bolan ýerinde ýerleşýär. Kollejde uly bolmad
professorlar bar. Olaryň köpüsi uniwersitetde ýarym aýlyga okadýarlar. Kollejde başga okuw jaýlaryny
örän oňat maksatnama bar – kompýuter proýektirlemesini okaýan Şri-Lankaly talyp.
Käwagtlar «doly däl» ýa-da «tehniki» diýip atlandyrylýan ABŞ-nyň munisipal kollejleri iki ýyllyk uniw
bolmadyk ýokary bilim hakynda diplom berýän 1200 den gowrak iki ýyllyk okuw jaýlary bar. Munisipa
şäherlerde we şäher töwereginde köp sanly talyp şäherçeleri bar. Başgalary kiçiräk bolup olar oba ýerler
köpüsi hökümet edarasyna degişli bolanlygy sebäpli olar ştat ýa-da ýerli hökümet tarapyndan maliýeleş
adamlar tarapyndan maliýeleşdirilip hökümetden azyrak ýa-da hiç-hili pul kömegini almaýarlar. Ýerli te
esasynda köp sanly munisipal kollejleri bioinžener, biotehnalogiýa, energiýa çeşmeleriniň gaýtalanyp ul
lazer optikasy we geografiki maglumatlar ulgamy ýaly pudaklarda häzirki zaman tehnalogiýalaryny ulan
munisipal kollejlerinde daşary ýurtly talyplaryň sany okuw maksatnamalary, elýeter bahasy, uniwersitet
iňlis dilini öwrenmeklik mümkinçilikleri esasynda köpeldi.
Okuw maksatnamalary
Akademiki maksatnamalar
Okuw maksatnamanyň birinji iki ýyly (birinji derejeli ýokary bilimiň 1 we 2 ýyly) gumanitar (Associate
(Associate of Science, AS) pudagy boýunça doly bolmadyk ýokary bilim barada diplom almaga mümki
munisipal kollejlerinde gazanan sapak sagatlaryny/kreditlerini dört ýyllyk bakalawr derejesinde okamak
talyplaryň arasynda gumanitar ugrundan doly bolmadyk bilim barada diplom almak üçin iň meşhur bola
binagärçilik, dolandyryjylyk, aragatnaşyk, kiçi ýaşly çagalary terbiýelemeklik, ykdysadyýet, syýasat yly
ylymlar ugrundan doly bolmadyk bilim barada diplom almak üçin iň meşhur bolan okuw maksatnamaar
kompýuter ylymlary, inženerlik işi, ekologiýa, tokaýçylyk işi, geologiýa, matematika, köpçülikleýin info
barada ylym.
Iş kadryny taýýarlamagyň maksatnamalary
16
Munisipal kollejleri tehniki-professional ussatçylyk maksatnamalaryny hödürleýärler. Kabir maksatnam
hasaplamak bolar we olar talyplary okuw jaýyny gutaran dessine işe girmeklige taýýarlamaga gönükdiri
soň, talyplaryň amaly ähmiýetli ylymlar (Associate in Applied Science, AAS) ugrundan doly bolmadyk
tamamlany barada kepilnama almaga hukugy bar.
Işgär taýýarlamagyň maksatnamalary indiki pudaklarda hödürlenýär: kompleksleýin saglygy goraýyş (m
we gyssagly medisina kömegi ugrundan kiçi hünärmenleri taýýarlaýan maksatnamalar), binagärçilik tas
tehnalogiýalary, aşpezlik sungaty, san ulgamlarynyň şekillendirmesi, elektronika, grafiki bezeg, kino we
syýahat. Daşary ýurtly talyplar üçin bu maksatnamalardan özüne gabat gelýänini saýlamak öz döwletler
we sertifikasiýa bagly.
Üznüksiz bilim we kwalifikasiýany ýokarlandyrma ulgamy
Munisipal kollejleri 1 aýdan 1 ýyla çenli dowamlylykda bolan kwalifikasiýany ýokarlandyrýan sapaklar
ýaly sapaklaryň okadylyş dowamynda talyplar dürli ugurlarda ussatçylyk edinýärler: kompýuter program
we daşary ýurt dillerini öwrenmäge çenli. Sapaklar şeýle hem belli bir maksada ýetmäge ýardam berýär
işlemek üçin lisenziýa almak, ABŞ-nyň ýaşaýjysy bolmak ýa-da sungat ugrunda işleşmek.
Munisipal kollejleri şeýle hem iňlis dilini we (ýa-da) matematikany gowulandyrmaga zerur bolan, şeýle
okamak türgenleşigini hödürleýän başlangyç bilimi we türgenleşigi almagyň maksatnamalaryny hödürle
aglabasy immigrantlar we daşary ýurtly talyplar üçin iňlis dilini daşary ýurt dili hökmünde öwrenmegiň
Akkreditasiýa
Munisipal kollejleri dört ýyllyk kollejlere we uniwersitetlere baha berýän şol bir sebitleýin akredasiýon
maksatnamalaryň çäginde belli bir ölçegi we nusgany berjaý etmek üçin akkreditasiýa alýarlar. Munisip
uniwersitetiňkiden erbet däl; iki görnüşli okuw jaýy hem parallel bolan sapaklaryň öwrenilişini hödürleý
uniwersitetler köplenç gazanylan kredit/sagat sanyny ―bakalawr‖ derejesini almak üçin ulanmaga rugsat
Hyzmatdaşlyk ylalaşygy
Munisipal kollejleri we dört ýyllyk okuw jaýlary sagat sanyny/krediti we bilim derejelerini tassykmagy
hyzmatdaşlyk ylalaşygyny baglanyşýarlar. Bu proses ―2+2‖ diýip atlandyrylýar. Iki ýyl munisipal kollej
―bakalawr‖ derejesini berýär. Şu ulgamy ulanyp, talyplar, munisipal kollejinde öwrenen sapaklaryny un
ylalaşyklaryny göz öňünde tutup, yhlas bilen öz okuw maksatnamasyny işläp taýýarlamaly.
Mümkinçilikleri çäkli bolan talyplar
Munisipal kollejleri mümkinçilikleri çäkli bolan talyplara ýardam berýärler we sany boýunça köp bolma
merkezleri we halypaçylyk maksatnamalary esasynda olar üçin ýeke-täk bolan okuw ýagdaýyny döredý
görüş we eşidiş kemçilikli, ýa-da okuw okanda kynçylyk çekýän talyplar üçin, ýörite enjamlar ygtyýary
surdaterjimeçilriň we stenografistleriň ýardamyny ýola goýmak, amatly dershanalary, kör adamlara niýe
bermek we synaglary tabşyrmagyň möhletini uzaltmak mümkin.
17
Giriş talaplary
Munisipal kollejleriň maksady –talaplara laýyk gelýän ähli dalaşgärlere okuw jaýynda okamaga mümki
sebäbi dalaşgär okuwa kabul edilmekden ozal sagat sanyny/kredit ýygnaman öňünden taýýarlyk geçmek
Adatça, munisipal kollejine resminama tabşyrylýan wagtyň dowamynda dalaşgärlere hökmany suratda a
tabşyrmak zerur:

Arza blankasyş

Orta bilim hakynda şahadatnama ýa-da şoňa deň gelýän resminama

Maliýe üpjünçiliginiň subutnamasy (kepillendirilen hat we (ýa-da) ýörite bankyň resminamalary)

Okuw jaýynyň talaplaryny berjäý edýän iňlis dilini bilişi hakynda kepilnama (munisipal kollejler
iňlis dili daşary ýurtlylar üçin (TOEFL) synagyň we (ýa-da) iňlis dili boýunça halkara testirleme
System, IELTS)) esasynda resminamalary has pes ballar bilen kabul edip bilerler.
Giriş üçin akademiki ukyplylygyny anyklaýan synagy (SAT) tabşyrmak zerur dälligine seretmezden, şo
da okamaga gyzyklanandygyny görkezýär.
Çykdajy, işe girmeklik we stipendiýa almaklyk mümkinçilikleri
ABŞ-daky munisipal kollejleriniň tölegi dört ýyllyk kollejler we uniwersitetler bilen deňeşdireniňde tak
başlap, talyplar ―bakalawr‖ derejesini almagyň umumy tölegini ep-esli peseldip bilerler.
Daşary ýurtly talyplaryň F-1 ýa-da J-1 derejeli wiza alanyna garamazdan, okuw ýyly dowamynda uniwe
rugsat berilmeýär. Olar uniwersitet şäherçesiniň çäginde doly bolmadyk iş sagadyny (hepdede 20 sagata
edilenden soň ýa-da birinji okuw ýylyndan soň talyplar şeýle hem hususy stependiýalary alyp bilerler. S
we üstünligine bagly. ABŞ-nyň käbir munisipal kollejleri okuwyň we işiň utgaşdyrylan maksatnamalary
teklip edýärler. Olar okuwy tölegli, öndürijilikli, we talybyň hünäri boýunça hakyky iş tejribesi bilen bir
ýolbaşçylyk ukybyny, şeýle hem taslamalary dolandyrmaklyk we toparda işlemeklik ýaly ukyplary ösdü
talyplar zähmet hakyny alýanlygy üçin bu maksatnamalar maddy kömegiň serişdesi bolup durýarlar.
Sportsmenler üçin stipendiýalar hem maddy kömegiň bir görnüşi bolup durýar. Bu stipendiýany indiki s
bilerler: beýsbol, basketbol, beýikli-peslilik boýunça ylgama, golf, ýeňil atletika, futbol we tennis. Gyz m
boýunça ylgama, softbolyň çalt berilýän görnüşi, ýeňil atletika, futbol, tennis we waleýbol bilen meşgul
Iňlis dilini bilmekligiň çeýe talaplary
Munisipal kollejleriň aglabasy iňlis dili daşary ýurtlular üçin (TOEFL) synagyň we (ýa-da) iňlis dili boý
netijesini talap etmeýärler sebäbi olar okuw jaýyna kabul edilmezden ozal öz synaglaryny geçirýärler w
dessine okuwa başlap bilerler. Goşmaça taýýarlyk gerek bolan talyplar iňlis diliniň tizleşdirilen (Intensiv
daşary ýurt dili (English as a Second Language, ESL) maksatnamasyny özleşdirmeli bolarlar.
18
Ýaşaýyş jaýy bilen üpjün etmek
250-den gowrak munisipal kollejleri öz territoriýasynda umumy ýaşaýyş jaýy bilen üpjün edýär. Umum
ýurtly talyplara kabul edýän maşgalalary, kärendesine almaga otag ýa-da jaý tapmaga kömek edip bilerl
ýaşamaklyk adatça talyplara uly özbaşdaklyk gazanmaga we ABŞ-da ýaşaýyş bilen ýakyndan tanyşmag
Gysgaça beýany

Käwagtlar ―doly däl‖ ýa-da ―tehniki‖ diýlip atlandyrylýan ABŞ-nyň munisipal kollejleri uniwers
edýär.

Okuw maksatnamalaryndan başga-da, munisipal kollejleri işçi taýýarlamagy, arakesmesiz bilim b
amala aşyryp bilýärler.

Munisipal kollejleri ykdysady taýdan amatly bolup olar okuw üçin oňaýly şertleri döredýärler we
ulgamlaryna eýedir.
Internet ulgamynda bar bolan peýdaly sahypalar
Daşary ýurtly talyplar üçin munisipal kollejleriň Amerikan Assosiasiýasynyň sahypasy (American Asso
AACC):www.aaccinternational.org
ABŞ-daky munisipal kollejleri: http://www.communitycollegeusa.com
«Doly bolmadyk» kollejleriň milli sport assosiasiýasy (National Junior College Athletic Association, NJ
Bölüm 4
Özüňüz üçin iň gowy bolan kolleji saýlamak
―Suratlary gözden geçiriň, wideorolikleri ýükläň we okuw jaýy bilen tanyşjak boluň. Özüňizi uniwersitet
size bu surat ýaramasa, onda başga bir okuw jaýyny tapjak boluň!‖ – dolandyryş ugrunda okaýan Braz
Müňlerçe mil aralygynda uniwersitet saýlamak belli bir kynçykyklary döredýär – esasan hem ABŞ-da ö
sebäpli. Eger-de ähli işi öňünden meýilleşdirseňiz we ykjam taýýarlyk görseňiz, Siz öz zerurlyklaryňyzy
sanawyny düzersiňiz. Her bir talyp özboluşly bolýar, şonuň üçin okuw jaýyny saýlanda ähli ýagdaýlary
bölümde 10-20 kollejleriň sanawyny düzende şol ýagdaýlaryň (akademiki, ýaşaýyş nusgasy we başgalar
serederis. Onda şeýle hem mundan buýanky kömegi we maglumaty nireden almalydygy barada maslaha
ABŞ-da okuwy başlajak wagtyňyzdan 12-18 aý öňünden taýýarlyk görmek zerur.
Size saýlaw etmäge ýardam etjek maglumatlar çeşmesi
19
“ABŞ-da bilim” ulgamynyň maslahatlar merkezleri
Dünýäniň ähli döwletlerinde diýen ýaly “ABŞ-da bilim” ulgamynyň maslahat merkezleri bar we
Siz öz taýýarlygyňyzy şolardan başlamaly. Adatça olarda size ABŞ-da okamak üçin talaplyk
tabşyrmaga kömek edip biljek maglumat kitapçasy, tanyşdyryjy maglumatlar we prospektler
bar bolan kitaphana bar. Merkezleriň aglabasy size iň gowy kolleji saýlamaga kömek etjek
Internet ulgamyna girmäge mümkinçilik berýär we okuw jaýlaryň gözlegini etmek üçin
kompýuter maglumatlary hödürleýärler. Olaryň köpüsi şeýle hem görkezme esbaplary,
wideorolikleri we siziň döwletiňizdäki dalaşgärlere niýetlenen internet sahypalary
taýýarladylar. Olarda siziň soragaryňyza ýüzbe-ýüz, telefon ýa-da elektron poçtasy arkaly jogap
berip biljek tejribeli işgärleri bar.
Internet ulgamynda kollejleriň sahypalary we elektron poçtasy
Takmynan, ABŞ-daky her bir uniwersitetiň ýa-da kollejiň Internet ulgamynda bilim derejelerini
alýan maksatnamalar, giriş üçin resminamalary tabşyrmagyň tertibi, okuw ugurlary, okuwmaglumat esasy we ş.m. hakynda maglumaty hödürleýän sahypasy bar. Köp pursatlarda, Siz
şeýle hem kollej hakynda maglumat kitapçasynyň nusgasyny we şu wagtyň özünde
uniwersitetde okaýan we siziň soraglaryňyza jogap berjmage hemişe şat boljak talyplaryň (şeýle
hem daşary ýurtly talyplaryň) elektron poçtasynyň adreslerini tapyp bilersiňiz. Eger-de beýle
maglumat internet sahypasynda ýok bolsa, onda hökmany suratda dalaşgärleri kabul edýän
bölümine ýüz tutuň. Ozüňizi gyzyklandyrýan uniwersitetleriň we kollejriň sanyny çäklendiriň we
resminama tabşyrmagyň öň ýanynda elektron poçtasy arkaly mugallymlara we dalaşgärleri
kabul edýän bölümine anyk soraglar bilen ýüz tutuň.
Internet ulgamynda gözleg
Internet ulgamyndaky käbir sahypalar kollejlere we uniwersitetlere degişli bolman, olar sizi
gyzyklandyrýan dersler, geografiki alamatlar ýa-da siziň başga kesgitlän ölçegleriňiz esasynda
gözleg etmäge mümkinçilik berýär. Şeýle gözlegi Internetde başlamazdan ozal, size nahili
tejribäniň gerekdigini kesgitlemek zerur: siz uly şäherdemi, oba ýerindemi ýa-da şäher
töwereginde ýaşamagy isleýärsiňizmi? Siz onlarça muň talyply okuw jaýyndamy ýa-da talyp
sany az bolan kollej ýa-da uniwersitetde okamagy isleýärsiňizmi? Siz uniwersitet
şäherçesindemi ýa-da onuň çäginden daşarda ýaşamagy isleýärsiňiz? Bu we mundan başga-da
soraglara jogap berip, Siz gözlegiň ölçeglerini kesgitläp we Siziň talaplaryňyza has laýyk gelýän
okuw jaýlarynyň sanawuny düzüp bilersiňiz.
Sosial ulgamy
20
Talyplar her dürli tehnologiýalaryň üsti bilen ABŞ-daky okuw jaýlary barada maglumat alyp
bilerler. Internet ulgamyndaky wideorolikler we radio maksatnamalar, sosial ulgamy we ABŞdaky kollejler we uniwersitetleriň durmuşy barada internet-gündelikleri hakyky wakalary we
talyplaryň tejribelerini özünde jemleýär. “ABŞ-da bilim” ulgamynyň maslahat merkerzleri şeýle
çeşmeleri tapmaga ýardam edip biler. “EducationUSATV” – “Youtube” sahypasyndaky
ýaýlymda siz “ABŞ-da bilim” ulgamynyň maslahat merkerzleriniň dalaşgärlere kollejiň
gözleginde, standartlaşdyrylan synaglary tabşyrmakda, talaplyk doldurmakda, düzme
ýazmakda, stipendiýa we pul kömegini almakda, talyp wizasyny almak üçin resminama
tabşyrmakda we gitmekden ozal maslahat bermekde kömek etmek maksady bilen taýýarlanan
wideorolikleri görüp bilersiňiz. Käbir kollejleriň we uniwersitetleriň wideorolikleri belli bir okuw
jaýyň beýlekilere garanda näme artykmaçlyklarynyň bardygyny düşünmäge ýol berýär. Sosial
ulgamyndaky toparlar kabul edýän toparyň agzalary ýa-da talyplar bilen aragatnaşyk saklamaga
ýol berýär. Radio maksatnamalary dalaşgärlere resminama tabşyrmagyň tertibine degişli bolan
peýdaly maslahatlary hödürleýärler ýa-da okuw otagyndaky leksiýany diňlemäge mümkinçilik
berýär. Internet – gündelikleri dalaşgärleri dürli kollejleriň we uniwersitetleriň gündeki
durmuşy bilen tanyşdyrýarlar. Size, özüňize iň gowy okuw jaýyň gözleginde, bu serişdelerden
peýdalanmagyňyzy maslahat berýäris.
ABŞ-daky kollejleriň we uniwersitetleriň ýarmarkasy we okuw jaýlary görmäge barmak
Eger-de siz Amerikanyň Birleşen Ştatlaryny görmäge baryp bilmeseňiz, kollejleriň özi size
myhmançylyga gelip bilerler. “ABŞ-da bilim” ulgamynyň ýakyn bolan maslahat merkezinde
dalaşgärleri kabul ediş iş topary bilen gös-göni söhbetdeşlik etmäge rugsat berýär
planlaşdyrylan ýarmarkalar ýa-da başga çäreler barada size gürrüň bererler. Köplenç, beýle
çäreler ýazda ýa-da güýzde, ýagny okuwyň başlamagyna bir ýyl galanda geçirilýärler. Şonuň
üçin hem gözlegi öňünden başlamaly. Şeýle ýarmarkalara gatnaşýan kabul ediş iş toparynyň
hünärmenleri höwes bilen siz bilen söhbetdeşlik geçerler we siziň näme üçin olaryň kolleji ýada uniwersiteti barada gyzyklanyandygyňyzy we şeýle hem, sizi nähili dersleriň
höweslendirýändigi barada sorarlar. Okuw jaýlary barada maglumat ýygnamaklyk üçin olaryň
haýsylarynyň ýarmarka gatnaşýandygyny öňünden sorap bilmeklik zerur. Ýylyň dowamynda
daşary ýurtlary görmäge baranda ýokary okuw jaýlarynyň kabul ediş iş toparynyň agzalary şeýle
hem “ABŞ-da bilim” ulgamynyň maslahat merkezlerinde prezentasiýa geçirýärler. Olar
dalaşgärlere okuw jaýyna giriş prosesini we onda okamaganyň aýratynlyklaryny düşündirýärler.
Maslahat merkerzleriniň internet sahypasynda dünýaniň dürli künjegindäki ýarmarkaryň
sanawyny tapmak bolar.
Uniwersitet şäherçelerini görmäge barmak
21
“Talyp alyşma maksatnamasy dowamynda, syýahat ýa-da sport ýaryşyna gatnaşanyňyzda öz
girmegi meýilleşdirýän okuw jaýyňyzy görmage barmak örän ähmiýetli” – dramaturgiýa
ugrunda okaýan Finlýandiýaly talyp.
Eger-de sizde, kolleje girmezden ozal, ABŞ-ny görmäge barmak mümkinçiligiňiz bar bolsa onda
ol sizi gyzyklandyrýan okuw jaýlaryny görmek üçin ajaýyp mümkinçilik bolar. Okuw jaýlarynyň
ençemesi kollejlere düşündirişli görkezişleri gurnaýarlar. Bu düşündirişli görkezişler talyplar
tarapyndan alnyp barylýar. Has takyk maglumat üçin kabul ediş iş toparyna ýüz tutuň.
uniwersitet şäherçesi barada has gowy düşünje alar ýaly okuw desgalaryny we umumy ýaşaýyş
jaýlaryny, talyplar birleşigini we kitaphanany baryp görüň. Talyplar bilen söhbetdeşlik geçiň we
kollejdäki durmuşyň hakykatdan nähilidigini biliň. Hususy guramalaryň birnäçesi dalaşgärlere
şol okuw jaýlarynyň olara laýyk gelýän ýa-da gelmeýändigini özleri görer ýaly Amerikan
kollejlerine düşündirişli görkezişleri hödürleýärler. Şunuň ýaly guramalar barada kän bilmek
üçin “ABŞ-da bilim” ulgamynyň maslahat merkezlerine ýüz tutuň.
Bilim meselesi boýunça maslahatçylar we dalaşgärleri kabul edýän agentler
Dünýäniň dürli künjeginde hususy agentler ýa-da agentlikler daşary ýurtly talyplary ABŞ-daky
kollejlere çekmäge synanyşýarlar. Şonuň bilen birlikde hem, belli bir töleg üçin, talyplara ABŞdaky okuw jaýlaryny saýlamaga we olara giriş üçin resminamalary taýýarlamaga kömek
hödürleýän bilim meselesi boýunça hususy maslahatçylar bar. Adatça şunuň ýaly maslahatçylar
we hususy agentler – ABŞ-da okuw jaýyny tamamlanlar ýa-da Amerikan bilim ulgamynyň
artykmaçlyklaryny öňe sürmäge özüni bagyş eden adamlar bolup durýar. Emma, käwagt olar
ýalançy adamlar bolmagy mümkin, şonuň üçin hem olaryň hyzmatyndan peýdalanmazdan ozal,
olaryň şahsy dokumentlerini barlamak zerur. Käwagtlar agentler we maslahatçylar özüniň
ýerine ýetirip bilmejek işlerine (mysal üçin, belli bir okuw jaýyna ýerleşdirmek) söz berýärler.
Egere-de siz kollej gözlegi boýunça agentiň hyzmatyndan peýdalanmak nitejesine gelseňiz,
prossese işşeňňir gatnaşyň we ol adamdan ýa-da edaradan nähili netijä garaşmagyň
bolýandygyny hökmany suratda düşüniň. Eger-de size kömek etjek agenti ýa-da maslahatçyny
tapan bolsaňyz we ol gowy habarly we ynamdar hünärmen bolsa, ol ABŞ-da kollej saýlamaga
we onda okamak üçin resminamalary tabşyrmaga örän ähmiýetli bolup biler. Ýöne seresaply
boluň we agentiň ýa-da maslahatçynyň siziň döwletiňizdäki talyplara kömek edýändiginiň
tassyklamasyny tapyň. Hödürnama berip biljek adamlaryň, esasan hem häzirki talyplaryň,
familiýalarynyň we öý salgylarynyň sanawyny soraň. Olaryň käbirlerine ýazyň we jaň ediň we
olaryň okaýan kolleji barada, şeýle hem maslahatçynyň ýa-da agentiň hödürlän hyzmaty barada
edýän pikirini sorap biliň. Eger-de agentiň ýa-da maslahatçynyň hyzmaty arzan bolmasa beýle
seresaplylyk esasan hem möhüm. Size maslahat berilýän kollejiň ýuridik statusyny we
akkreditasyýasyny barlamak üçin hökmany suratda özbaşdak çeşmelere (mysal üçin, “ABŞ-da
bilim” ulgamynyň maslahat merkezlerine) ýüz tutuň.
22
Okuw prosesi
Bilim derejeleriniň akkreditasyýasy we tassyklanmasy
ABŞ-daky islendik kollejiň ýa-da uniwersitetiň hiliniň möhüm şaýady onuň akkreditasyýasy
bolup durýar. Kän döwletlerden tapawutlylykda, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda okuw
jaýlaryny akkreditasyýa etjek merkezi döwlet edarasy ýok. Onuň deregine, döwlet edalaranyna
degişli bolmadyk, okuw nusgalarynyň berjaý edilmegini talap edýän, meýletin akkreditasyýa
ulgamy bar. ABŞ-daky okuw jaýlarynyň ählisinde diýen ýaly akkreditasyýanyň tassyklanan
görnüşleriniň bar bolmagyna garamazdan, akkreditasyýa ulgamy örän çylşyrymly.
Akkreditasyýanyň dürli görnüşleri bar bolup şeýle hem akkreditasyýa edýän edaralaryň sany
ýeterlikli kän. Şeýlem kanun bilim derejelerini teklip edýän ýokary okuw jaýlaryndan
akkreditasyýasynyň bar bolmagyny talap etmeýär. Şonuň üçin hem size siziň resminama
tabşyrýan okuw jaýlaryňyzda alynan bilim derejesiniň sziň döwletiňiz, şeýle hem islendik
hünärmen birleşikleri, ministrlikleri we iş hödürleýjiler tarapyndan tassyklanyandygyny ykjam
barlamak zerur. Size şeýle hem okuwy tamamlap, öýüne dolanyp gelen talyplardan şol okuw
jaýlarynyň bilim derejesini özüniň saýlan hünäri boýunça işlemek üçin peýdalanandyklaryny
sorap bilmeklik zerur. Eger-de siz ABŞ-nyň birinji derejeli okuw jaýlarynyň birinden beýlekisine
geçmeklik mümkinçiligine seredýän bolsaňyz ýa-da eger siz ABŞ-da doly ýokary bilim almak
isleseňiz, size amerikan okuw jaýlarynyň siziň göz öňünde tutýan kollejleriňiziň sagat
sanlaryny/kreditlerini we bilim derejelerini tassyklaýandygyny barlamak zerur. “ABŞ-da bilim”
ulgamynyň maslahat merkezleri size amerikan bilim derejeleriniň siziň döwletiňiz tarapynan
tassyklanýandygyna degişli maslahatlary we ABŞ-daky belli bir ýokary okuw jaýynyň
akkreditasyýasynyň laýyklygy barada maglumaty hödürläp bilerler. Akkreditasyýa barada doly
maglumaty “Gysga wagtlaýyn taýýarlyk, dil taýýarlygy, distansion okuwy we akkreditasyýa”
(Short-Term Study, English Language Programs, Distance Education, and
Accreditation) atly üçünji kitapçada tapyp bolar.
Hünär boýunça dersler
Siziň hünäriňiz boýunça dersleriňiz – bu siziň ýöriteleşmegi meýilleşdirýän ugryňyzyň
taýýarlygy. Ýokary okuw jaýyna girýän wagtyňyz ýöriteleşjek ugruňyzy saýlamak hökman däl.
Şeýle-de bolsa, eger siz belli bir ugurda bilim derejesini almakçy bolsaňyz, size haýsy okuw
jaylarynyň şol ugurlary hödürleýändigini anyklamak zerur. Käbir ugurlar/dersler okuw jaýlaryň
aglabasynda okadylýar. Siz haýsy ugurda ýöriteleşjekdigiňizi anyklamak artykmaçlyk etmez.
Emma şeýle-de bolsa siz okuw jaýlaryň uzyn sanawyndan saýlamaly bolarsyňyz. Sizi
gyzyklandyrýan anyk ugruň barlygynda (mysal üçin, 20-nji asyryň taryhy, daş töweregiň
23
geografiýasy ýa-da suratçylyk şekillendiriş sungaty ugrunda dereje almak üçin), şeýle ugry/dersi
hödürleýän okuw jaýlarynyň anyklamagy size okuw jaýlarynyň has gysga sanawyny düzmäge
ýardam eder. Maglumat kitapçalarynyň aglabasynda has giň ýaýran ýöriteleşdirýän ugurlary
boýunça ABŞ-nyň ýokary okuw jaýlarynyň sanawy bar. Internet ulgamynda okuw jaýlarynyň
gözlegi üçin maglumatlar ýa-da «ABŞ-da bilim» ulgamynyň maslahat merkezlerinde size şeýle
hem görnüşleriň sanawyny azaltmakda ýardam edip bilerler. Sizi gyzyklandyrýan
ugurlary/dersleri hödürleýändigini, şeýle hem okuw maksatnamalarynyň siziň tamalaryňyza
laýyk gelýändigini barlamak üçin kollejleriň maglumat kitapçalaryndan we maglumatlar
býulleteninden peýdalanyň.
Okuw maksatnamanyň gönükdirilmesi
Size okuw maksatnamasynda haýsy dersleriň öwrenilişine esasy üns berilýändigini barlamak
zerur – hünär boýunça biliminemi ýa-da gumanitar ylymlaryna? Talyplaryň haýsy derejesi
uniwersitet şäherçesinde agdyklyk edýär – birinji ýa-da ikinji derejeli bilimi alýan talyplarmy?
Gumanitar kollejleriň ençemesi esasy ünsi ylmy işe däl-de mugallymlaryň we talyplaryň
bilelikdäki işine sarp edýärler. Şonuň üçin hem, bir mugallyma az sanly talyp ýetýär. Käbir ylmy
işe gönükdirilen okuw jaýlarynda ikinji derejeli bilimi alýan talyplaryň sany agdyklyk edýär.
Şeýle hem şunuň ýaly okuw jaýlary adatça häzirki zaman tehnikasy bilen enjamlaşdyrylan we
olarda dünýä belli mugallymlar işleýärler.
Dalaşgärleriň saýlawy
ABŞ-da okuw jaýlaryň sanynyň känligi sebäpli, dalaşgärler üçin talaplar dürli-dürli bolýar.
Dalaşgärlere gaty kyn talaplary bildirýän hususy uniwersitetler we gumanitar kollejler giriş üçin
kän arza alýarlar emma az sanly adamlary kabul edýärler. Şol wagtyň özünde hem, başga
kollejler okuwa giriş talaplaryna laýyk gelýän dalaşgärleriň ählisini kabul edip bilerler. Ýokary
okuw jaýlarynyň maglumat kitapçasynda geçen ýylda kabul edilen dalaşgärleriň we talyplaryň
sany barada maglumat getirilen. Şeýle hem olaryň akademiki mümkinçiliklerini anyklaýan (SAT)
we Amerikan kolleji üçin testirleme ulgamynyň çägindäki (ACT) synaglaryň netijesi esasynda
orataça ballary we ýetişiginiň ortaça bally (GPA) getirilen. Şeýle hem arzaňyzy gözden geçirende
kabul ediş iş topary dalaşgäriň olaryň okuw jaýynda üstünlikli okamagynyň mümkinçiliklerini
anyklamak üçin - düzme, sylag, jemgyýete peýdaly iş, iş tejribe, söýgüli kär we aýratyn
başarnyklar ýaly dürli ýagdaýlary nazarda alýandygyny ýatdan çykarmaň.
Okuw maksatnamasynyň gurluşy
24
Size her bir okuw jaýyň okuw maksatnamasynyň sanawyny we aýratynlyklaryny derňemek
gerek. Okuw maksatnamanyň çeýeligi we isleg boýunça dersleri saýlamak mümkinçiliginiň
barlygy sebäpli köp sanly daşary ýurtly talyplar amerikan bilim ulgamyny makul bilýärler.
Emma, käbir ugurlar boýunça dereje almakmaksatnamalary anyk gurluşly bolýarlar we okuw
jaýy talybyň belli bir ugurda ýöriteleşmegi we okuw jaýyny tamamlamagy üçin haýsy dersleri
haýsy wagtlarda öwrenilmelidigini takyk anyklaýar. Okuw prosesiniň beýle gurnalmagy onuň
çeýeligini we mysal üçin, sport bilen meşgullanýan talyplara sport möwsüminde okuw
agramyny azaltmagyny we maksada okgunly talyplara ikinji hünari edinmägini çäklendirýär.
Size gerek bolan ugur üçin talaplary barlamak zerur. Mysal üçin, eger siz inženerlik işi öz
ýöriteleşme ugryňyz edip saýlajak bolsaňyz, onuň bilen birlikde hem telekeçilik boýunça esasy
akademiki taýýarlygy aljak bolsaňyz hökmany suratda inženerlik işi boýunça dereje almak üçin
talaplary barlaň: bu size telekeçilik ugry boýunça goşmaça dersleri okamaga mümkinçilik
berermi ýa-da inženerlik işi ýanaşyk bilimi bilen utgaşdyrmak isleýänler üçin
ýörite maksatnamabarmy? Gumanitar kollejinde dersleri öwrenmegiň arasynda uly
tapawutlyklar bar: käbiri talyplar belli bir okuw sagady dowamynda belli bir ders toparyny
öwrenerler diýip çak edýärler, başgalary bolsa beýle talaplary goýmaýarlar we talyplara
hemmetaraplaýyn bilim almagy diňe «tutanýerlilikli maslahat» berýärler.
Başga okuw jaýlarynda gazanylan sagat sanynyň/kreditiň tassyklamasy
Amerikan talyplar öz ýokary bilimini 12 ýyl orta mekdebinde okandan soň alyp başlaýarlar. ABŞnyň käbir uniwersitetleri orta bilimi 13 ýylyň dowamynda alan dalaşgärlere ýa-da halkara
bakalawriat maksatnamasy boýunça okanlara goşmaça sagat sanyny hasaplaýarlar. Şeýle hem
orta mekdebini gutarandan soň hünärmen we tehniki bilim barada diplom, kepilnama ýa-da
şolara meňzeş maksatnamalarda taýýarlyk geçen dalaşgärler goşmaça sagat sanyny alyp
bilerler. Beýle dalaşgärler belki ABŞ-da okuwyň doly dört ýylyna girmän başga ýokary okuw
jaýynda dersler boýunça tabşyran synaglarynyň hasaba alynmagy bilen ýokary okuw jaýyna
girip bilerler. Şeýle mümkinçilikler barada kabul ediş iş toparynyň agzalaryndan sorap biliň we
doly maglumat almak üçin «Amerikan uniwersitetine geçmekligiň tertibi»(Transferring to a U.S.
University) atly 10-njy bölümi okaň.
«Talyp - mugallym» aragatnaşygy
Uly uniwersitetlerde birinji we ikinji okuw ýylyň toparlary adatça uly bolýar we olarda sapaklary
mugallymlaryň deregine ýokary kursdaky talyplar geçýärler. Ýokary kursdaky talyplary az bolan
kollejde sapaklary mugallymlar geçse gerek, sizden bolsa başdan sapak wagtynda işjeň
25
gatnaşmaklyk talap ediler. Mugallymyň bir özüne köp sanly talyplaryň ýetmegi okuw
toparlarynyň ulydygyny görkezýär, şonuň üçin hem mugallymlar aýratyn talyba az üns
berýärler.
Ýaşaýyş keşpi/mysaly
Çykdajylar
Bilimi maliýeleşdirmek - juda wajyp mesele. Çykdajylaryň jemi we maddy kömegini almagyň
mümkinçilikleri barada doly maglumaty almak üçin size şu kitaňçanyň 6-njy bölümini okamak
gerek. Giriş üçin resminamalary tabşyrmakdan ozal özüňiziň hakykatdan hem
ýagdaýyňyzyň ýetjekdigine anyk göz ýetiriň. Uniwersitetiň maglumat kitapçasyndaky hökmany
tölegleriň sanawyny ykjam derňäň we ýaşaýyş, iýmit, ulag, okuw tňlegi we ýygnaw üçin
çykdajylary, şeýle hem dört ýylyň dowamynda harçlanjak başga goşmaça çykdajylary goşuň.
Size şeýle hem okuw töleginiň ýokarlanmagyny nazarda tutmak zerur sebäbi uniwersitetleriň
aglabasy ýylda okuw tölegini ýokarlandyrýarlar. Hökmany suratda dürli okuw jaýlarynyň okuw
tölegini deňeşdiriň.
Ýaşaýyş şertleri
Okuw jaýlarynyň ählisiniň talyplary ýerleşdirmegiň dürli düzgünleriniň bardygyny nazarda
tutup, ýaşaýyş jaýyny okuwyň ähli dört ýylyna alyp bolýandygyny ýa-da talyplaryň uniwersitet
şäherçesinden daşarda agtaryp tapmalydygyny sorap biliň. Uniwersitet şäherçesiniň çägindäki
we ondan daşardaky ýaşaýyş jaýynyň bahasynyň tapawudyny derňäň. Uniwersitet şäherçesiniň
çäginde ýaşaýan talyplaryň ýaşaýyş şertlerini barlaň: belki umumy ýaşaýyş jaýynda ýaşaýan
talyplar bir otagly jaýda bir, iki ýa-da üç sany başaga talyplar bilen ýaşamaly bolýandyrlar.
Uniwersitet şäherçesiniň çäginde hiç bolmanda bir ýa-da iki ýylyň dowamynda ýaşamaklyk size
ABŞ-daky talyplyk durmuşyna aňsat we çalt öwrenişmäge we garyşmaga ýardam edip biler. Siz
awto ulagyny satyn alman ýa-da köpçilik ulagyny günde peýdalanman, şeýle hem uniwersitet
şäkerçesine günde gatnaman wagtyňyzy we puluňyzy tygşytlap bilersiňiz. Şeýle bolsa hem,
üçünji kursa geçmekden ozal belki size özüňiziň hususy jaýyňyza geçesiňiz geler. Şeýle
göçmelere degişli bolan uniwersitetiň talaplaryny homak sorap biliň, we şeýle hem ýaşaýyş
jaýynyň bahasyny we jaýyň ýerliginde barlygyny anyklaň.
Ýaşaýyş ýeri
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň her bir böleginde okuw jaýlary şäherlerde we oba ýerlerinde
26
ýerleşen. Şäherlerdäki uniwersitet şäherçeleri köpçülikleýin iýmitlenýän, dynç alýan we söwda
edýän jaýlarynyň uly saýlawyny hödürleýärler. Oba ýerindäki uniwersitetler talyplara okuwyna
üns berer ýaly has-da rahat şertleri hödürleýärler. Başga-da şerti – onuň howasy. Howa şertleri
düýpli tapawutlanýar: demirgazyk-gündogardaky adaty dört passyldan Arizonadaky çöl we
Floridadaky subtropiki howa çenli tapawutlanýar. Şeýle hem okuw dowamynda gerek boljak
infrastrukturanyň we hyzmatlaryň barlygynyň zerurlygyny unutmaň. Mysal üçin, eger siz sungat
taryhynda ýöriteleşjek bolsaňyz, okuw maksatnamasy ýerli muzeýler we çeperçilik galereýalary
bilen tanyşlygy hödürleýärmi?
Talyplaryň sany
ABŞ-daky uniwersitet şäherçelerinde talyplaryň sany 200 bilen 60 müniň aralygynda özgerip
durýar. Käbir uniwersitetler hususy poçta bölümi, azyk önümli dükanlary we söwda merkezleri
bilen uly bolmadyk şäherleri yatladýar. Başga uniwersitetler uly we gür ilatly şäherlerde
ýerleşip emma talyplaryň az sanlysyny kabul edip bilerler. Siziň ýaşaýyş nusgaňyza seredip size
uly uniwersitet jemgyýetinde özbaşdaklygyň ýa-da uly bolmadyk kollejiň aýrybaşgalygy
ýaramagy mümkin. Jemgyýet durmuşynyň hili we mugallymlar bilen sapaklaryň güýçli
depginliligi barada diňe talyplaryň sanyny bilip çak etmek bilen çäklenmäň.
Uniwersitet durmuşy
Jemgyýet durmuşy
ABŞ-daky kollejleriň aglabasy, talyplara okuw proragrammalaryna goşmaça jemgyýet,
medeniýet we sport çärelerininiň giň sanawyny hödürleýärler. Şeýle hem talyplaryň
aglabasynyň nirede ýaşaýandygy öz täsirini ýetirýär – uniwersitet şäherçesindemi ýa-da ondan
daşarda. “Commuter schools” diýip atlandyrylýan okuw jaýlarynda okaýan talyplar, kollej
çäginden daşarda ýaşaýarlar we sapaklaryna ulagda gatnaýarlar. Dynç günleri uniwersitet
şäherçesinde ýagdaýyň nähilidigini bilmek dalaşgärlere gyzykly: talyplaryň köp sanlysy
uniwersitetde galýarmy, syýahat edýärlermi ýa-da her hepde öýlerine dolanýarmy? Bu
ýagdaýlaryň ählisi okuw jaýyndaky jemgyýet durmuşyna täsirini ýetirýär.
Talyplar doganlyklary we zenanlar birleşigi
27
Talyplar doganlyklary we zenanlar birleşigi milli guramalar bolup, olaryň şahamçasy
(wekilhanasy) Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň her bir uniwersitetinde bar. Olar esasan hem
özüniň oturylyşyklary we jemgyýet işleri bilen meşhur bolsa gerek, emma olar şeýle hem haýyrsogap işlerini gurnaýarlar we jemgyýet durmuşyna gatnaşýarlar. Talyplar doganlyklary (erkekler
üçin) bilen bilelikde ayallar birleşigi “Grek ulgamyny” emele getirýärler. Olaryň atlarynyň grek
elipbiýiniň iki ýa-da üç harpyndan durmagy sebäpli biz “grek” diýen sözi ulanýarys. Talyplar
doganlyklary we zenanlar birleşigi Amerikanyň ýokary okuw jaýlarynyň aglabasynda pes kursda
okaýan talyplaryň jemgyýet durmuşynyň merkezi bolup bilerler. Eger-de size Grek ulgamy
ýarasa ýa-da ýaramasa, doganlygyň we birleşigiň resminama tabşyrýan kollejleriňiziň we
uniwersitetleriňiziň jemgyýet durmuşynda agdyklyk edýänini ýa-da etmeýändigini digini sorap
biliň. Eger-de siz “Grek dumuşyna” gatnaşmak isleseňiz “grek şertleri” agdyklyk edýän
uniwersitetlerde okamak ikuçly bolmagy mümkin. Sebäbi size doganlyga goşulmagyňyzy
tutanýerlilik bilen maslahat bererler we ulgamdan daşarda jemgyýet durmuşynyň
mümkinçilikleri çäkli bolar.
Daşary ýurtly talyplar
ABŞ-nyň kollejlrinde okaýan daşary ýurtly talyplaryň sany 10 adamdan başlap 7 müň adam
aralygynda üýtgäp durýar. Kollejleriň maglumat kitapçalary her bir okuw jaýy baradaky
maglumatdan daşary, köplenç daşary ýurtly talyplaryň takyk sanawyny hem saklaýar. “ABŞ-da
bilim” (EducationUSA) ulgamynyň maslahat merkezlerinde adatça şeýle maglumatlary tapyp
boljak her dürli maglumat kitapçalary bar. Bu sanlary derňemek bilen öz talaplaryňyz barada
pikirleniň. Az sanly daşary ýurtly talyplary bar bolan uniwersitetde okasaňyz, sizi tanyşmaklyk
zerur bolan aýratyn adam hökmünde hasaplamaklary mümkin. Şeýle bolanda hem, siz beýle
okuw jaýlarynyň daşary ýurtly talyplar üçin az sanly hyzmatlary hödürleýändigini hasaba alyp
bilersiňiz. Köp sanly daşary ýurtly talyplaryň okaýan uniwersitet şäherçelerinde size ýardam
etjek hususy goldaw toparlarynyň bar bolmagy mümkin. Ýöne bu halatda amerikan talyplary
bilen duşuşmak we gürrüňleşmek üçin size tagalla baryny etmek zerur bolsa gerek.
Dine ynanma
ABŞ-nyň kollejleri talyplaryň rasasyna, deri reňkine ýa-da ynanýan dinine seretmän
alýandygyna garamazdan uniwersitetleriň kän bolmadyk göterimi dini ýagdaýyny döretmek, bir
jynsly toparda bilim almak maksady bilen ýa-da belli bir gelip çykyşly talyplaryň bilelikde
ýaşamaklyk we okamaklyk maksady bilen esaslandyrylan. Resminalaryňyzy tabşyrjak okuw
jaýlaryňyzyň maksatlary siziňkiler bilen deň gelýändigini anyklamak üçin olary öwremegiňizi
28
maslahat berýäris. ABŞ-daky bar bolan 4 müň kellejlerden we uniwersitetlerden 800-den
gowgary belli bir dine ynanýarlar ýa-da dini däp-dessurlara eýerýärler; takmynan 60 sany
kollejler diňe erkek kişileri we 50-den gowragy ýeke aýal maşgalalary kabul edýärler. ABŞ-nyň
bilim ulgamy şeýle hem belli bir gelip-çykyşly talyplaryň okaýan okuw jaýlaryny özünde
jemleýär, mysal üçin, “Adaty negr kollejleri we uniwersiteti” (Historically Black Colleges and
Universities, HBCUs), “Ispan dilinde gürläýän ilat üçin okuw jaýlary” (Hispanic-service
Institutions, HIS), şeýle hem taýpalaýyn kollejler we uniwersitetler.
Okuwdan daşary çäreler
Amerikan uniwersitetleri köp sanly okuwdan daşary çäreleri hödürleýärler, mysal üçin, sport
türgenleşikleri, akademiki klublar, uniwersitet gazeti, teatr sahnalaşdyrmasy we köpçülikleýin
taslamalar. Eger-de sizde belli bir gyzyklanma bar bolsa, talyplar bileleşiginiň şeýle
mümkinçiligi hödürleýändigini barlaň – olaryň ýok ýagdaýynda siziň özüňiziň olary başlap
biljekdigiňizi unutmaň. Dürli talyplar guramalary baradaky maglumat size dürli okuw
jaýyndaky durmuşa has gowy düşünmäge ýardam eder.
Başga soraglar
―Plýuş ligasyna” girmeýän okuw jaýlary
Häzir sekiz sany görnükli okuw jaýynyň topary bilen baglanyşdyrylýan―Plýuş ligasy‖ başda
gündogar kenaryndaky birnäçe kollejleriň sport ligasydy. Gowy bilim almak üçin ―Plýuş
ligasynda‖ okamaly diýen maksat bilen daşary ýurtly talyplaryň aglabasy amerikan kollejiniň
gözlegini şolardan başlaýarlar. Liganyň okuw jaýlarynyň ählisiniň ajaýypdygyna garamazdan,
ABŞ-da 4 müňe golaý okuw jaýlaryndan saýlaw etse bolýandygyny ýatda saklamak zerur.
Uniwersiet ýa-da kollej barada ozal eşitmänligiňiz sebäpli olary serpikdirmäň; ilki bilen öz
talaplaryňyzy derňemek zerur. Edil siziň talaplaryňyza we islegleriňize gabat gelýän okuw
jaýyny tapmak üçin olaryň görnüşlerini yhlas bilen öwreniň.
Reýting (deňeşdirme)
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda iň gowy 10, 20, 50 ýa-da 100 uniwersitetleriň sanawy ýok.
ABŞ-nyň hökümeti uniwersitetlere baha bermeýär. Reýtingleriň aglabasy şahsy pikir bolup, olar
akademiki ölçegleri ýa-da okuw jaýynyň umumy abraýyny esasy ýagdaýy hökmünde nazarda
alman bilerler. Ondan başga hem, gowy okuw jaýlarynyň aglabasy reýting düzýän guramalara
maglumat bermek islemeýärler. Ulanylan ölçeglerini düşündirmeýän reýtingler bilen öran
seresap boluň. Siz öz gözlegiňizi reýtingi kän bolan okuw jaýlaryndan başlap bilerseňiz, emma
size laýyk geljek ―iň gowy‖ kollej – bu bölümde getirilen ýagdaýlary göz öňünde tutýan
bolmalydyr.
29
Talyplar üçin hyzmatlar
Amerikan uniwersitetleri talyplara dürli hyzmatlary hödürleýärler, mysal üçin, daşary ýurtly
talyplar bilen işleşýän hyzmatlar bölümi, uniwersitet şäherçesi bilen tanyşdyrma
maksatnamalary, geňeşlik hyzmatlary, kanuna degişli bolan meseleleriň maslahatçysy,
ýerleşdirme bölümi, iýmitlenmegiň dürli guramalary, mediki merkezleriň hyzmatlary, iňlis dilini
daşary ýurt dili hökmünde öwrenmegiň maksatnamalary, hünärmen hatlaryny ýazmagy
öwretmegiň barlamhanalary, we hünär boýunça ýöriteleşmegiň maslahatlary. Siziň öz
talaplaryňyzy kanagatlandyrýan hyzmatlary tapmak üçin deň bolan uniwersitetleriň okuw we
maddy esasyny deňeşdiriň.
Tejribe ýa-da daşary ýurtda taýýarlanmagyň maksatnamalary
Amerikan uniwersitetleriniň aglabasy öz okuw maksatnamalaryna, size gyzykly boljak,
stažirowka (tölegli ýa-da tölegsiz iş) ýa-da daşary ýurtda taýýarlyk geçmegiň maksatnamalary
Mümkinçilikleri çäkli bolan talyplar
Eger-de sizde esasy talaplaryňyz bar bolsa siziň saýlan uniwersitetiňiziň şol talaplara laýyk
gelýändigine hökman göz ýetiriň. Okuw jaýynyň wekilleri bilen gürrüňleşer ýaly ýeterlikli wagt
sarp ediň. Okuw jaýynyň gözlegini ABŞ- a gelmegiňizden azyndan iki ýyl ozal başlaň.
Uniwersitetlere talaplyk ugratmak bilen öz fiziki taýdan kemçilikleriňiz barada gürrüň beriň we
siz ýaly talyplara hödürlenýän kömek barada maglumat soraň. Bar bolan mümkinçilikler barada
doly maglumat alar ýaly size mümkinçilikleri çäkli bolan talyplaryň aýatyn talaplary bilen
işleýän bölümi bilen habarlaşmak gerek bolsa gerek. Ol mysal üçin, mümkinçilikleri çäkli bolan
talyplar üçin hyzmatlar diýip ýörite bölüm bolup biler ýa-da uniwersitet bölüminiň umumy
häsiýetli bolan talyplaryň hyzmatyna degişli bolup biler. Käbir kollejler okamagy gyn bolan
talyplar üçin kompleks maksatnamalary hödürleýärler başga unwersitetler bolsa beýle talyplar
üçin dürli ýörite maksatnamalary hödürleýärler. Size we siziň maşgalaňyza hödürlenýän
hyzmatlary gözden geçirmek we öz talaplaryňyz bilen deňeşdirmek zerur. Haýsy hyzmatlaryň
erksiz we tölegsiz hödürlenýändigini we haýsylarynyň tölegini töläp öňünden sargamalydygyny
anyklaň. Giriş üçin resminamalaryň sanawyna size medisina kepilnamasyny hem goşmak zerur
bolar. Mümkinçilikleriňize seredip, kollejde okaýan, fiziki taýdan meňzeş kemçilikleri bolan
talyplara ýüzleniň, olardan öz tejribesi barada soraň we uniwersitet şäherçesini baryp görüň.
Okuw ýyly dowamynda mümkinçilikleri çäkli bolan talyplar, (gerekli bolan resminalarynyň
bolmagynda), ýörite şertleri ýa-da giriş synaglary (akademiki mümkinçiliklerini kesgitleýän
synag (SAT) we amerikan kollejlerine testirleme ulgamy esasynda testirleme(ACT)) we okuw
dersleri boýunça synaglary tabşyrmagyň uzaldylmagyny sorap bilerler.
Gysgaça beýany

Okuw jaýlarynyň sanyny çäklendirmek üçin, ozüňiz üçin möhüm bolan ýagdaýlaryň
sanawyny düzüň, mysal üçin, okuw prossesiniň gurnalmagy, okuw jaýynyň ýerleşýän
ýeri we okuwyň tölegi. Öz talaplaryňyza laýyk gelýän okuw jaýlaryny gözläň.

Okuw jaýlaryň maglumat kitapçalary bilen tanyşyň. Görnüşleri azaltmak üçin
30
kompýuterde we internet ulgamynda bar bolan gözleg maksatnamalaryny ulanyň. Beýle
maglumatlary ―ABŞ-da bilim‖ ulgamynyň merkezlerinde tapmak bolar.

ABŞ-nyň okuw jaýlarynyň wekilleri bilen duşuşjak we özüňizde bar bolan ähli soraglara
jogap aljak boluň.

ABŞ-da uniwersitetleriň ýörite reýtingi ýok, şonuň üçin hem, özüňiziň tapan
reýtingleriňiziň ýagdaýlaryna üns bilen serediň.
Internet ulgamynda bar bolan peýdaly sahypalar
―ABŞ-da bilim‖ ulgamynyň maslahat merkezleriniň maglumat ugrukdyryjysy (Directory of
EducationUSA Advising Centers) http://www.educationusa.state.gov/
Tehas ştatyndaky uniwersitetiň ABŞ-daky uniwersitetleriň maglumat bazasy (Ostin şäheri)
(University of Texas at Austin Database of U.S.
Universities)http://www.utexas.edu/world/univ/state/
ABŞ-nyň okuw jaýlaryna giriş synaglary boýunça iş toparynyň sahypasynda kollejleriň gözlegi
(College Board College Search) http://www.collegeboard.com
ABŞ-nyň bilim Ministrliginiň sahypasynda kollejleriň gözlegi (U.S. Department of Education
College Navigator)
http://www.nces.ed.gov/ipeds/cool
Ýokary okuw jaýyna girmek we standartlaşdyrylan synaglary tabşyrmak boýunça maslahat
berýän şereketi «The Princeton Review»: http://www.princetonreview.com/
Ýokary okuw jaýlarynyň akkreditasiýasy boýunça geňeşligi (Council for Higher Education
Accreditation) http://www.chea.org
Akkreditasiýa edilen ýokary okuw jaýlary we maksatnamalary boýunça ABŞ-nyň bilim
Ministrliginiň maglumat bazasy (U.S. Department of Education Database of Accredited
Postsecondary Institutions and Programs) http://ope.ed.gov/accreditation/
Söwda bilen baglanyşykly bolmadyk guramalar «Mobility International USA» (mümkinçilikleri
çäkli bolan talyplar üçin maglumatlar): http://www.miusa.org
Bölüm 5
31
Giriş talaplary
ABŞ-daky ýokary okuw jaýyna girmek üçin siz belli bir talaplara laýyk gelmeli, hususanlykda
hem doly orta bilim barada şahadatnama ýa-da gutardyş synaglary boýunça bahalaryň
kepilnamasyny, amerikan uniwersitetlerine giriş synaglarynyň biriniň netijesiniň resminamasy
(köp halatlarda) we iňlis dilini bilmeklik. Giriş üçin talaplygy tabşyrmagyň tertibi barada
maglumat şu kitapçanyň 8-nji bölüminde getirilen.
Orta bilim barada şahadatnama we gutardyş synaglarynyň netijesi
ABŞ-daky uniwersitetleriň aglabasy daşary ýurtly talyplaryň orta bilim hakynda
şahadatnamasynyň ýa-da orta mekdebindäki gutardyş synaglarynyň netijesi esasynda
kepilnamanyň bardygyny göz öňünde tutýarlar. Şu resminamalaryň bar bolmagy talyplara öz
döwletlerinde bilim almaga ýol bermeli. Beýle şertleri ilki bilen girmäge bäsleşigi uly bolan
uniwersitetler goýýarlar. Şeýle bolanda hem, amerikan kollejleriň we uniwersitetleriň giriş üçin
talaplaryň giden sanawyny orta atýandyklaryny we giriş üçin talaplyklary her dürli
kanagatlandyrýandyklaryny hökman ýatda saklaň. ABŞ-nyň bilim ulgamy gözýetime örän uly
üns berýänligi sebäpli size orta mekdepde dürli dersleri okamagyňyz möhüm: iňlis dili,
matematika, tebigy ylymlar (fizika, himiýa we (ýa-da) biýologiýa), gumanitar ýa-da jemgyýet
ylymlary (taryh, geografiýa, ykdysadyýet, syýasat, we ş.m. dersler), şeýle hem daşary ýurt
dilleri. Adatça, uniwersitetler 17 ýaşdan pes bolan daşary ýurtly talyplary kabul etmeýärler.
Standartlaşdyrylan giriş synaglary
―Size hömany tabşyrmaly standart synaglaryna ykjam taýýarlanyň. Olar öran köp wagt we güýç
alýar. Öz netijäňizi gowulandyrmak üçin siz ähtimal olary gaýtadan tabşyrmak islärsiňiz‖ –
şekillendiriş sungatyny okaýan Braziliýaly talyp.
Uniwersitetleriň we kollejleriň aglabasy dalaşgärleriň giriş talaplyklaryny (zaýawkalaryny)
gözden geçenlerinde standart giriş synaglarynyň biriniň netijesini soraýarlar. Şeýle bolanda
hem, birnäçe kollejler we uniwersitetler daşary ýurtly talyplardan giriş synaglaryny tabşyrmagy
soramaýarlar we okuw jaýlaryň käbirinde bolsa dalaşgärlere bu synaglaryň netijesini görkezmek
hokman däl. Giriş üçin talaplaryň gözlegi üçin amerikan uniwersitetleriniň maglumat
kitapçasyndan peýdalanyň: ―Daşary ýurtly talybyň maglumat kitapçasy‖ (International Student
Handbook), ABŞ-nyň okuw jaýlaryna giriş synaglary boýunça iş topary we ―daşary ýurtly
talyplar üçin ABŞ-nyň kollejleri we uniwersitetleriniň doly maglumat kitapçasy‖ (Colleges and
Universities in the U.S.A. — The Complete Guide for International Students)«Piterson»
neşirýaty (Peterson's). Şeýle hem, munisipal kollejleriň adatça dalaşgärlerden standartlaşdyrylan
giriş synaglaryny tabşyrmagyny talap etmeýändigine üns beriň.
ABŞ-da standartlaşdyrylan giriş synaglary, ilki bilen, dogry jogaplary birnäçe görnüşde
hödürleýär we birinji derejeli bilimi almak üçin gerek bolan ukyplylyga baha bermäge
mümkinçilik berýär. Amerikan kollejlerinde we uniwersitetlerinde giriş synaglaryň netijesi - ähli
dalaşgärlere (ABŞ-dan we başga döwletlerden) birmeňzeş ölçegler esasynda baha bermeklik
üçin peýdalanylýar. Orta bilim hakynda şahadatnamanyň we gutardyş synaglaryň netijeleri giriş
synagaryň ýerini tutmaýandygyny we beýle synaglar ýokary okuw jaýyna giriş prosesiniň diňe
bir bölegi bolup durýandygyny ýatdan çykarmaň. Synaglarda gazanylan gowy netijeler öz
32
başyna/aýratynlykda siziň saýlan okuw jaýyňyza girmekligi kepillendirmeýär.
Okuw jaýyna giriş esasan hem üç synagyň netijesinde aýyklanýar:

Akademiki ukyby anyklaýan synag (SAT);

Akademiki ukyby anyklaýan synagyň çäginde belli bir dersler boýunça testleriň
netijeleri (SAT Subject Tests);

Amerikan kollejlerine testirleme ulgamy (ACT) boýunça testleriň baly
Käbir uniwersitetler dalaşgärlerden goşmaça synaglary tabşyrmagyny soraýarlar, şonuň üçin
hem öz girjek okuw jaýyňyzda kesgitlenen düzgünleri anyklaň.
Akademiki ukyby anyklaýan synag (SAT)
Akademiki ukyby anyklaýan synagy (SAT) we onuň çäginde geçirilýän aýratyn dersler boýunça
testleri (SAT Subject Tests) Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň çäklerinden daşarda bir ýylyň
dowamynda alty gezek geçirliýär. Olary tabşyrmak üçin ýazgy adatça synagyň başlamagyna bäş
hepde galanda tamamlanýar we şonuň üçin olara öňünden ýazylyşmaklyk gerek. Olary
tabşyrmagyň wagty, geçiriljek ýeri, bahasy we ýazgynyň tertibi hakynda takyk maglumaty
akademiki ukyby anyklaýan synagyň (SAT) halkara býuliteninde ýada http://www. collegeboard.com/testing internet sahypasynda tapmak bolar. Býuliteniniň
nusgasyny size ýakyn bolan ―ABŞ-da bilim‖ ulgamynyň maslahat merkezinde almak we köp
halatlarda, Internet ulgamyndan maglumaty ýüklemek we talaplygy taýýarlamak mümkin. ABŞdaky ýokary okuw jaýlaryna giriş synaglary boýunça iş toparynyň Internet sahypasynda doly
synagyň nusgasy we soraglaryň kän görnüşi ýerleşdirilen. Akademiki ukyby anyklaýan
synaga (SAT) taýýarlyk üçin maglumatlary gözden geçirmek, şeýle hem, soraglaryň nusgasyny
edinmek, wagtlaýynça peýdalanmaga almak ―ABŞ-da bilim‖ ulgamynyň maslahat
merkezlerinde bolar.
Mazmuny: Akademiki ukyby anyklaýan synag (SAT) – bu birnäçe görnüşli jogaplary
saýlamagyň synagy bolup, ol analitiki okalyşa, matematika we ýazuwa gerekli bolan ukuplylyga
baha berýär. Synag deň dowamlylykda bolan dokuz bölümden ybarat: üç bölümi analitiki okalyş
bilen bagly, üç – matematika bilen, üç – ýazuw bilen (bölümleriň biri – 25 minudyň dowamynda
düzme ýazmaklyk) we analikiti okalyşa we matematika bagyşlanan goşmaça bölümlerden
ybarat. Bu soňky bölüm çylşyrymlylygy saklamak üçin peýdalanýar we ol siziň jemi balyňyza
täsir etmeýär. Düzme üçin 25 minut wagt berilip, ol dalaşgärleriň ählisine mälim bolan
meseleler boýunça bolýar. Bu ýazuwyň maksady – öz pikiriňizi ösdürmek we öz pozisiýaňy
esaslandyrmak bolup durýar.
Akademiki ukyby anyklaýan synagynyň çäginde geçirilýän aýratyn dersler boýunça testler (SAT
Subject Tests), hem birnäçe görnüşlerden belli bir jogaby saýlamagy hödürleýär. Bu testler bir
sagat dowam edýär. Olar belli bir dersler boýunça bilime baha berýär. Häzirki wagta çenli
aşakdaky dersler boýunça testler hödürlenýär:
33

ABŞ-nyň taryhy

Biologiýa

Himiýa

Hytaý dili

Fransuz dili

Nemes dili

Italýan dili

Ýapon dili

Koreý dili

Latyn

Edebiýat

Matematika

Häzirki iwrit dili

Fizika

Ispan dili

Bütündünýä taryhy
ABŞ-nyň aglaba kollejleri we uniwersitetleri, esasan hem giriş üçin has berk talaplary
bildirýänleri, okuw jaýyna girmek üçin we talyplary okuw toparlaryna ýerleşdirmek üçin
akademiki ukyby anyklaýan synagynyň çäginde geçirilýän aýratyn dersler boýunça testleri
tabşyrmagy soraýarlar ýa-da maslahat berýärler. Aýratyn dersler boýunça synaglary tabşyrmaga
ýazylyşmazdan ozal her bir okuw jaýyň talaplaryny hökman barlaň. Käbir kollejler haýsy
dersler boýunça test tabşyrmak zerurdygyny özi anyklaýan bolsalar, başgalary saýlawy size
ynanýarlar. Şeýle bolanda, siz dersler boýunça testleri özüňiziň has taýýarlykly dersleriňizden
tabşyryň.
Ballar: akademiki ukyby anyklamak üçin geçirilýän synagyň üç bölüminiň her testiniň netijesi
200-den 800-e çenli şkala boýunça hasaplanylýar. Şeýle halatda, iň ýokary jemlenen bal – 2400
bolup durýar. Her bir bölümiň bally her kolleje aýratynlykda goýberilýär. Ýokary okuw jaýynyň
34
maglumat kitapçalarynyň we giriş hakynda maglumatlaryň aglabasynda her bir okuw jaýy üçin
ortaça bal görkezilýär. Eger-de okuw jaýy ýazuw boýunça synagyň ortaça balyny getirmeýän
bolsa onda ol bu bölümiň täze girizilendigini görkezýär. Synagyň ýazuw bölüminiň baly
akademiki ukyby anyklamak üçin synaglaryň netijesi boýunça hasabatda elmydama saklanýar.
Akademiki ukyby anyklaýan synagynyň çäginde geçirilýän aýratyn dersler boýunça
testleriň (SAT Subject Tests) netijesi şeýle hem 200-den 800-e çenli şkala esasynda baha
berilýär.
Amerikan kollejleri üçin testirleme ulgamynda ýokary okuw jaýyna giriş synaglary (ACT)
Amerikan kollejleri üçin testirleme ulgamy (ACT) boýunça synaglar «ACT, Inc.» korporasiýasy
tarapyndan gurnalýar we test merkezlerinde bir ýylyň dowamynda bäş gezek geçirilýär. Beýle
synaglar okuw maksatnamasy esasynda esaslandyrylýar we orta mekdepde öwrenilýän dersler
boýunça dalaşgärleriň bilimini barlaýar. Ýazylyşyk, synag geçirilmezden bäş hepde ozal
tamamlanýar we daşary ýurtly talyplara Internet ulgamynda ýazylyşmaga mümkinçilik berilýär.
Synag tabşyrmagyň möhleti, test merkezleri, we taýýarlyk üçin mugt maglumatlar hakynda has
giň maglumaty www.actstudent.org internet sahypasynda tapmak bolar.
Mazmuny: Amerikan kollejleri üçin testirleme ulgamyndaky synaglar okuw maksatnamasy
esasynda esaslandyrylan we birnäçe görnüşli jogaplardan ybarat bolan soraglardan düzülen.
Netijeler esasynda iňlis dili, matematika, okaýyş we pikirleniş ukybyna baha berilýär. Synag,
şeýle hem hokmany bolmadyk ýazuw bölüminden ybarat. Resminama tabşyrýan
kollejleriňizden we uniwersitetleriňizden Amerikan kollejleri üçin testirleme ulgamyndaky
synaglaryň ýazuw bölegini tabşyrmalymydygyny sorap biliň.
Ballar: dört hilli derslerleriň hersi boýunça dogry jogaplaryň sany dalaşgärleriň umumy balyny
düzýär. Soňra, ballar (1-dan 36-a çenli) sana terjime edilýär we onuň jemi dörde bölünýär we
umumy bal hasaby çykarylýar. Umumy balyň iň ýokarysy - 36 we pesi - 1. Hasaplanan ballar
ýokary okuw jaýyna 4-8 hepdäniň dowanymda geçirilýär.
Iňlis dilini bilme derejesi
ABŞ-da üstünlikli okuw üçin esasy talap iňlis dilini bilmeklik bolup durýar. Eger iňlis dili siziň
ene diliňiz bolmasa, ABŞ-daky uniwersitetler we kollejler sizi bilim dereje almaga taýýarlyga
hasaba almazdan ozal dil boýunça synag tabşyrmagyňyzy sorarlar. Aşakda has giň ýaýran iki
sany testirleme ulgamy hakynda maglumat getirilen: Daşary ýurtly raýatlar üçin iňlis dili
boýunça synagy (TOEFL) we iňlis dili boýunça halkara testirleme (International English
Language Testing System, IELTS). Her bir okuw jaýy iňlis dilini bilmekligiň öz talaplaryny
esaslandyrýar, şonuň üçin hem, resminama tabşyrjak okuw jaýlaryňyza ýüzleniň we olaryň
talaplaryny anyklaň. Okuw jaýlaryň käbiri dalaşgärleri iňlis dilini kollejde, esasy dersler
başlanýança, öwrenmek şerti bilen okuw kabul edýärler. Siz esasy okuwy iňlis dilini bilmegiň
zerur bolan derejesine ýeteniňizden soň başlap bilersiňiz. Emma, käbir halatlarda, eger-de siz
35
iňlis dilini ABŞ-da okuw okamak üçin ýeterlikli derejede bilýänligiňizi subut edip bilmeseňiz,
size öz döwletiňizde talyplyk wizasyny almak kyn bolmagy mümkinligini unutmaň.
Eger-de siz ABŞ-nyň raýaty bolmasaňyz we iňlis dili siziň ene diliňiz bolmasa, ýöne orta
mekdebiň kän wagtyny iňlis dilinde okan bolsaňyz, iňlis dili boýunça testirleme talaplaryň siz
üçin ýatyrylmagy mümkin. Giriş üçin resminamalary tabşyrýan wagtyňyzda, ABŞ-daky ýokary
okuw jaýyndan bu sorag barada maslahat almagyňyz üçin ýeterlikli wagt tapjak boluň. Olaryň,
siziň iňlis dili boýunça mekdep synaglarynyň netijesini siziň dil taýdan taýýarlygyňyzyň
subutnamasy hökmünde hasaba aljakdygy şübheli.
Daşary ýurtly raýatlar üçin iňlis dili boýunça synag (TOEFL)
Daşary ýurtly raýatlar üçin iňlis dili boýunça synag (TOEFL) iňlis dili ene dili bolmadyk
adamlaryň ukybyna baha bermäge we ony ýokary okuw jaýynda okaýarka peýdalanmaga rugsat
berýär.
Bu synagyň internet ulgamyndaky interaktiw görnüşi (TOEFL iBT) dört bölümden ybarat:
okaýyş, diňlemek, sözleşik we ýazuw. Synagy tabşyrmak üçin dört sagat wagt sarp edilýär.
Wagtyň hasabyny Internet ulgamynda aýratyn ýollar arkaly goralan testirleme ulgamyna
baglanyşdyrylan kompýuter ýerine ýetirýär. Çap edilen maglumatlary peýdalanmak arkaly
tabşyrylýan synag (TOEFL PBT) internet ulgamyna girmeklik mümkin bolmadyk ýerlerde we
synagyň interaktiw görnüşine goşmaça geçirilýär. Eger-de siz daşary ýurtly raýatlar üçin iňlis
dili boýunça synagy tabşyrmagy makul bilseňiz, emma synagyň interaktiw görnüşiniň
geçirilmeýän döwletinde ýaşaýan bolsaňyz, ABŞ-da bilim boýunça testirleme gullugynyň
wekillerine, özüňiziň bilimiňizi barlamak üçin, iňlis dilinde gürlemegiň dilden synagyny (TSE)
tabşyrmak haýyş bilen [email protected] elektron adresi arkaly ýüz tutup bilersiňiz.
Daşary ýurtly raýatlar üçin iňlis dili boýunça synagy tabşyrmak üçin, öňünden hasaba durandan
soň, Internet ulgamy, telefon ýa-da poçta arkaly talaplyk doldurmak mümkin. Ýylyň belli bir
böleginde ýa-da belli bir şäherlerinde barlag merkezleri doly bolmagy mümkin, şonuň üçin hem
talaplygy öňünden resmileşdirjek boluň. Hasaba durmagyň tertibi, synagyň geçiriliş wagtlary we
başga soraglar barada has takyk maglumaty edinmek üçin www.ets.org/toefl internet sahypany
gowuja özleşdiriň ýa-da size ýakyn bolan «ABŞ-da bilim» ulgamynyň maslahat merkezine ýüz
tutuň.
Iňlis dili boýunça halkara testirleme (International English Language Testing System,
IELTS
Iňlis dili boýunça halkara testirleme (International English Language Testing System, IELTS)
ulgamynda ýazuw synaglary geçirilýär we olaryň netijesi esasynda okaýyş, diňleme, ýazuw we
iňlis dilinde gürleşmek ukybyna baha berilýär.
Synag dowamynda okamaklyk we ýazmaklyk üçin maglumatlar iki görnüşde hödürlenýär:
akademiki we umumy taýýarlaýyş. Diňlemekligiň we gürleşmegiň bölümleri iki görnüşde hem
bir meňzeş. Testirleme geçýän we ýokary bilim alamagy ýa-da saglygygoraýyş pudagynda
işlemäge lisenziýany almagy isleýän dalaşgärler adatça synagyň akademiki görnüşiniň okamak
we ýazmak bölümlerini tabşyrýarlar. Synagyň umumy görnüşi - gündeki peýdalanmagy zerur
36
bolan hünärmen ugrunda ulanylýan iňlis diline, orta bilime, hünärmen taýýarlygyna, işe we
immigrasiýa niýetlenen.
Hasaba durmaklyk barada maglumaty almak üçin iňlis dili boýunça halkara testirleme
ulgamynyň www.ielts.org sahypasyna giriň. Bu sahypada ýüklemekligi mümkin bolan
―Dalaşgärler üçin maglumatlar‖ (Information for Candidates) maglumat kitapçasy, şeýle hem,
ulgamyň merkezleriniň sanawy, testirleme geçirmegiň möhleti we testirlemäniň ýerli pulda
hasaplanan bahalary ýerleşdirilen.
Gysgaça jemi

ABŞ-da ―bakalawr‖ derejesininde okamaga resminamalary tabşyrmak üçin size orta bilim
hakynda şahadatnama ýa-da öz döwletiňizde tabşyran synaglaryň netijesini almak gerek.

Siz azyndan 17 ýaşyňyzda bolmaly.

Kollejleriň aglabasy, emma ählisi däl, daşary ýurtly dalaşgärlerden giriş synaglaryny
tabşyrmagy soraýar, adatça – akademiki ukyby anyklaýan synag (SAT) ýa-da Amerikan
kollejleri üçin testirleme ulgamynda ýokary okuw jaýyna giriş synaglary (ACT). Käbirleri
şeýle hem aýratyn dersler boýunça testirleme (SAT Subject Tests) tabşyrmagy talap edip
bilerler. Testirlemäniň takyk talaplaryny öz wagtynda anyklaň.

Akademiki ukyby anyklaýan synagy (SAT) we Amerikan kollejleri üçin testirleme
ulgamynda ýokary okuw jaýyna giriş synaglary (ACT) ýylyň dowamynda birnäçe gezek
hödürlenýär we hasaba durmak üçin maglumatlatlary testirlemäniň guramaçylaryndan ýada «ABŞ-da bilim» ulgamynyň maslahat merkezlerinden alyp bolar. Siz şeýle hem
Internet ulgamynda hasaba durup bilersiňiz.

Eger iňlis dili siziň ene diliňiz bolmasa, onda size daşary ýurtly raýatlar üçin Iňlis dili
boýunça synagy (TOEFL) ýa-da iňlis dili boýunça halkara testirleme (International
English Language Testing System, IELTS) tabşyrmak hökman bolar. Käbir halatlarda
iňlis dilinden tabşyrylan başga synaglaryň netijesi hem kabul edip biliner.
―Internet” ulgamynda peýdaly bolan sahypalar
Akademiki ukyby anyklaýan synagy (SAT):
Amerikan kollejleri üçin testirleme ulgamynda ýokary okuw jaýyna giriş
synaglary (ACT): http://www.actstudent.org
Daşary ýurtly raýatlar üçin Iňlis dili boýunça synagy (TOEFL): http://www.ets.org/toefl
Iňlis dili boýunça halkara testirleme (International English Language Testing System,
IELTS): http://www.ielts.org
37
Bölüm 6
Siziň ýokary bilimiňiziň tölegi
ABŞ-da bilim almak örän gymmat bolup görünmegi mümkin, emma siz munuň düýpli maýalary
goýmagyň gowy ýoludygyna eýýäm düşünensiňiz. Bu bölümde okuwyň bahasy we tölegi
geçirmegiň bar bolan dürli ýollary, şol sanda hem kollejler we başga çeşmeler tarapyndan
maddy kömegi barada jikme-jik maglumat getirilen.
Öňünden meýilleşdirme
―Size näçe puluň gerek boljakdygyny we özüňiziň güýjüňiziň ýetjek möçberini öňünden
hasaplaň‖ – halkara gatnaşyklaryny okaýan Ganaly talyp.
Giriş üçin resminalarary taýýarlamazdan we tabşyrmazdan ozal, aljak bilimiňiziň töleginiň
tertibine düşünmek we meýilleşdirmek gerek. Adatça, uniwersitetler we kollejler dalaşgärlerden
giriş wagtynda olaryň tölegleri geçirip biljekdigini we geçirjekdigini subut edýän resminamalary
görkezmegi soraýarlar. Ondan başga hem, talyplyk wizasyny almak üçin size okuw bilen
baglanyşykly bolan ähli tölegleri tölemäge mümkinçiligiňiziň bardygyny tassyklamak gerek
bolar. Eger-de siz durmuşa çykan ýa-da öýlenen bolsaňyz, we sizde çagalaryňyz hem bolsa, size
şeýle hem öz maşgalaňyzy üpjun etmäge mümkinçiligiňiziň bardygyny öňünden tassyklamak
gerek bolar.
Çykdajylaryň hasaby
ABŞ-da bilim almagyň esasy tölegleri - bu okuwyň tölegi, ýaşaýyş we iýmitlenme bolup durýar.
Dürli okuw jaýlarynda tölegiň möçberi örän tapawutlanýar we bu size okuwyň tölegine
gözegçilik etmäge ýol berýär. Amerikan kollejleriň ählisi okuwyň tölegi we öz ýerleşýän
ýerinde ýaşaýyş üçin çykdajylaryň jemi barada maglumatlary çap edýärler. Çykdajylary
hasaplamak üçin aşakda getirilen alamatlary göz öňünde tutuň.
Okuwyň we ýygnamalaryň tölegi
Okuwyň tölegi okuw prosesiniň tölegini we hyzmat üçin ýygnamalary, mysal üçin,
kitaphanadan peýdalanmak, talyplar üçin geçirilýän çärelere gatnaşmak ýa-da medisina
merkeziniň hyzmatlaryndan peýdalanmak, özünde jemleýär. Daşary ýurtly talyplar öz bilimine
töleýşi ýaly ýygnamalara hem tölemäge borçly. Käbir uniwersitetlerde ähli talyplara hokmany
bolan goşmaça medisina ätiýaçlandyrylyşy hem tölenýär.
Okuwyň tölegi we ýygnamalaryň möçberi dürli okuw jaýlarynda ep-esli tapawutlanýar, şeýle
bolanda hem okuwyň hili tölenýän puluň möçberine gösden-göni bagly däl. Adatça, okuwyň
tölegi we ýygnamalaryň möçberi ştatlaryň uniwersitetlerine seredende hususy uniwersitetlerde
köp. Munisipal, tehniki we hünärmen kollejlerinde bilim almak hemmesinden arzan bolup
durýar. Ştatlaryň uniwersitetleri daşary ýurtdan gelen talyplardan okuw üçin uly tölegleri
alýarlar. Ähli halatlarda diýen ýaly ştatlardaky okuw jaýlarda daşary ýurtly talyplar şol ştatyň
ýaşaýjysy bolmanlygy sebäpli okuwyň dowamynda ýokary tarifler boýunça tölemeli bolarlar.
38
Okuwyň we ýynmalaryň tölegi pes bolan uniwersitetlerde ýaşaýyşyň bahasy hem pes bolmagy
ählisinde däl. Ýyldaky çykdajyny has takyk hasaplamak üçin size şu iki ýagdaýy hem göz
öňünde tutmak gerek. Okuwyň we ýygnamalaryň töleginiň dürli okuw jaýlarda
tapawutlanýandygy we ortaça ýylda 5% göterilýändigi sebäpli, kollejleriň soňky kataloglary we
resmi internet-saýtlaryň maglumatlary bilen ýa-da maglumat kitapçasy (―ABŞ-da bilim‖
ulgamynyň maslahat merkezlerinde) bilen tanyşyň. Okuw jaýyna resminama tabşyrýan
wagtyňyzda okuwyň tölegini anyklaň.
Ýaşaýyşyň nyrhy
Ýaşaýyşyň bahasy ep-esli tapawutlanyar we onuň gurluşyna bagly. Esasan hem uly şäherlerde,
Kaliforniýada we ABŞ-nyň demirgazyk-günortasynda ýaşamak gymmat bolýar. Çykdajylar
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň günortasynda we merkezi böleginde ep-esli pes bolup biler.
Uniwersitetleriň maglumat kitapçalary we internet sahypalary talyplaryň ýaşaýyşynyň
çykdajylary barada maglumatyň gowy çeşmesi bolup durýar. Adatça, jemi töleg derejelere
bölünýär: ýaşaýyş, iýmitlenme, okuw kitaplary, medisina atiýaçlygy we şahsy çykdajylar.
―ABŞ-da bilim‖ ulgamynyň maslahat merkezlerinde size belli bir şäherde ýa-da okuw jaýynda
soňky aý üçin ýaşaýyşyň bahasy barada maglumaty hödürläp bilerler. Esasy çykdajylary
hasaplanda iýmitiň we ýaşaýyş jaýyň kireýiniň bahasyny hasaba almagy unutmaň:
Okuw kitaplary we maglumatlary: kollejler okuw kitaplaryň we maglumatlaryň bahasyny bir
okuw ýyly üçin anyklaýarlar. Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda okaýan talyplar okuw kitaplayny
örän gymmat bolanlygyna garamazdan satyn almaga borçly. Peýdalanan kitaplary arzan
bahadan satyn alar ýaly we semestr (okuw ýarymýyllygy) gutarandan soň öz kitaplaryňyzy doly
bolmadyk bahasyna satar ýaly okuw jaýlaryň aglabasynyň çäginde kitap dükanlary bar. Eger-de
siz ýörite okuw maglumatlary gerek bolan ugurlarda bilim almagy planlaşdyrsaňyz, mysal üçin,
inženerlik işi, sungat we arhitektura, siziň çykdajylaryňyzyň kän bolmagy mümkin.
Ýol ulaglarynyň çykdajysy: uniwersitetleriň aglabasy esasy ünsi ýaşaýyşyň bahasyna berýär,
emma ol siziň döwletiňiz bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlary aralygyndaky ýol çykdajysyny
hasaba almaýar. Siziň ýylky çykdajyňyzyň jemi öýüňize gezelenç etmegi we kolleje gaýdyp
gelmegiň çykdajylaryny hasaba almagy hökmandyr. Eger-de siz uniwersitet şäherçesiniň
çägininden daşarda ýaşamagy we sapaklara gatnamagy maksat edinseňiz, size gerekli boljak
çykdajylary göz öňünde tutmaklyk gerek bolar. Talyplary umumy ýaşaýyş jaýy bilen üpjun
etmeýän kollejler, şeýle çykdajylary ýaşaýyşyň umumy möçberine goşýarlar.
Başga hususy çykdajylar: hususy çykdajylara gündeki ulanýan serişdeler, egin-eşik we
hyzmatlar degişli. Şeýle hem medisina ätiýaçlygy hokmany bolup durýar. Eger-de siziň
maşgalaňyz bar bolsa, ýa-da size ýörite medisina gözegçiligi zerur bolsa, ýaşaýyşyň gerekli
bolan derejesi üçin ep-esli goşmaça pul gerek bolar.
Siziň bilimiňiziň tölegi
Çykdajylary meýilleşdirmegi ABŞ-da okuwy başlajak wagtyňyzdan 12 aý öňünden başlamaly.
Siziň kollejdäki tölegiňizi ýerine ýetirmegňiz üçin indiki şertler zerur:
39

Gerekli bolan talaplygy doldurmak (8-nji bölüme serediň)

Öz maddy ýagdaýyňyzy ölçäp kesgitlemek

Siziň haýsy möçberde maddy kömegine bil baglap biljekdigiňizi anyklamak

Okuwyň tölegini azaltmak
Öz maddy ýagdaýyňyzy ölçäp kesgitlemek
Ene-ataňyz we maşgalaňyzyň beýleki agzalary bilen maslahatlaşyň we olaryň ýylda siziň
okuwyňyza haýsy möçberde pul sarp edip biljekdigini anyklaň. Garyndaşlaryňyzdan köpräk pul
serişdelerini aljak boluň sebäbi elýeterli bolan stipendiýalaryň aglabasy okuwyň we ýaşaýyşyň
diňe az-kem bölegini tutýar we daşary ýurtly birinji ýyl talyplara hödirlemezlikleri hem ähtimal.
Maddy kömeginiň çeşmelerini anyklamak
Daşary ýurtly talyplaryň stipendiýa we maddy kömegini almaga dalaşgäri kän we olardan gowy
ýetişik talap edilýär. Siz ―stependiýa‖ we ―maddy kömegi‖ diýen terminleriň meňzeşdigine göz
ýetirersiňiz. Emma anyk aýdylanda stipendiýa – bu talybyň hyzmaty üçin, şol sanda hem gowy
okany üçin, sportda ýa-da sungatda gazanan möhüm üstünlikleri üçin, jemgyýet işi ýa-da
liderlik ukuplygy üçin tölenýän töleg. Maddy kömegi bolsa, maşgala girdejisini, emlägini we
başda şertleri göz öňüne almak bilen, talybyň maddy zerurlyklaryny kanagatlandyrmak üçin
hödürlenýär. Aşakda, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda bilim almagy isleýän daşary ýurtly
talyplaryň alyp biljek maddy kömeginiň esasy görnüşleri getirilen:
Öz yurduňdan maddy kömegini almak: öz döwletiňizde ýerli özüni dolandyrýan edaradan,
söwda kärhanalaryndan ýa-da haýyr-sogap edýän fondlardan maddy kömegini almagyň
mümkinçilikleri barada sorap biliň. Beýle mümkinçilikler ähli döwletlerde bolmasada, olaryň
kökmegi bilen siz öz okuw çykdajylaryňyzy azaldyp bilersiňiz.
Kollejler tarapynda hödürlenýän maddy komegi: ―ABŞ-da bilim‖ ulgamynyň maslahat
merkeziniň işçisi bilen duşuşygy ylalaşyň we ondan daşary ýurtly talyplar üçin maddy
kömeginiň gözleginiň tertibini anyklaň. Öňünden we ykjam görülen taýýarlyk we hakykada
ýakyn bolan umytlar size üstünlik gazanmaga ýardam eder. Hakykatda, bakalawr derejesini
hödürleýän okuw jaýlarynyň ýarysyndan azy Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň raýaty ýa-da
ýaşaýjysy bolmadyk talyplara maddy kömegini hödürläp bilerler. Amerikanyň raýatlaryna
maddy kömegi daşary ýurtly talyplardan aýratynlykda berilýär. Giriş üçin resminamalary
tabşyranda haýsy döwletiň raýatylygyňyzy görkeziň we daşary ýurtly talyplara el-ýeterli bolan
maddy kömegi barada maglumaty bermegi soraň. Eger-de siz şeýle kömegi alsaňyz, ol, adatça,
dürli görnüşli bolar, we şeýle hem p maddy ul kömegini bermek, stipendiýa – käwagtlar bolsa
40
ssuda (karz pul) ýa-da doly bolmadyk iş güni bilen üpjun etmegi ozünde jemlär. Inženerlik işi,
telekeçilik we dolandyryş, saglygy goraýyş ýaly hünärmen bilimini berýän kollejler we hökümet
kollejleri maddy kömegini seýrek berýärler. Hususy gumanitar kollejleri maddy kömeginiň kän
görnüşlerini hödürläp bilerler. Gözleg prosesinde öz okamak isleýän kollejleriňiziň tablisasyny
düzüň. Okuwyň ýylky tölegini (ýokarda getirilen şertleri hasaba alyp) ýazyň, we soňra her bir
kollej tarapyndan hödürlenýän maddy kömeginiň ortaça möçberini we stipendiýanyň sanyny
belläň. Beýle maglumaty ―ABŞ-da bilim‖ ulgamynyň maslahat merkezlerinde ýygnap bolar.
Tablisa size nirede üstünlik gazanmaga ähtimallygyň beýikligini tiz anyklamaga we giren
halatyňyzda maddy kömegini alyp bilmejek kollejleriňizi terk etmäge ýol berer.
Daşary ýurtly talyplary adatça maslahatçylardan ýol çykdajysyndan başga, okuw üçin ähli
çykdajylary öz içine alýar, stipendiýalar barada soraýarlar. Ýylda Amerikanyň Birleşen
Ştatlaryna daşary ýurtlardan gelýän talyplara şeýle stependiýalaryň umumy 2 müňe golaýyny
100-den gowrak kollejler hödürleýär. Doly stipendiýany almak üçin size öz döwletiňizde örän
gowy ýetişigi görkezmek, her okuw dersinden diýen ýaly ýokary ballary almak, (―örän oňat‖)
we synaglarda gowy netije görkezmek (Akademiki ukyby anyklaýan synagy (SAT) ýa-da
Amerikan kollejleri üçin testirleme ulgamynda ýokary okuw jaýyna giriş synaglary (ACT),
şeýle hem daşary ýurtly raýatlar üçin Iňlis dili boýunça synag (TOEFL) ýa-da iňlis dili boýunça
halkara testirleme (International English Language Testing System, IELTS)) we öziňizi başga
ugurlarda, mysal üçin, jemgyýet işinde gowy görkezmek zerur. Her bir stipendiýa üçin dünýä
boýunça 20 sany gowy talyplar dalaşgärlik edýär, şonuň üçin hem size beýleki mynasyp
dalaşgärleriň ýanynda özüňizi iň gowy tarapdan görkezmek gerek.
Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndaky kollejleriň sanlyjasy özüniň ähli talyplarynyň maddy
zerurlyklaryny kanagatlandyryp bilerler. (Bu okuw jaýlaryna girmek üçin bäsleşigiň
ýokarydygyny belläp geçmek zerur). Maddy zerurçylyklary – bu kollejde okuwyň hasaplaşyk
bahasy bilen siziň we siziň maşgalaňyzyň toplap biljek pulunyň arasyndaky tapawudy. Siziň
maşgalaňyzyň maddy ýagdaýy - siziň hossarlaryňyzyň girdejisi baradaky takyk resminamalary,
şol sanda hem subut edýän resminamalary (bank sçýotyndan göçürme, iş ýerinden kepilnama,
we başga resminamalar we kepilnamalar) esasynda anyklanýar. Talyplaryň maddy ýagdaýyny
göz öňünde tutup stipendiýalaryň as sanyny hödürleýän uniwersitetlerde hem sizden şeýle
resminamalary tabşyrmagyňyzy sorarlar.
Kollejlerdäki maddy kömegi okuw ýylynyň başynda we seýrek halatlarda, okuw ýylynyň
ortasynda, ýagny ýanwar aýynda ýa-da başga islendik wagtda berilýär. Maddy kömegi başga
okuw jaýyndan geçen talyplara seredende köplenç birinji okuw ýylynda okaýan talyplara
berilýär. Kollejde özüni gowy tarapdan görkezen talyplara täze okuwa giren talyplara garanda
maddy kömegini gazanmaklyk aňsat.
41
Sport stipendiýalary: okuwyň töleginiň hasabynda amerikan kollejleriň käbirleri sport bilen
meşgullanýan zehinli talyplara kollejiň ýygyndy topary üçin çykyş etmäge mümkinçilikleri
hödürleýärler. Şu sanyň 7-nji bölüminde sport stipendiýasyny almaklyk üçin talaplyk
doldurmagyň tertibi barada takyk maglumat getirilen.
Daşary ýurtlardan gelen talyplara maddy kömegi: daşary ýurtly talyplar maddy kömegi üçin
haýyr-sogap edýän fondlara, guramalara we ABŞ-nyň hökümedine ýüz tutup bilerler. Beýle
çeşmelerden maddy kömegini almaklygyň ähtimallygy örän pes we adatça, ol ýokary kursda
okaýan maksada okgunly talyplar üçin berilýär. ―ABŞ-da bilim‖ ulgamynyň maslahat
merkezleriniň işgärleri siziň döwletiňizdäki talyplara ýörite maddy kömeginiň nirede
berilýändigi barada maglumata eýedirler.
Karz puly: käbir halatlarda, siz okuw çykdajylaryňyzy az-kem örtmek üçin karzyna pul alyp
bilersiňiz. ―ABŞ-da bilim‖ ulgamynyň maslahat merkezleriniň işgäleri size el-ýeterli bolan
karzyna pul berýän maksatnamalar barada maglumaty hödürläp bilerler. Adatça, size ABŞ-da
berilen karz puly üçin gaýdyp bermäge kepil bolýan adam ABŞ-nyň raýaty bolmaly, we köp
halatlarda, talaplyk tabşyrmazdan ozal siz eýýäm amerikan uniwersitetine kabul edilen bolmaly.
Karz puly resmileşdirýän wagtyňyz ony nädip gaýdyp berjekdigiňize, we onuň siziň okuwy
dowam etmek we ýurduňyza dolanyp barmak maksatlaryňyza nähili täsir etjekdigine göz
ýetiriň.
Işe ýerleşdirmeklik: immigrasiýa degişli bolan kanuna laýyklykda F-1 we J-1 talyplyk
wizasyny alan daşary ýurtly talyplar uniwersitet şäherçesiniň çäginde okuw semestry (okuw
ýarymýyllygy) dowamynda hepdede 20-e sagada çenli we dynjalyş döwrinde doly iş gününi
işlemäge hukugy bar. Hepdede 10-15 sagat işläp siz az sanly çykdajylaryňyzy (mysal üçin,
okuw kitaplary we egin-eşikleri satyn almak) we gündeki harajatlaryňyzy örtmäge ýeterli pul
gazanyp bilersiňiz. Ýöne siziň uniwersitet şäherçesindäki gazanjyňyz okuwyň tölegine, jaýyň
kireýine we iýmitlenmäge ýetmez. Girdejiniň bu çeşmesi resmi maddy resminamalarynda
girdeji hökmünde peýdalanyp bilmez. Uniwesitet şäherçelerinde iş - uniwersitet çaýhanasynda,
kitap dükanynda, kitaphanada, sport we sagaldyryjy merkezde ýa-da uniwersitetiň maliýehojalyk gullugynda hödürlenip biler. Okuwyň birinji ýylyndan soň, siz şeýle hem umumy
ýaşaýyş jaýynda işleýän kömekçileriň wezipese talaplyp tabşyryp bilersiňiz. Olara, esasan hem
umumy ýaşaýyş jaýyndaky ýaşaýyş durmuşy barada ýardam ýa-da maslahat gerek bolan talyplar
ýüz tutýarlar. Talyplar bu hyzmaty üçin mugt ýaşaýyş jaýy bilen üpjin edilýär we käwagtlar
olara – uly bolmadyk töleg we (ýa-da) iýmitlenmek plany hödürlenýär. Bar bolan düzgünlere
laýyklykda, okuwyň birinji ýylyny tamamlandan soň, eger siz maddy ýagdaýyňyzyň agyrlygyny
kepillendirip bilseňiz, siz ABŞ-nyň milli howpsuzlyk ministirligine uniwersitet şäherçesiniň
çäginden daşarda okuw semestry dowamynda 20 sagada çenli ýa-da dynç-alyş wagtynda doly iş
günini işlemäge rugsat bermegi haýyş edip bilersiňiz. Şeýle bolanda hem, siziň haýyşyňyzyň
kanagatladyryljakdygyna güwänama ýokluguny göz öňünde tutmak gerek. Eger-de siz
öýlenen/durmuşa çykan bolsaňyz we ABŞ-da okamak üçin F-1 talyplyk wizasyny (ii-bölüme
serediň) alan bolsaňyz, siziň aýalyňyzyň/adamyňyzyň işlemäge rugsaty ýok. Eger-de size ABŞda okamak üçin J-1 talyplyk wizasy berilen bolsa, onda siziň aýalyňyzyň/adamyňyzyň işe
girmekligiň wagtlaýyn rugsatnamasyny soramaga hukugy bar. Işe girmekligiň
mümkinçiliklerine seretmezden ozal, daşary ýurtly talyplaryň maslahatçysy bilen
maslahatlaşmak gerek. Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda işlemeklik barada has takyk
maglumaty şu kitapçanyň 22-nji bölüminde we ―Gitmeklige taýýarlyk görmek: Amerikanyň
42
Birleşen Ştatlarynda okuw we ýaşaýyş barada amaly maglumat‖ ady bilen getirilen şu sanyň 4nji kitapçasynda tapmak bolar.
Okuwyň çykdajylaryny nädip peseltmeli
Öz maddy ýagdaýyňyzy planlaşdyran wagtyňyz çykdajylary azaltmagyň aşakdaky ýollary bilen
tanyşmagy unutmaň:
Has bähbitli teklipler: ýokary bilimi haýsy kollejlerde iň arzan baha alyp bolýandygyny biliň.
Okuwyň tizleşdirilen maksatnamalary: dört ýyllyk bakalawr taýýarlygyny üç ýylda okamak
bilen siz birnäçe müň dollary tygşytlap bilersiňiz. Talyplar okuwy ekstern (tizleşdirilen) ýoly
bilen tamamlap bilerler:

Amerikan okuw jaýyna geçiriljek okuw sagatlaryny/kreditlerini toplamak bilen ýa-da öz
döwletiňizde kollej derejesinde okuw maksatnamasyny geçip uniwersitete ýa-da kolleje
girmäge hukuk gazanyp (mysal üçin, amerikan okuw jaýynda tassyklanýan ―A-level‖
maksatnamasy boýunça taýýarlyk geçmek, halkara bakalawriat maksatnamasyny geçmek,
ekstern ýoly bilen synaglary tabşyrmak, öz döwletiňizde akreditasyýasy bar bolan ýokary
okuw jaýlarynda kurslary geçmek, eger-de olary)

Goňşy bolan munisipal kollejinde okamak bilen, esasan hem eger-de onuň bahasy arzan
we onuň okuw sagatlary başga okuw jaýlarynda tassyklanýan bolsa

Tomusky sapaklara gatnaşmak bilen (eger olar geçirilýän bolsa)

Her bir semestr dowamynda bir sany artykmaç dersi okamak bilen
Okuwyň tölegini peseltmek: kollejriň käbiri birinji kursuň netijesi esasynda okuwyň tölegini
azaldýar. Köplenç bu birnäçe müň dollar tygşytlamaga ýardam edýär.
Ýaşaýyşyň bahasy: talyplaryň umumy ýaşaýyş jaýynda komendant bolup işlemek size jaýyň
kireýinde pul tygşytlamaga ýardam eder. Gerekli jaýyň ýerliginde barlygynda, şeýle hem gowy
ösen ýol ulagy bolan halatynda, talyplyk şäherçesiniň çäginden daşarda öz garyndaşlaryňyz ýada dostuňuz bilen ýaşamak size arzan düşer.
Iki ýyllyk we munisipal kollejleri: biraz pul tygşytlamak maksady bilen talyplaryň köpüsi
okuwyň birinji iki ýylyny munisipal kollejinde okaýarlar we soňra dört ýyllyk taýýarlyk
maksatnamaly uniwersitetlere we kollejlere geçip tamamlaýarlar.
Gysgaça beýany
43

Amerikan okuw jaýyna girjek wagtyňyzdan 12 aý öň kollejiň saýlawy bilen bilelikde öz
maddy ýagdaýyňyz barada plan düzüň

Okuwyň töleginiň möçberi dürli kollejlerde dürli bolýar. Bilimi hususy uniwersitetler
bilen deňeşdirende ştatlaryň kollejlerine almaklyk arzan bolýar, emma munisipal
kollejlerine ondan hem arzan bolup biler. Şonuň üçin okuwyň bahasyny ykjam öwreniň.

Okuwyň tölegi okuw jaýyndaky taýýarlygyň hiliniň görkeziji bolup durmaýar.

Ýaşaýyşyň bahasy siziň ýaşaýan ýeriňize, zerurlyklaryňyza we ýaşaýyş nusgaňyza bagly.

Kollejleriň köpüsi siziň we siziň maşgalaňyzyň okuw bilen baglanyşykly bolan tölegleriň
ählisini tölejekdigiňize bil baglaýarlar.

Mümkin bolan maddy kömeginiň esasy çeşmesi – bu siziň girýän kollejiňiz bolup durýar.
Şeýle bolanda hem, daşary ýurtly talyplar üçin el-ýeterli bolan fondlaryň sany az, we
okuwyň doly tölegini diňe käbir halatlarda töleýärler.

Maddy kömegi stipendiýa, karz puly görnüşinde we belli bir halatlarda – okuw bilen işi
utgaşdyrma ýa-da okuw bilen karz puly utgaşdyrma görnüşinde hem bolup biler. Adatça,
maddy kömegi dalaşgäriň hyzmatyna/ukybyba we käwagtlar onuň maddy zerurlyklaryna
bagly bolýar.

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda işlemeklik mümkinçilikleri çäkli, we olar resmi girdeji
hökmünde görkezilip bilmezler.

Zehinly sportsmenler sport stipendiýalaryny almagy sorap bilerler (has doly maglumat
indiki bölümde getirilen).

ABŞ-da bilimiňiziň bahasyny peseltmegiň birnäçe ýollary bar. Mysal üçin, munisipal
kollejlerinde ýa-da tizleşdirilen maksatnamaboýunça okamanak.
Internet ulgamynda peýdaly bolan sahypalar
―ABŞ-da bilim‖ (EducationUSA Website) ulgamynyň maslahat merkezleriniň internet
sahypasyndaky ―Maddy kömegi‖
bölümihttp://www.educationusa.info/pages/students/finance.php
Halkara Bilim Institutynyň (Institute for International Education) ―ABŞ-da bilimiň tölegi‖
(Funding for U.S. Study) internet sahypasy http://www.fundingusstudy.org/
Bölüm 7
44
Daşary ýurtly sportsmenler üçin bilim almaga maslahatlar we maglumatlar
Dünýäning dürli döwletlerinden gelen sportsmen talyplar eýýäm 100-den gowrak ýylyň
dowamynda ABŞ-nyň kollejleri we uniwersitetleri üçin ýaryşýarlar. Amerikan talyplyk
şäherçelerinde olaryň sany durnuklylyk bilen ösýär we türgençiler olaryň gözlegleri we
gyzyklanmasy esasynda işjeň taýýarlyk geçýärler. Eger-de siz sport bilen meşgullanýan
bolsaňyz, üç sport birleşiginiň birine degişli bolup durýan kollej derejesinde geçirilýän sport
bilen meşgullanmagyň, okuw jaýy tarapyndan hödürlenýän mümkinçiliklerinden
peýdalanmagyň talaplary bilen tanyşyň. Gerekli bolan kollejlere we uniwersitetlere adaty
gözleg, saýlaw we resminama tabşyrmak bilen bilelikde, şeýle birleşikler tarapyndan ýola
goýulýan ýaryşlara gatnaşmak we öz okuw jaýyňyza wekilçilik etmek üçin ähli talaplary berjaý
eder ýaly size goşmaça tapgyrlary geçmek gerek bolar.
Kollej derejesinde bar bolan esasy sport birleşikleri
Sportsmen talyplaryň milli birleşigi (National Collegiate Athletic Association,
NCAA): Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda bar bolan iň irki, iň uly we giňden ýaýran talyplar
birleşigi. Bu birleşigiň hasabynda 380 000 golaý spotsmen talyplar bäsleşiklere gatnaşýarlar;
olardan 126 000 golaýy bölekleýin ýa-da doly bolan sport stipendiýalaryny alýarlar. Dört ýyllyk
bolan kollejleriň we uniwersitetleriň müňlerçesi üç katigoraýanyň haýsyda bolsa birinde agza
bolup durýarlar. Bu toparlar indiki alamatlary boýunça anyklanýar: sport birleşiklerinde durýan
we okuw jaýy tarapyndan tölenýän sportuň görnüşleriniň sany; sport ýaryşlarynyň tertibi;
oýnalmaly oyunlaryň sany; sport maliýeleşdirmesiniň çeşmesi. Birleşigiň internet
sahypasynda (www.ncaa.org) sportuň görnüşlerine, toparyna we ştatyna laýyklykda okuw
jaýlarynyň sanawy getirilen.
Iki ýyllyk kollejleriň milli sport birleşigi (National Junior College Athletic Association,
NJCAA):
Bu birleşigiň hasabynda azyndan 500 golaý iki ýyllyk kollejleiri bar. 43 500 golaý sportsmen
talyplary üç dereje boýunça ýaryşýarlar, başga okuw jaýlary bolsa daşary ýurtly talyplara birinji
we ikinji derejesi boýunça bölekleýin ýa-da doly sport stipendiýalaryny hödürleýär. Birleşigiň
internet sahypasynda (www.njcaa.org) sebiti, ady, sportuň görnüşi ýa-da derejesi boýunça okuw
jaýlarynyň sanawy ýerleşdirilen
Uniwersitet ara milli sport bileşigi (National Association of Intercollegiate Athletics,
NAIA):
45
50 000 golaý sportsmenler Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň we Kanadanyň çäginde bar bolan
dört ýyllyk kollejleriň 300-e golaýynda okaýarlar, we bu okuw jaýlaryň köpüsi sport
stipendiýasyny hödürleýärler. Bu birleşikde dereje ýok. Birleşigiň internet
sahypasynda (www.naia.org) onuň hasabyna girýän okuw jaýlary ady, ştaty we sebiti boýunça
görkezilen.
Sport birleşikleri tarapyndan maliýeleşdirilýän sportuň görnüşleri
Her bir sport birleşiginiň internet sahypasynda hödürlenýän sanawynda, şol birleşik tarapyndan
maliýeleşdirilýän sportuň görnüşleri takyk görkezilen. Okuw jaýlarynyň sportuň ähli görnüşleri
boýunça ýaryşlara gatnaşmaýandyklaryna üns bermek zerur - sportuň görnüşi şol birleşige
degişli hem bolsa we ol şol sportuň görnüşi boýunça ýaryşlara hemaýatkärlik edýän hem bolsa
okuw jaýlary olara gatnaşman biler. Mysal üçin, Sportsmen talyplaryň milli birleşiginiň okuw
jaýlarynyň käbirinde golf boýunça toparlary bar we başga kollejlerde we uniwersitetlerinde
bolsa ol ýok. Şeýle hem käbir kollejlerde diňe erkekleriň ýa-da aýallaryň toparynyň
aýratynlykda bardygyny belläp geçmek zerur.
Dalaşgärlere bildirilýän akademiki talaplary we sport birleşigine kabul edilmegiň tertibi
Her bir Sport birleşigi dalaşgärlere öziniň aýratyn talaplaryny berkidýär we bu
talaplar derejä baglylykda tapawutlanýar. Mysal üçin, sportsmen talyplaryň milli birleşiginiň
birinji we ikinji derejesinde 9-12 synpda okaýan okuwçylara gerekli bolan dürli dersler hakynda
jikme-jik aýdylan. Ondan başga-da, şol birleşigiň üçinjiderejeli okuw jaýlary bu sorag boýunça
özbaşdak netije çykarýarlar. Sportsmen talyplaryň milli birleşiginiň okuw jaýlary bilen
deňeşdirende iki ýyllyk kollejleriň milli sport birleşiginiň we uniwersitet ara milli sport
birleşiginiň dalaşgärler üçin talaplary öran maýyşgak (olar şeýle hem internet sahypasynda
ýerleşdirilen). Eger-de talyp, sportsmen talyplaryň milli birleşiginiň akademiki talaplaryny
ýerine ýetirip bilmedik bolsa, onda ol iki ýyllyk kollejleriň milli sport birleşiginiň ýa-da
uniwersitet ara milli sport birleşiginiň hasabyna girýän okuw jaýlarynda güýjini synap biler. Her
bir birleşigiň internet sahypasynda ýerleşdirilen dalaşgärler üçin talaplary üns bilen öwrenmegi
maslahat berýäris. Olar şeýle hem 9-12 okuw ýyllarynda okamaly sapaklaryň we gerekli bolan
bahalaryň sanawyny, akademiki ukyby anyklaýan (SAT) ýa-da Amerikan kollejleri üçin
testirleme ulgamynda ýokary okuw jaýyna giriş synaglarynyň (ACT) nimimal ballary, mekdebi
gutaran ýyly we bş. özünde jemleýär.
Birleşigiň akademiki talaplaryna laýyk gelmek we toparyň agzasy bolmak - prosesiň diňe bir
bölegi bolup durýar. Siz ondan başga hem öz girjek okuw jaýyňyzyň dalaşgärler üçin umumy
giriş talaplaryna deň gelmeli. Köp halatlarda okuw jaýlaryň giriş talaplary sportsmen
46
dalaşgärleriň talaplary bilen deňeşdirende hasda ýokary bolýar.
Sport birleşikleriniň höwesjeň sporty boýunça talaplary
Ýokarda getirilen sport birleşikleriniň akademiki talaplaryna goşmaça olaryň professional däl-de
―höwesjeň‖ diýmegiň hersiniň öz kesgitlemesi bar we ähli talyplar şoňa laýyk gelmeli.
Höwesjeňiň statusy barada düzgüni we orny her bir birleşigiň internet sahypasynda görkezilen,
we onuň ölçegi indiki soraglaryň jogaplaryny özüne goşýar: (1) şu sportuň görnüşi boýunça
ýaryşa gatnaşanyňyz üçin siz girdeji aldyňyzmy; (2) hünärmen topary bilen şertnama
baglanyşdyňyzmy ýa-da olar üçin çykyş etdiňizmi; (3) agent bilen ylalaşyk baglanyşdyňyzmy;
(4) baýrakly orny eýeläniňiz üçin pul haky aldyňyzmy.
Sport birleşiklerinde dalaşgärleriň sertifikasiýasy
Eger-de dalaşgär öz okuw jaýynyň sport durmuşyna gatnaşjak bolsa, onda ol birinji we ikinji
derejeli sportsmen talyplaryň milli birleşiginiň dalaşgärlerini sertifikasiýa edýän merkezinden
rugsat almaly we diňe şondan soň oňa indiki rugsat beriler: (1) sport stipendiýasyny almak; (2)
türgenleşmek ýa-da birleşigiň topary üçin çykyş etmek; (3) talyplyk wisasyny almaga ýüz
tutmak ýa-da ABŞ-nyň çägine talyp hökmünde gelmek . Gyzyklanan talyplar «Student Release
Form» (talybyň rugsat resmikagyzyny), höwesjeň sporty boýunça sportsmenyň sowalnamasyny
doldurmaly ( birleşigiň internet sahypasynda tapyp bolar) we hasaba durmak üçin 75 Amerikan
dollary gatanç tölemeli. Sportsmenlere 11-nji synpdan başlap hasaba durmak bolýar we hasaba
durmaklygyň möhleti çäksiz.
―Dalaşgäriň kepilnamasy‖ we ―höwesjeň sport bilen meşgullanýan sportsmenyň
sowalnamasy‖ hem iki ýyllyk kollejleriň milli sport birleşiginiň internet sahypasynda
ýerleşdirilen. Uniwersitet ara milli sport birleşiginiň okuw jaýlary tarapyndan öňe sürülýän
dalaşgärleriň normatiw orny we talaplary onuň internet sahypasynda getirilen we birleşigiň
hasabyna girýän okuw jaýlary olara ýolbaşçylyk edýär we ýerine ýetirilmegine jogap berýär.
Dalaşgär tarapyndan alynan rugsatnama okuw jaýyna kabul edilmeklige we toparda agzalyk ýada sport stipendiýasyny almaga dahlynyň ýoklygyna düşünmek zerur.
Sport rezýumesi we türgençiniň gözlegi
Size 1-2 sahypadan ybarat bolan sport rezýumesini (gysgaça beýan) düzmeklik we ony öz
saýlan okuw jaýyňyzdaky türgençilere ibermeklik zerur. Rezýume gysga, meşgullanýan işe
degişli we sanaw görnüşde bolmaly. Onda siz bilen habarlaşar ýaly maglumat, sport bilen bagly
terjimehalyňyz, gazanan üstünlikleriňiz, reýtingde tutýan ornuňyz, okuw we sport bilen bagly
bolan maksadlaryňyz getirilmeli. Şeýle hem mekdebi gutarjak takyk wagtyňyzy, geljekki
hünäriňizi (eger-de siz eýýäm saýlan bolsaňyz), şu wagtky ýetişigiňiziň ortaça balyny (GPA),
fiziki maglumatlary (boý we agram) görkezmeli. Sport rezýumesi türgençä siziň geljekki
47
üstünligiňizi tiz saýgarmaga, şeýle hem şol toparda oýnamaga siziň gabat gelýäniňizi
anyklamaga ýardam eder we netijede, belki siz ony gyzyklandyrarsyňyz. Käbir türgençiler siziň
oýnuňyzyň wideokasetasyny ýa-da diskyny soramagy mümkin. Bu diňe bir esasy sport
oyunlaryň ýazgysy bolman, eýsem durmuşyňyzyň başga pursatlaryny hem özünde jemlemeli.
Sport bilen meşgullanmak üçin mümkinnçilikleri gözlemäge we türgençi bilen hat alyşmaga siz
örän kop wagt sarp edip bilersiňiz, şonuň üçin hem bu prosesa ABŞ-da okuw başlajak
wagtyňyzdan 18-24 aý öňünden başlamak gerek. Türgençiler ýa-da sport kafedrasynyň beýleki
işgärleri bilen habarlaşmagyň maglumatlaryny kollejiň ýa-da uniwersitetiň internet
sahypasynyň «Athletics Department» (Sport kafedrasynda) bölüminde tapyp bilersiňiz. Kabul
ediş iş toparynyň agzalary size türgençi bilen duşuşyk gurnamaga ýardam ederler. Käwagtlar
kabul ediş iş toparynyň düzüminde ýa-da sport kafedrasynyň işgärleriniň arasynda sportsmen
talyplara maslahatl bermäge ýöriteleşen hünärmen bolýar. Şeýle hem käbir kollejleriň we
uniwersitetleriň internet sahypasynda geljekki sportsmen talyplary üçin soragnamalar
ýerleşdirilen, bu halatda size rezýumeniň geregi bolmazlygy mümkin.
Käbir halatlarda türgençileriň özi sportsmenleri agtaryp tapýarlar we olary öz okuw jaýyna
çagyrýarlar. Bu hemişe sportsmenlere ýaraýar, emma diňe size haýsydyr bir okuw jaýynyň
türgençisi ýaranlygy üçin siziň talaplaryňyza laýyk gelýän başga okuw jaýlaryň gözlegeni bes
etmäň.
Käýarym sportsmenler stipendiýa almaga kömek edýän saýlaw we ýerleşdiriş gullugynyň tölegli
hyzmatlardan peýdalanýarlar. Siziň döwletiňizde ýa-da internet ulgamynda bar bolan şunuň ýaly
saýlaw gullugy barada doly maglumat üçin ―ABŞ-da bilim‖ ulgamynyň maslahat merkezine ýüz
tutuň.
Sport stipendiýalary
Institutlaryň ençemesi amerikan kollejinde ýa-da uniwersitetinde okan wagty okuwyň tölegini,
gatançlary, okuw kitaplary we ýaşaýyş üçin çykdajylary bölekleýin ýa-da doly örtýän sport
stipendiýalaryny hödürleýärler. Olar öz döwletiňizden okuw jaýyňyza çenli ýol çykdajylaryny,
telefon üçin çykdajylaryny, kir ýuwmagyň we iýmitlenmegiň çykdajylaryny, we öz
kamandaňyzdan daşary bolan gezelenç üçin çykdajylary örtmeýär. Maddy kömegini sportda
üstünlik gazanmaga ynam berýän talyplara kollejleriň ählisi hödürlemeýär. Sport stipendiýasyny
alan talyplar şol okuw jaýynyň islendik maksatnamasynda okamaga hukugy bar, ýöne beýle
bolanda hem şol okuw jaýynyň giriş üçin esasy talaplaryny berjäý etmäge borçly. Sport
stipendiýalary diňe bir okuw ýylyna berilýär we ony uzaltmak ýa-da indiki stipendiýany almak
üçin sportsmenden kanagatlandyryjy ýetişik we gerekli bolan sport derejesini saklamaklyk talap
edilýär.
Sportsmenler üçin başga bar bolan mümkinçilikler
Amerikan kollejinde ýa-da uniwersitetinde sport bilen meşgullanmaga, taýýarlyk görmäge we
ýöne gowy sport sypatyny saklamaga we şeýle hem içerki we klub ýaryşlaryna gatnaşmaga ep48
esli mümkinçilikler bar. Köplenç, talyplyk şäherçelerinde sport desgalaryna mugt ýa-da uly
bolmadyk tölege barmak bolýar, sport bilen meşgullanmak bolsa täze dost edinmäge we
talyplyk şäherçesiniň durmuşyna işjeň gatnaşmaga ýardam edýär.
Gysgaça beýany

Meýilleşdirmegi öňünden başlaň – dürli kollejlerde we uniwersitetlerde bar bolan sportuň
we okuw maksatnamalarynyň dürli görnüşleriniň gözlegine ýeterli wagt sarp ediň.

Sport birleşikleriniň düzgünlerini öwreniň we olary ýerine ýetiriň.

Bar bolan islendik teklibi göz öňünde tutuň.

Tutanýerli boluň we ähli işi öz wagtynda ýerine ýetiriň.

Sport rezýumesini düzüň we ony okuw jaýlaryna ugradyň.

Sport stipendiýasy okuw tölegini we ýaşaýyşyň çykdajylaryny doly ýa-da bölekleýin
örtüp biler.

Sportsmen talyplary kolleje ýa-da uniwersitete giriş talaplaryny we sport birleşikleriň
talaplaryny berjaý etmeli.
Internet ulgamynda bar bolan peýdaly sahypalar
Sportsmen talyplaryň milli birleşigi (National Collegiate Athletic Association,
NCAA): http://www.ncaa.org
Uniwersitet ara milli sport bileşigi (National Association of Intercollegiate Athletics,
NAIA): http://www.naia.org
Iki ýyllyk kollejleriň milli sport birleşigi (National Junior College Athletic Association,
NJCAA): http://www.njcaa.org
Bölüm 8
Giriş üçin resminamalary dogry taýýarlamagyň ýollary
49
Umuman sizde siziň talaplaryňyza, gyzyklanmalaryňyza we mümkinçilikleriňize laýyk gelýän
kollejleriň sanawy bar diýeli. Siz şeýle hem okuwa girýänleriň minimal talaplaryna deň
gelýäniňize we ABŞ-da birinji derejeli ýokary bilimi almak üçin ähli çykdajylary tölemäge
ýagdaýyňyzyň barlygyna göz ýetirdiňiz. Diýmek siz giriş üçin gerekli bolan resminamalary
ýygnap başlap bilersiňiz. Bu bölümde size öz saýlan kollejiňize girmäge üstünlikli taýýarlanmak
üçin ýardam etjek amaly maglumatlar we maslahatlar hödürlenýär. Giriş üçin resminamalary
tabşyrmagyň prosesi – ilkibaşda gerekli bolan maglumaty ýygnamakdan talyplyk wizasyny
almaga çenli Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna okamaga gitjek wagtyňyzdan 12-18 aý öňünden
başlamaly. 9-njy bölümde ABŞ-nyň ähli uniwersitetlerine girmegiň möhletleri görkezilen. Bu
tutuş prosesi 12 aýdan az wagtda geçmäge mümkinçilik bar, emma ony giç başlan dalaşgärlerde
kollejleriň saýlawy çäkli we maddy kömegini almaga mümkinçilikleri az bolýar.
Giriş üçin maglumatlary almaga ýüz tutmaklyk
Resminamalary ýygnamak üçin işiň göwrümini we çykdajylaryny göz öňünde tutup,
dalaşgärleriň aglabasy 4-7 sany kollejlere resminama tabşyrmak bilen çäklenýärler. Emma siz,
özüňize gerek bolan möçberdäki kollejlerden maglumat sorap bilersiňiz. Ýöne, eger-de siz
haýsy kollejlere resminama tabşyrjagyňyzy takyk anyklan bolsaňyz, onda maglumaty diňe
şolardan soraň. Maglumat kitapçalaryny okandan soň, arza blankasyny görenden soň we alynan
maglumatlardan soň size soňlukça okuw jaýlaryň sanawyny gysgaltmaga ýol berer ýaly
maglumaty siziň talaplaryňyza laýyk gelýän on-ýigrimi okuw jaýlaryndan sorap bilersiňiz. Egerde sizde Internede girmäge mümkinçiligiňiz bar bolsa, siz amerikan uniwersitetleriniň
aglabasynyň maglumat kitapçalaryny öz internet sahypasynda hödürleýändiklerini görersiňiz,
uniwersitetleriň käbirleri bolsa kitapçalary kagyz görnüşinde çap etmegi bir eýýäm bes etdiler.
Uniwersitetleriň köpüsi şeýle hem arza blankasyny internet ulgamynda doldurmagy
hödüredýarler. Eger-de şeýle mümkinçilikler bar bolsa, onda olardan peýdalanyň. Bu, arza
tabşyrmagyň iň tiz ýoly bolar. Arza blankasyny we başga maglumatlary soramagyň iň ýönekeý
ýoly – elektron poçtasy bolup durýar, we adatça ABŞ-daky uniwersitetleri tiz jogap berýärler.
Eger-de sizde internede girmäge mümkinçiligiňiz bolmasa we size arza blankasy, gerekli bolan
maglumatlar we maglumat kitapçasy çap edilen görnüşinde gerek bolsa, uniwersitetlere hat
ýazmak we faks ugratmak ýoly bilen ýüz tutuň. Daşary ýurtlara poçta goýbermeklik
gymmatlygy sebäpli size uniwersitetler okuw dersleriniň sanawynyň gysgaldylan görnüşini
goýbermekleri we eger size maglumat kitapçasynyň doly görnüşi gerek bolsa, onda sizden poçta
hyzmatlarynyň çykdajylaryny tölemegiňizi soramaklary mümkin. Size ýakyn bolan ―ABŞ-da
bilim‖ ulgamynyň maslahat merkezinden gerekli bolan maglumat kitapçasynyň barlygyny
anyklaň. Eger-de size gerek bolan maglumaty almasaňyz ýa-da tapyp bilmeseňiz, onda göni
bakalawriat boýunça daşary ýurtly talyplary kabul ediş iş toparyna ýüz tutuň. Birinji talaplygy
kabul edilmeli wagtyňyzdan 12 aý öňünden goýderiň. Esasan hem, noýabr-dekabr aýlarynda
ABŞ-da baýramçyklyklar sebäpli poçta kän ýüklenen wagty siz poçta boýunça arza ýa-da
maglumat sorajak bolsaňyz, ahyrky nokadyna gowşurmagyň wagty iki esse köp eglejekdigi
50
sebäpli halkara ibermesinde mümkin boljak saklanmalar üçin özüňize ýeterlikli wagt sarp ediň.
Giriş synaglary tabşyrmak üçin hasaba durmak
Eger-de siz okuwy sentýabr aýynda (güýzki semestr) başlamagy planlaşdyrsaňyz, ähli gerekli
testleri şol ýylyň ýanwar aýyna galman tabşyryň, has gowysy – ondan-da ir tabşyryň. (bäşinji
bölümde test tabşyrmagyň we hasaba durmagyň tertibi hakynda has doly maglumat getirilen).
Her bir kollejde haýsy testi tabşyrmalydygyňyzy anyklaň: Amerikan kollejleri üçin testirleme
ulgamynda ýokary okuw jaýyna giriş synaglary (ACT), Akademiki ukyby anyklaýan synagy
(SAT), we onuň çäginde geçirilýän aýratyn dersler boýunça testleriniň (SAT Subject Tests) biri
bolup biler. Akademiki ukyby anyklaýan synagy (SAT), we onuň çäginde geçirilýän aýratyn
dersler boýunça testleriniň (SAT Subject Tests) bir günde tabşyrmaga rugsat berilmeýändigini,
we olara hasaba durmagyň möhletleri adatça synag geçirilmeli senesinden bäş-alty gün ozal
bolýandygyny ýatda saklaň. Synaglaryň netijesi boýunça alynan ballar okuw jaýyna arza
tabşyrmagyň kesgitlenen möhleti gutarmanka baryp ýetmeli we size ballary arza tabşyrmagyň
kesgitlenen möhleti gutarmagyna azyndan dört-alty hepde galanda alynar ýaly edip gurnamak
gerek. Eger-de, iňlis dili siziň ene diliňiz bolmasa, onda size daşary ýurtly raýatlar üçin Iňlis dili
boýunça synagyna (TOEFL) hasaba durmak ýa-da iňlis dili boýunça halkara testirlemani
(International English Language Testing System, IELTS) geçmek zerur. Amerikan kollejleri
üçin testirleme ulgamynda ýokary okuw jaýyna giriş synaglary (ACT) weAkademiki ukyby
anyklaýan synagyndaky (SAT) ýaly siz netijeleriňizi kolleje resminama tabşyrmaly möhletiňiz
tamamlanmanka goýberiň. Eger-de siz daşary ýurtly raýatlar üçin Iňlis dili boýunça synagyndan
(TOEFL) ýa-da iňlis dili boýunça halkara testirlemesinden (International English Language
Testing System, IELTS) boşadylmaly diýip pikir etseňiz, onda göni uniwersitet bilen habarlaşyň
we öz ýagdaýyňyzy düşündiriň. Test bolmaly wagtyndan hiç bolmanda bir aý öň taýýarlyk
maglumatlary barada we size başga-da nämeleriň gerek boljakdyny biliň. Goşmaça maglumaty
―ABŞ-da bilim‖ ulgamynyň maslahat merkezlerinden almak bolar.
Giriş üçin materiallary doldurmak we ugratmak
Kollejden alan maglumatyňyzy üns bilen okaň. Okuw jaýlaryň aglabasy meňzeş maglumaty
tabşyrmagy talap edýär, ýöne olar tapawutly hem bolup biler. Adatça, siz aşakdaky
maglumatlary hödürlemeli.
Arza blankasy
Özüňiz barada gowy täsir galdyrmak üçin arza blankasyny arassa we düşnükli doldurmaly.
Eger-de blankany elde doldurmaly diýip görkezilen bolmasa, onda elektron görnüşinde
dolduruň. Siziň berjek maglumatyňyz blankada görkezilen ölçeginden/çäginden çykmaly däl,
goşmaça sahypalary bolsa diňe gerek bolan ýagdaýda ulanmaly. Özüňiz barada maglumat
bereniňizde yzygiderligi saklaň, we resminamalaryň ählisinde we ähli ýerinde adyňyzyň ýazylyş
51
ýolunyň birmeňzeş görnüşini ulanyň. Bu okuw jaýlaryň işgärlerine siziň okuwa girmek üçin
tabşyran maglumatlaryňyzy yzarlamagy aňsatlaşdyrar. Uly amerikan uniwersitetlerine ýylda
resminamalaryň kän sanyny gözden geçirmelidigini unutmaň. Siz «Social Security Number»
(sosial ätiýaçlandyrylyş belgisi) barada alada galmaň – düşündirilişine laýyklykda onuň ýerine
ýöne çyzyk çekiň ýa-da «none» (ýok) diýip ýazyň. Arzany dolduran wagtyňyz okuw jaýyňyzyň
we iş bilen üpjün eden adamyň salgysyny, synaglaryň netijelerini we gazanylan sylaglaryň
atlaryny gysgaltman doly görnüşinde ýazyň. Alan bilimiňiz we işlän ýyllaryňyz baradaky
maglumatlary logiki yzygiderliginde ýazyň: talaba laýyklykda, şu wagtdan geçen ýyllara we
tersine geçen ýyllardan şu wagta çenli yzygiderlikde ýazyň. Siz haçan okuwy başlajakdygyňyz,
haýsy kursdan başlajakdygyňyz, (adatça, birinji kursdan (freshman) ýa-da başga okuw jaýyndan
geçmeklik (transfer)), we haýsy derejäni aljakdygyňyz barada size soraglar beriler. Haýsy
hünärde okajakdygyňyzy entek kesgitlemedik bolsaňyz, arzanyň hödürlenýän hünäri diýen
setirinde «häli kesgitlemedim» diýip görkezmek hem bolar.
Başlangyç tölegi (Giriş gatanç puluny geçirmek)
Uniwersitetleriň ählisi diýen ýaly siziň giriş üçin resminamalaryňyzy gözden geçirmäge töleg
alýarlar we ol yzyna dolanyp berilmeýär. Ol töleg ABŞ-nyň dollarynda bolup, ony amerikan
bankynda sçýot açylan çek bilen, halkara pul geçirme ýa-da kredit kartasynyň üsti bilen tölemek
bolar. Gatanç pulunyň möçberini we tertibini kellejiň internet sahypasynda ýa-da maglumat
kitapçasynda bar bolan arza blankasynda tapyp bolar.
Alynan bilimi tassyklaýan resminamalar
Her bir kollej bilim barada haýsy resminalaryň gerekdigi takyk görkezýär. Amerikan
terminologiýasynda bar bolan ‖ transcript‖ diýen termin orta bahalar, dersleriň sanawy we
olaryň okalan wagtlaryny görkezýän orta bilimi barada şahadatnama deň gelýär. Kollejleriň
käbiri orta mekdebiň mugallymlary siziň ýetişigiňizi başga okuwçylar bilen deňeşdirende baha
berer ýaly daşary ýurtly talyplara ýörite blankalary berýärler. Eger-de şeýle blankalar
hödürlenmeýän bolsa, siziň mekedebiňizden şonda-da şuňa meňzeş maglumatyň ýörite blankada
mekdep möhüri bilen berilmegine garaşylýar. Eger-de kollejiň kabul ediş iş toparynyň agzasy
sizden baha berilýän ulgamyny we klasdaky her bir okuwçynyň ýetişigine baha bermeginiň
tertibini düşündirmegi, siziň haýsy dersleri okanaňyz baradama maglumaty haýyş etse, onda
beýle maglumat mekdebiň wezipeli adamy tarapyndan berilmeli. Amerikan kollejlerindäki
kabul ediş iş toparlary orta bilim hakyndaky şahadatnamaňyzy arzaňyz bilen bilelikde aýratyn
hat bukjasynda mekdep tarapyndan goýberilmegini makul bilýär.
Siziň bahalaryňyzy we resminamalaryňyzy amerikan kollejleriň özi gözden geçirmegi ýa-da
ýörite resminamalara baha berýän ekpert guramalaryny çagyrmagy mümkin. Käwagtlar,
kollejler daşary ýurtly talyplardan olaryň resminamalaryna baha berilmeginiň çykdajysyny
tölemegi talap edýärler. Bahalaryňyzdan başga-da siz orta mekdebi gutaranyňyz barada
52
şahadatnamanyň we orta bilim hakynda şahadatnamanyň tassyklanan göçürmelerini we öz
döwletiňizde tabşyran soňky synaglaryň netijeleri, umumy döwlet ýa-da gutardyş
synaglaryňyzyň netijelerini kollejiň ygtyýaryna bermeli. Olaryň asyl nusgasyny diňe başga ýol
ýok halatynda goýberiň: adatça, tabşyrylan resminamalar yzyna dolanyp berilmeýär.
Resminamalaryň göçürmesi mekdebiň möhüri bilen ýa-da şeýle resminamalary tassyklamaga
borçly bolan hökümet işgäri tarapyndan tassyklanan bolmaly.
Eger-de size resminamalary iňlis diline terjime etmeklik gerek bolsa onda olary özüňiz ýa-da
ýörite terjimeçä terjime etdirip bilersiňiz. Beýle terjimeler hem jogapkär edaralar tarapyndan
tassyklanan bolmaly. «ABŞ-da bilim» ulgamynyň käbir maslahat merkezleri size giriş
resminamalaryny tabşyrmaga ýardam etmek maksady bilen gerekli terjimeleri ýerine ýetirýärler
we olary tassyklaýar. Olar beýle hyzmatlary üçin töleg almaklary mümkin. Orta mekdepde okan
dersleriňizi we okuwyň netijesini amerikanyň bahalandyrmak ulgamyna geçirjek bolup azara
galmaň. Onuň deregine, bilimi bahalandyrmak ulgamy, diplomlaryň görnüşleri, şahadatnamalar
ýa-da gazanylan sylaglar barada umumy maglumaty hödürlejek boluň.
Synaglaryň netijesini habar etmegiň tertibi
Siz Amerikan kollejleri üçin testirleme ulgamynda ýokary okuw jaýyna giriş
synaglaryna (ACT), Akademiki ukyby anyklaýan synagyna (SAT), aýratyn dersler boýunça
testlerine (SAT Subject Tests), Daşary ýurtly raýatlar üçin Iňlis dili boýunça synagyna (TOEFL)
we iňlis dili boýunça halkara testirlemesine (International English Language Testing System,
IELTS) ýazylan wagtyňyz, size haýsy unniwersitetlere resminama tabşyrjakdygyňyzy bilmek
gerek. Şeýle bolanda siz netijeleriňiziň şol saýlan uniwersitetleriňize goýberilmegini sorap
bilersiňiz. Netijeleriňizi test tabşyrýan wagtyňyzda goýbermeklik size puluňyzy we wagtyňyzy
tygşytlamaga ýardam eder. Giriş üçin arzany tabşyran wagtyňyz, mümkinçilikleriňize seredip,
test netijeleriniň göçürmesini hem goşuň. Bu kabul ediş iş toparynyň işini ýeňilleşdirer: olar
arzada görkezilen netijeleri resmi netijeler bilen deňeşdirýärler, we käwagtlar olar diňe göçürme
bilen siziň maglumatlaryňyzy gözden geçirip başlaýarlar.
Okuw jaýyna girmegiň maksadyny beýan edýän düzme
―Öz ýüregiňizi açmaga gorkmaň – size hakykatdan hem nämäniň zerurdygyny gürrüň beriň,
sebäbi kabul ediş iş toparynyň agzalary sizden edil şony eşitmek isleýär. ―– molekulýar
biologiýany okaýan Rumyniýaly talyp.
Okuw jaýlaryň köpüsi dalaşgärlerden giriş wagty özüňiz barada delillendirme hatyny ýa-da
düzmesini tabşyrmagy soraýar. Şeýle düzmäni okap, kabul ediş iş topary talybyň kollej
durmuşyna gatnaşmagynyň mümkinçiliklerine we şol okuw jaýyň talybyň talaplaryna deň
gelýändigine baha berýärler. Düzme uniwersitete sizi ýakyndan tanamaga we giriş üçin
resminamalardaky bahalar we sanlar arkaly görüp bolmajak zatlary görmäge mümkinçilik
berýär. Kollejler öz geljekki talyplarynda belli bir aýratynlyklary gözleýärler we şoňa
laýyklykda hem olar düzmede beýan edilmeli soraglary düzýärler. Giriş döwrinde kabul ediş iş
53
toparyna düzme şeýle hem - talybyň öz pikirlerini ýazuw üsti bilen beýan etmeklik ukybyna,
akademiki üstünligine, guramaçylyk ukybyna, okuwa girmegiň maksadyna we talybyň saýlan
hünärini esaslandyrmagyna baha bermäge mümkinçilik berýär. Kabul ediş iş toparynyň agzalary
hat üsti bilen öz pikirlerini beýan edip bilýän, bilesigelijiligi we aň kämilligi bilen
tapawutlanýan dalaşgärleri gözleýärler. Şeýle düzmäni ýazar ýaly ony öz wagty bilen başlaň,
sebäbi ol size düzmani ýazyp, ony bir hepde ýaly wagtdan soň okap görüp, onuň düzüminiň
ýeterlikli gowydygyna göz ýetirmäge mümkinçilik berýär. Kabul ediş iş toparynyň agzalary
muňa hokman baha bererler: olar siziň öz pikirleriňizi beýan edip bilýändigiňize, işe
jogapkärlikli seredýändigiňize we taýýarlyga ýeterli wagt sarp edýändigiňize göz ýetirer.
Umumy görnüşli bolan birnäçe maslahatlar:
Näme etmeli:

Berilen soraga jogap bermeli

Siziň ýadyňyzda galan haýsyda bolsa bir hadysada ünsiňi jemlemeli – dolulygy örän
wajyp.

Siziň mekdepdäki we öýiňizdäki durmuşyňyza täsirini ýetiren adaty bolmadyk hadysalary
ýadyňyza salmaly

Kimdir birinden düzmäňizi okamagy we bar bolan gramatiki we orfografiki
ýalňyşlaryňyzy düzetmegi soramaly
Näme etmeli däl:

Ýalan sözlemek

Başga bir adamdan siziň düzmäňizi ýazmagy soramak

Diňe gowy täsir galdyrmak maksady bilen mowzuklary saýlamak

Siziň pikiriňizçe kollejiň eşitmegi isleýän zatlar barada ýazmak; näme üçin hut şol kolleje
girjekdigiňiz barada hakykady aýdyň

Mümkinçiligi özüňiz barada kän ýazmak üçin peýdalanmazlyk

Düzmäni (ýa-da arzanyň başga islendik bölegini) resminama tabşyrmagyň möhletiniň
soňky gününde ýazmak
Düzme siz barada şahs hökmünde we siziň ukybyňyz barada hakyky düşünjäni berer ýaly gaýrat
ediň. Düzmede iň wajyp zat – öz-özüň bolmak we özüň barada ak ýürekden gürrüň bermek:
kabul ediş iş toparynyň agzalary ýylda ýüzlerçe düzmeleri okaýarlar, şonuň üçin, galp we
54
hossarlar tarapyndan ýazylan düzmeleri derrew seljerýärler. Düzme – bu köp sanly dalaşgärleriň
arasyndan name üçin hut siziň saýlamalydygyny düşündirmäge mümkinçiligiňizdir. Bu
mümkinçilikden peýdalanyň.
Hödürnama
Adatça, sizden iň bolmanda iki sany hödürnama sorarlar –sizi gowy tanaýan mekdebiň
müdirinden, ol okuw bölüminiň müdirinden, klas ýolbaşçysyndan ýa-da mugallymlardan bolup
biler. Sizi hödürleýän adam siziň mekdepde nähili okanlygyňyz barada we siziň kollejde saýlan
dersiňiz boýunça üstünlikli okajakdygyňyz barada ýazsyn. Eger-de siz uniwersitetde öz okajak
dersiňizi bilýän bolsaňyz, şol dersden okadan mekdep mugallymyňyzdan size hödürnama
ýazmagy soraň. Amerikan mugallymlary tarapyndan ýazylan hödürnamalar örän sylanýar we
başga döwletlerdäki mugallymlardan has-da doly we giňişleýin bolýar. Harsal ýazylan, inkär
ediji mazmunly we giç tabşyrylan hödürnamalar siziň maslahatçyny saýlamaga
ukypsyzlygyňyzy görkezýär, şonuň üçin hem olary dykgat bilen saýlaň. Hödürnama bir ýa-da
birnäçe soraglardan ybarat bolup biler. Giriş prosesinde hödürnama wajyp orna eýedir, şonuň
üçin hem öz sizi hödürjek adamlara öz maksadlaryňyz we nirede okajakdygyňyz barada
öňünden aýdyň. Hödürnamanyň blankasynda berilen hatyň mazmuny bilen tanyşlygyndan
boýun gaçyrma diýen ýörite ýeri bar. Eger-de şeýle bölümi bar bolsa onda kabull ediş iş topary
siziň ýokarda agzalan hukukdan boýun gaçyrmagyňyzy makul biler, sebäbi, haty ýazýan adam
sizi beýan etmekde özüni erkin duýar. Kabul ediş iş toparlary beýle hatlary has-da dogruçyl
saýýarlar. Eger-de hödürnama ýazylan adamy tarapyndan goýberilmeli bolsa, olary okuw
jaýynyň salgysy ýazylan hat bukjalary bilen üpjin ediň. Olara hödürnamany ýazmaga ýetirlikli
wagt beriň. Haty ýazýan adama, haty poçta bilen ugratmazdan öň, hat bukjasynyň daş ýüzüne
özüniň goluny çekmegi ýatladyň.
Maddy ýagdaý barada kepilnama
Uniwersitetleriň aglabasy öz giriş üçin resminamalarynyň sanawyna ―Maddy deklarasiýalary we
maddy ýagdaýy barada tassyklama‖ ýa-da ―maddy kömegi hakynda kepillendiriji hatyny ―
goşýarlar. Onda siziň hossarlaryňyzyň ýa-da siziň kollejdäki okuwyňyzyň çykdajylaryny tölejek
adamyň goly bolmaly. Bu resminalar bank we kanunçy tarapyndan gözden geçirilýär.
Resminamalaryň göçürmelerini özüňizde saklaň, sebäbi olar size talyplyk wizasyny alanda
gerek bolar. Adatça, okuw jaýy siziň iň bolmanda birinji okuw ýyly üçin tölegleriň
tölenendigine göz ýetirmeli, käbirleri bolsa sizden okuwyň ähli ýylyna ýetjek girdeji çeşmesini
görkezmegi talap edýär. Eger-de okuw jaýyna girýän wagtyňyzda kollejiň maddy kömegine
mätäç boljakdygyňyza göz ýetirseňiz, onda size haýsy möçberde maddy kömeginiň gerekdigini
görkeziň. Amerikan uniwersitetleriň köpüsinde giriş döwründe maddy zerurlyklary göz öňünde
tutulmaýar. Bu diýdigi, siziň maddy ýagdaýyňyz siziň okuwa alynmagyňyzyň çözgidinde
hasaba alynmaýar. Ýöne, kollej wiza almaga gerek bolan rugsatnamany diňe siz girdejileriň
resminamalaryny tabşyranyňyzdan soň berer.
Resminama tabşyrmagyň we kabul etmegiň möhletleri
Her bir uniwersitet resminama tabşyrmagyň öz möhletini belleýär. Adatça, ol ýanwar aýyndan
marta çenli bolýar, we has irkisi noýabr we giçkisi iýun aýlary hem bolup biler. Eger-de belli bir
kollejiň möhleti durnuksyz bolsa, onda resminamalar birinji kurs dolýança kabul ediler. Şeýle
55
bolanda hem resminamalary ir tabşyrmak maslahat berilýär.
Has abraýly uniwersitetler möhletleriň has irkisini belleýär. Bu halatda adatça resminamalary
noýabr aýynda tabşyrarsyňyz we siz olary diňe şol uniwersitete tabşyryp bilersiňiz. Siz şol
uniwersitete wepalylyk görkezenligiňiz sebäpli siziň ornuňyza resminamalary adatça möhlet
bilen tabşyrýanlardan hoşamaý serederler. Eger sizi kabul etseler onda siz özüňiziň okamaga
hökman barjakdygyňyzy tassyklamaly. Eger-de sizi kabul etmeseler onda siz
resminamalaryňyzy başga okuw jaýlaryna tabşyryp bilersiňiz.
Siz resminamalaryňyzyň, giriş üçin blankalaryňyzyň, hödürnamalaryňyzyň we synaglaryňyzyň
netijeleriniň uniwersitetde doly we öz wagtynda kabul edilmelidigine jogapkär bolmaly. Eger-de
resminama tabşyrmagyň möhletiniň gutarmagyna az wagt galsa, onda siz öz resminamalaryňyzy
zakaznoý ýa-da kurýer poçtasynyň üsti bilen ugradyň. Şeýle hem telefon ýa-da elektron
poçtasynyň üsti bilen uniwersitet bilen habarlaşyp, siziň resminamalaryňyzy alandyklaryny we
sizden başga zadyň soralmaýandygyny anyklamak zerur. Resminamalaryňyzyň göçürmelerini
özüňiz bilen saklaň sebäbi irki goýberen resminamalaryňyz arada ýitse, onda siz olary täzeden
ugradyp bilersiňiz.
Ýyl ortasynda kabul etme
Uniwersitetleriň köpüsinde talyplaryň islän möhletine kabul etmek adaty bar. Eger-de okuw
jaýy semestr (ýarym ýyl) boýunça işleýän bolsa, onda ýyl ortasynda resminama kabul etmek
ýanwar aýynda amala aşyryşýar. Çärýek ýa-da trimestr (ýylyň dörtden bir bölegi) boýunça
işleýän kollejler resminama kabul edişlik gyşda (ýanwar aýynda) we ýazda (mart aýynda) amala
aşyrylýar. Her bir aýry okuw jaýy öz möhletini belleýär. Resminamalaryň ýyl ortasynda okuw
kabul edişligi, adatça, okuwa kabul edişligine alty-dokuz aý galanda tamamlanýar. Eger-de siz
resminamalaryňyzy ýanwar aýynda tabşyrýan bolsaňyz, onda siz giriş synaglary hiç bolmanda
alty aý öňünden tabşyrmaly.
Söhbetdeşlik
Amerikan uniwersitetleriň we kollejleriň köpüsi söhbetdeşligi Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň
çäginden daşarda geçirýärler. Söhbetdeşligi adatça uniwersiteti gutaran (uçurum) we şol
döwletde ýaşaýan talyplar alyp barýar. Eger-de başga döwletli talyba söhbetdeşlik geçmäge
mümkinçiligi bolmasa bolsa onda bu ol talyby bähbitsiz ýagdaýda goýmaýar, ýöne eger-de sizde
öz döwletiňizde söhbetdeşlik geçmäge mümkinçiligiňiz bolsa onda ony elden gidirmäň: siz
söhbetdeşlik etmek usullaryny öwrenersiňiz we şol uniwersiteti gutaryp gelen talypdan okuw
jaýy barada giňişleýin maglumat alarsyňyz.
Arzanyň umumy blankasy
Bu arzanyň umumy blankasy http://www.commonapp.org internet sahypasynda görkezilen we
ol 400-e golaý kollejler we uniwersitetler tarapyndan ulanylýar. Şeýle okuw jaýlary arzanyň
umumy blankasyna we öz okuw jaýynyň blankasyna deň baha berýarler. Onuň nusgasyny
elektron görnüşinde ýüklemek ýa-da ―ABŞ-da bilim‖ ulgamynyň maslahat merkezlerinden
almak bolar. Siz özüňize gerek bolan mukdarda blankalary doldurup ony kabul edýän okuw
jaýlarynyň islendik möçberine ugradyp bilersiňiz. Her bir blankada gerekli bolan
56
uniwersitetleriň we kollejleriň sanawy, olaryň salgysy we kabul edişligi barada maglumaty
görkezilen. Arzanyň umumy blankasy resminama tabşyrmagyň prosesini ýeňilleşdirýän hem
bolsa, käbir adamlaryň aýtmagyna göra, ol giriş resminamalaryny her bir kollejiň anyk
aýratynlygy boýunça kanagatlandyrmaga ýol bermeýär.
Kabul edişlik
Eger-de siz okuwy sentýabr aýynda başlamakçy bolsaňyz, onda resminama tabşyran
kollejleriňizden ol hakda maglumaty şol ýylyň aprel aýynyň ortalaryna çenli alarsyňyz. Sizi
kabul eden okuw jaýlary, eger siz olaryň teklibini kabul eden bolsaňyz, sizden awans tölegini
geçirmegiňizi sorar. Ähtimal olar siziň ornuňyzy näçe wagt saklanjakdygynyň möhletini
aýdarlar. Eger-de siz kabul edişlik barada birnäçe teklip alsaňyz, onda galan kollejler siziň
ornuňyza başga dalaşgärleri kabul eder ýaly olaryň teklibini terk edýändigiňizi aýdyň. Biz size
şeýle hem ulanmadyk talyplyk wizasy üçin rugsatnamany kolleje gaýdyp bermegi maslahat
berýäris. Adatça, kollejler şol bir wagtyň özünde daşary ýurtly dalaşgärlere ýaşaýyş jaýy we
medisina ätiýaçlygy barada, şeýle hem kollej barada tanyşdyryjy maglumaty hödürleýärler.
Gysgaça beýany

Haýsy kollejleriň sizi gyzyklandyrýandygyny anyklaň, olara poçtanyň ýa-da elektron
poçtasynyň üsti bilen ―bakalawr‖ derejesini almak isleýän daşary ýurtlty talyplar bilen
işleşýän kabul ediş iş toparynyň başlygyna kollej barada maglumat we giriş üçin arzanyň
blankasyny sorap hat ýazyň.

Giriş synaglaryny tabşyrmak üçin öz wagty bilen hasaba duruň.

Giriş üçin maglumatlaryň ählisini üns bilen öwreniň.

Resminama tabşyrjak amerikan kollejleriniň ählisi üçin öz mekdebiňizden ähli gerekli
bolan resminamalary we hödürnamalary alyň. Eger sizde sorag ýa-da öz döwletiňizde
almaly resminamalar bilen kynçylyklar ýüze çyksa, onda gös-göni kabul ediş iş topary
bilen habarlaşyň.

Ähli maglumatlary dolduryp olary resminama kabul edişlik möhleti tamamlanmanka
goýberiň.
Internet ulgamynda bar bolan peýdaly sahypalar
Giriş synaglary boýunça iş topary: http://www.collegeboard.com
CollegeNET: http://www.collegenet.com
57
CollegeView: http://www.collegeview.com
―Piterson‖ neşirýaty (Peterson's): http://www.petersons.com
Ýokary okuw jaýyna girmek we standartlaşdyrylan synaglary tabşyrmak boýunça maslahat
berýän edarasy «The Princeton Review»: http://www.review.com
Giriş resminamalaryna baha bermegiň milli birleşigi (National Association of Credential
Evaluation Services): http://www.naces.org
―Bakalawr‖ derejesini almak üçin ýokary okuw jaýlaryna resminama tabşyrmagyň umumy
tertibi (The Common Application for Undergraduate College
Admission):http://www.commonapp.org
Bölüm 9
Resminama tabşyrmagyň tertibi: möhletleri we barlag sanawy
Aşakda, Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndaky uniwersitetlerine resminama tabşyrmagyň maslahat
berilýän möhletleri getirilen. Käwatg resminama tabşyrmagyň prosesini uzaltmagyň
mümkinçiligi bolup biler, emma bu halatda saýlaw eder ýaly okuw jaýlaryň sany çäkli bolar.
Özüňiziň saýlan kollejleriňiziň ählisine resminama tabşyrar ýaly öz wagty bilen planlaşdyryň.
Okuw başlamagyna 12-18 aý galanda aşakdakay soraglara özüňiz üçin jogap beriň we indiki
maslahatlara eýeriň:

Näme üçin siz Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda okamakçy?

Haýsy uniwersitetler siziň talaplaryňyza deň gelýär?

Size maddy kömegi gerek bolarmy?

Giriş üçin resminamalary tabşyrmagyň möhletini we maddy kömegini almaklygyň
mümkinçiliklerini anyklaň. Bu siziň giriş synaglaryny tabşyrmagyň wagtyna täsir eder
sebäbi kabul ediş iş topary synaglaryň netijesini resminama kabul etmekligiň möhleti
tamamlanmanka almaly. Synaglary uniwersitete resminama tabşyryp başlamazdan
tabşyrmaly.

Eger-de siziň gerjek uniwersitetiňiz sizden giriş synaglaryny tabşyrmagyňyzy talap etse,
onda siz synaglary tabşyrmaga hasaba durmagyň we tabşyrmagyň möhletlerini anyklaň.

Sizi gyzyklandyrýan okuw jaýlaryň sanyny 10-12-ä çenli gysgaldyň.
58
Kolleje kabul edilmegiňize on iki aý galanda aşakdaky ädimleri ýerine ýetirmeli (aşakdaky
görkezilen aýlar okuwyň güýzki kabul edişligini görkezýär):
Awgust

Uniwersitetlere okuwa giriş hakynda maglumaty, maddy kömegini almak üçin arzanyň
blankasyny, we gerek bolsa, uniwersitetiň maglumat kitapçasyny sorap ýüz tutuň.

Eger-de uniwersitet giriş synaglaryny tabşyrmagy talap etse, onda synaglary tabşyrmaga
hasaba durmak üçin blankalary edinmek ýa-da internet ulgamynda daşary ýurtly raýatlar
üçin Iňlis dili boýunça synagyny (TOEFL) ýa-da iňlis dili boýunça halkara testirlemesini
(International English Language Testing System, IELTS), Amerikan kollejleri üçin
testirleme ulgamynda ýokary okuw jaýyna giriş synaglaryny (ACT) we Akademiki ukyby
anyklaýan synagyny (SAT), şeýle hem Akademiki ukyby anyklaýan synagynyň çäginde
geçirilýän aýratyn dersler boýunça testleri (SAT Subject Tests) tabşyrmaga hasaba
duruň.
Sentýabr – dekabr

Öz mekdebiňize resmi akademiki kepilnamany almak üçin ýüz tutuň we şeýle hem, onuň
iňlis dilinde terjimesini taýýarlaň.

Mugallymlaryňyzdan size hödürnama ýazmagyny soraň.

Arza blankalaryny (giriş we maddy kömegini almaklyk üçin ) dolduruň we düzmäňizi
ýazyň.

Resminamalaryň we hödürnamanyň okuw jaýyna goýberilendigini anyklaň.

Gerekli bolan giriş synaglaryny tabşyryň.
Ýanwar – aprel

Resminamalary öz wagtynda tabşyryň; munuň bilen resminama tabşyrmagyň adaty
möhletini göz öňünde tutulýar – resminama tabşyrmagyň irki möhletini has-da ir
bolýandygyny unutmaň.
Aprel – iýul

Okuwa kabul edilendigiňiz ýa-da edilmändigiňiz barada hatlar geler. Haýsy uniwersitetde
59
okajakdygyňyzy anyklaň we onuň kabul ediş iş toparyna öz tassyknamaňyzy we ähli
gerek bolan blankalary doldurup goýberiň.

Girmek islemeýän kollejleriňize başga okuw jaýyna girenligiňizi duýduruň we wiza
almaklyk üçin rugsatnamany gaýdyp beriň.

Öz maddy meseleli işleriňizi çözüň: amerikan bankyna pul geçirimlerini amala aşyryň;
ýoluňyz üçin we ABŞ-a baryp ýerleşmek üçin sizde ýeterlikli puluňyzyň bardygyna göz
ýetiriň.

Ýaşaýyş jaýyna we medisina ätiýaçlandyrylyşyna degişli bolan pul meseleleri
uniwersitetiňiz bilen çözüň.
Iýun – aýgust

Talyplaryň we alyş-çalyş maksatnamalara gatnaşyjylaryň maglumat ulgamynyň (SEVIS)
I-901 blankasyny doldurmaklyk we Maglumat ulgamynyň zerur bolan ýygnamasyny
tölemeklik üçin
I-20 ýa-da DS-2019 blankalaryndaky maglumatlardan peýdalanyň. (Talyplaryň we alyş-çalyş
maksatnamalara gatnaşyjylaryň maglumat ulgamy (SEVIS) barada doly maglumat almak üçin
11-nji bölüme serediň).

I-20 we I-901 blankalaryny tölänligiňiz barada kwitansiýa alanyňyzdan soň wiza almak
üçin resminamalary size ýakyn bolan amerikanyň ilçihanasyna ýa-da konsullygyna
tabşyryň. (has doly maglumat üçin 11-nji bölüme serediň).

Gezelenç üçin ykjam taýýarlyk görüň.

Daşary ýurtly talyplar bilen işleşýän bölümini ABŞ-a barýanlygyňyzyň ähli maglumatlary
bilen tanyşdyryň we olardan täze kabul edilen talyplar üçin maglumatlary soraň.
ABŞ-na gitmeklige taýýarlyk görmek
Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna okamaga gitjekdigiňiz belli bolandan soň, wiza, medisina
ätiýaçlandyryşy, bank, okuw we ýola rowana bolmaklyk barada soraglar ýüze çykýar. Has doly
maglumaty şu kitapçanyň 11-nji we 12-nji bölümlerinden, we şeýle hem, şu sanymyzyň
dördünji kitapçasyndan (―Gitmeklik üçin taýýarlyk görmek: Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndaky
ýaşaýyş we okuw barada amaly maglumat ‖) gözläň. ―ABŞ-da bilim‖ ulgamynyň maslahat
merkezleriniň aglabasy tomus wagty, we başgalary gyş wagty tanyşdyryjy gürrüňdeşligi
60
geçirýärler. Size ýakyn bolan maslahat merkezinden şol gürrüňdeşlikleriň tertibini sorap biliň
we özüňize şeýle çäreler üçin ýer saklaň. Merkezleriň käbiri beýle hyzmatlary tölegli amala
aşyrýarlar.
Bölüm 10
Amerikan uniwersitetine geçmegiň tertibi
ABŞ-nyň ýokary bilim ulgamynyň başga döwletleriňkä seredende tapawutlarynyň biri - bu belli
bir dereje almak üçin bir okuw jaýyndan başga okuw jaýyna geçmäge mümkinçilik
berýändigindedir. Sagat sanlaryny hasaba alma ulgamynyň maýyşgaklygy sebäpli, belli bir
talaplary berjaý etmeklik şerti bilen, bir okuw jaýynda gazanylan sagat sanlary/kreditleri başga
okuw jaýyna geçirmeklik mümkin. Her ýylyň sentýabr aýynda talyplaryň milliona golaýy başga
kollejlere geçýärler, şeýle hem ýyl ortasynda ýazky semestra geçýänleri hem bar. Talyplaryň
köpüsi iki ýyllyk munisipal kollejlerinden dört ýyllyk kollejlerine bakalawr derejesini almak
üçin geçýärler (munisipal kollejleri hakynda doly maglumat şu kitapçanyň 4-nji bölüminde
getirilen). Başga talyplar okuwy dört ýyllyk kollejinde başlaýarlar we soňra şahsy, okuw ýa-da
maddy ýagdaýlary sebäpli başga okuw jaýlaryna geçýärler. Köp sanly bolmadyk talyplar daşary
ýurtlaryň okuw jaýyndan amerikan kollejlerine geçýärler.
Kollejleriň aglabasy talyplar hiç bolmanda bir ýyl okandan soň başga okuw jaýyna geçmegi
göwneýär, emma bu düzgün her kollejde her dürli bolýar. Ondan başga-da uniwersitetleriň
köpüsi diplom we dereje almak üçin talyplardan azyndan iki ýyl okamagy talap edýär. Adatça,
talyplaryň aglabasy başga okuw jaýlaryna geçende ikinji ýa-da üçünji kursundan okap
başlaýarlar.
Başga uniwersitetleriň sagat sanlaryny/kreditlerini tassyklama
Eger-de siz okuw jaýyňyzy çalşyrjak bolsaňyz onda ozalky kollejiňizde öwrenen dersleriňiziň
haýsylarynyň tassyklajakdygyny anyklaň. Ozalky kollejiňizde ýerine ýetiren işleriňizi we
öwrenen dersleriňizi täze geçjek okuw jaýyňyzyň kabul etmegine – sagat sanlaryň/kreditleriň
tassyklanmagy diýilýär we onuň düzgünleri we tertibi dürli okuw jaýynda dürli bolýar. Kollejler
haýsy dersleri tassyklamalydygyny siziň ozalky okuw jaýyňyzdan hödürlenen akademiki
kepilnamalary, okuw maksatnamalary we ş.m esasynda anyklaýarlar. Käwagt okuw jaýlary siziň
okuwa kabul edilendigiňiz barada resmi bolmadyk habary hödürleýär, emma adatça, talyplar
kolleje baryp kollej müdiri bilen duşuşup ondan ahyrky resmi netijäni alýança garaşmaly
bolýarlar.
Geçjek okuw jaýyňyz ozalky okan kollejiňizde öwrenen dersleriňiziň käbirini kabul etmezligi
mümkin. Bu halatda size doly okuw programmasyny geçmek üçin goşmaça wagt gerek bolar
ýa-da öz wagtynda gutaryp diplomy almak üçin siz tomusda güýçli depginde okamaly
bolarsyňyz. Mundan başga hem okuw jaýlarynyň aglabasy başga uniwersitetlerden geçiriljek
dersleriň sanyny çäklendirýärler we olar siziň dersleriňiziň ählisini kabul etmezler. Şeýle
maglumatlary almak üçin siz hökman okuw jaýy bilen habarlaşyň ýa-da ―ABŞ-da bilim‖
ulgamynyň maslahat merkezlerinde bar bolan bir uniwersitetden başgasyna geçmeklik tertibi
barada maglumat ugrukdyryjylaryndan peýdalanyň. Adatça, ABŞ-nyň ýokary okuw jaýlarynda
dereje almak üçin talyplar üç ugur boýunça okuw maksatnamasyny tamamlamaly: umumy bilim
61
berýän dersleri, hünar boçunça we goşmaça dersler (dersler boýunça doly maglumaty almak
üçin 2-nji bölüme serediň). Ozalky okan okuw jaýyňyzda öwrenen dersleriňizi täze geçen
kollejiňizde ahyrky derejäňiz üçin hasaba alynar ýaly olar ýokardaky sanalan üç ugura degişli
bolmaly. Bu kitapçanyň indiki bölümlerinde bu prosesiň nähili amala aşyrylýandygy bilen
tanyşarsyňyz.
Amerikan okuw jaýynyň birinden beýlekisine geçme
Umumy bilim berýän dersleriniň ABŞ-nyň kollejleriniň aglabasynda talap edilmegi sebäpli bir
okuw jaýyndan başgasyna geçýän talyplar öz okan derslerini kynçylyksyz geçirip we
tassykladyp bilýärler. Hünär boýunça öwrenilen dersleri geçirmäk biraz kyn, sebäbi olar dürli
kollejlerde düri bolýar. (mysal üçin, kollejde hödürlenmeýän ―telekeçilik‖ dersiniň hasaba
alynmagyny gazanmak gyn bolar). Käwagtlar bir okuw jaýynda öwrenilen dersler başga okuw
jaýynyň talaplary bilen deň gelmeýärler. Kollejleriň käbiri sizden şol dersler boýunça goşmaça
talaplary berjaý etmegiňizi talap etmegi hem mümkin. Eger-de hünär boýunça okan dersleriňiziň
ýa-da umumy bilim beriş dersleriňiziň sagat sanlary/kreditleri diploma girizilmeýän bolsa onda
olar saýlaw boýunça dersleriň sanyna goşular. Eger bu mümkin bolmasa onda siziň ozalky
öwrenen dersleriňiz tassyklanmaýar ýa-da olar tassyklansa-da olaryň bahasy diploma
girizilmeýär. Ozalky öwrenen dersleriňiziň geçjek kollejiňiz tarapyndan haýsy şert boýunça
tassyklanýandygyny anyklaň – ol okuw jaýyna geçmeklik maksady bilen umugy tassyklanmagy
ýa-da dersleriň netijeleri belli bir dereje almagyň talaplaryna laýyk gelýändigi sebäpli bolup
biler. Birinji şert boýunça bolsa siziň dersleriňiziň käbirleriniň tassyklanmazlygy hem mümkin,
şol sebäpli hökman kollej bilen bu meseläni anyklaň. Ikinji şert boyunça bolsa onda siz öz
öwrenen dersleriňiziň haýsylary kollejiň belli bir hünär boýunça dersleriniň (mysal üçin,
matematika ýa-da taryh) talaplaryna gabat gelýändigi bilersiňiz. Giriş synaglarynyň iş topary
tarapyndan çap edilen ―Başga okuw jaýlaryna geçmeklik‖ atly maglumat kitapçasynda nädende
öwrenen dersleriňiziň aglabasyny täze okuw jaýyňyza geçirip boljakdygy barada maslahat
berilýär. Şolar ýaly maslahatlara aşakdakylar degişli:

Okuw ýyllarynyň ilkinji iki ýylynda gerekli bolan umumy bilim beriş derslerini öwreniň.

Hünär boýunça dersleriňiziň ähli zerur bolan talaplaryny ilkinji okuw jaýyňyzda ýerite
ýetiriň. Bu indiki geçjek okuw jaýyňyza sagat sanlaryny/kreditleri geçirmäge
mümkinçilik berer - esasan hem siziň öwrenýän hünäriňiz giňden ýaýran bolsa.

Öz hünäriňiz boýunça hökmany dersleriňizi täze geçjek okuw jaýyňyzda öwreniň, sebäbi
olary geçirmek we tassyklatmak diýseň çylşyrymly.

Eger-de siz munisipal kollejinde okaýan bolsaňyz, onda öwrenjek dersleriňiziň tertibi
barada okuw meseleleri boýunça maslahatçyňyz bilen maslahatlaşyň we geçirmegi aňsat
boljak dersleri alyň. (munisipal kollejleri barada has doly maglumat 3-nji bölümde
getirilen).

Eger-de siz dersleriňizi tassyklamagyň çözgüdi bilen kanagatlanmaýan bolsaňyz, onda siz
kollejiňizden bu meseläni täzeden gözden geçirmegi haýyş edip bilersiňiz. Käwagt
öwrenilen dersler boýunça kepilnamada we başga degişli bolan resminamalarda kollejler
üçin çözgüde geler ýaly maglumat az görkezilen bolmagy mümkin. Bu halatda has doly
62
maglumatyň hödürlenmegi kollejiň iş dolandyryjylaryna size peýdaly bolan karara
gelmäge ýardam eder.
Başga ýurtlardan amerikan okuw jaýlaryna geçme
Ýylda amerikan okuw jaýlaryna daşary ýurtlardan talyplar geçýärler we bilim derejelerini
üstünlikli tamamlaýarlar. Emma başga döwletleriň bilim ulgamynyň gurluş amerikanyň bilim
ulgamy bilen meňzeş bolmanlygy sebäpli bir amerikan kollejinden başgasyna geçmek bilen
deňeşdirende daşary ýurtlardan amerikan okuw jaýyna geçmeklik prosesi has çylşyrymly. Mysal
üçin, eger-de siz öz döwletiňizde belli bir dereje almak üçin 1 dersi öwrenýän bolsaňyz, onda
siziň öwrenen dersleriňiz Amerikanyň bilim ulgamyna deň gelmez sebäbi ol ýerde talyplar
umumy bilim berýän dersler boýunça ençeme dersleri öwrenýärler. Okuwa kabul edişlik
meseleleri boýunça ýöriteleşen işgäriň aýtmagyna görä başga döwletlerde öwrenilen dersleriň
amerikan okuw jaýynda kabul edilmegi üçin dürli şertleri göz öňünde tutulýar. Mysal üçin:

Siziň okan uniwersitetiňiz ýa-da kollejiňiz döwletiňiňiz bilim ministrligi tarapyndan
akkreditasiýa edilenmi? Amerikan kollejleri bilim ministligi tarapyndan tanalýan okuw
jaýlarynda okaýan talyplary kabul edýärler. Şeýle-de, eger siziň okuw jaýyňyz başga
döwlet edarasy tarapyndan tassyklanan bolsa ol hem ýeterlikli bolar. Kollejleriň hersiniň
öz karary bar we käwagt ol kararlar başga uniwersitetleriň kararlaryna esaslan bolýar.

Siziň öwrenen dersleriňiz täze okuw jaýynda hödürlenýän dersleri bilen meňzeşmi?
Amerikan kollejleri adatça dersleri häsiýetlendirmegiň deňeşdirip bolujylygyna we okuw
jaýy barada maglumat kitapçasyna esaslanyp baha berýärler. Eger-de siziň okuw jaýyňyz
ABŞ-da tanalmaýan bolsa onda siziň geçjek okuw jaýyňyz siz bilen birlikde bu
meselelere anyk düşünmeli we soňra sagat sanlarynyň/kreditleriň tassyklanmagy barada
belli bir netijä gelmeli.

Haýsy derejede siziň öwrenen dersleriňiz bilim derejesini almak üçin we saýlan hünäriňiz
boýunça okamak üçin gabat gelýär? Adatça bu meseleleri kabul ediş iş topary degişli
bolan bölümler bilen bilelikde çözýärler. Olar ilki bilen belli bir dersler boýunça sagat
sanlarynyň tassyklap boljakdygyny we soňra ol dersleriň ýöriteleşen dersiň talaplaryna
gabat gelýändigini anyklaýarlar. Bu netije siz kolleje geleniňizden soň mälin bolar. Bu
meselä dürli kollejlerde dürli ýollar bilen serediler. Belli bir hünär boýunça dersleriň
deňeşdirip bolujylygy has-da hünärmen okuw maksatnamasynda çylşyrymly bolýar:
inžener-tehnik, binagärçilik, žurnalistika ýaly ugurlary boýunça talaplaryň öz gurluşy bar
we olar adatça akkreditasiýa edýän edaralary tarapyndan bellenilýär. Prosesi ýeňilliki
bilen geçer ýaly aşakdaky maslahatlara eýeriň:

Akademiki kepilnamalaryň ählisi resmileşdirilen bolmaly we olary hödürleýän edaralaryň
möhüri basylgy bolmaly.

Orta mekdebinden soňra öwrenen dersleriňiziň häsiýetnamalary iňlis dilinde
tabşyryşmaly. Şeýle hem olaryň gysgaça beýany, hepde dowamynda leksiýa we
laboratoriýa işleri üçin sarp edilen sagat sanlary, semestriň ýa-da okuw ýylyňyň
dowamlylygy, şeýle hem şol dersleri öwrenen wagtlaryňyz bilen üpjün ediň. (Eger-de bu
63
maglumaty tabşyrar ýaly umumy blankasy bolmasa, onda özüňiz gysgaça beýannama
ýazyň we okuw jaýyňyz tarapyndan tassykladyň).

Dersleri öwreneniňizde peýdalanan okuw gollanma esbaplaryňyzyň sanawyny dözüň; bu
ýolbaşçylara dersleriň düzümini giňden öwrenmäge we siziň sagat sanlaryňyzy siz kolleje
geleniňizden soň tassyklamaga ýardam eder.

Ozalky okan kollejiňizde diplom ýa-da dereje almak üçin zerur bolan dersleriň umumy
sany, sagat sanlary ýa-da kreditleri barada maglumat hödürläň. Amerikan okuw jaýlaryna
geçýän talyplar şeýle hem orta mekdeplerinde öwrenen dersleri Amerikanyş Birleşen
Ştatlaryndaky kollejlerine deňeşdirip bolsa onda olar üçin hem sagat sanlaryny gazanyp
bilerler. Bu maglumat üçin her bir kollejiň özüne ýüz tutuň.
Başga okuw jaýyna geçmeklik hakynda arza tabşyrmagyň prosesi
Bir okuw jaýyndan başgasyna geçmeklik prosesi wagt talap edýär we size ony täze okuw
jaýyňyzda okap başlamaga 12 aý wagt galanda meýilleşdirip başlamak gerek. Her bir kollejiň
maglumat kitapçasynda bar bolan bir okuw jaýyndan başgasyna geçmekligiň tertibi atly
bölümüni öwreniň. Onda adatça kollejiň sagat sanlaryny tassyklamagynyň kesgitlenen düzgüni
barada maglumat getirilen. Şu kitapçanyň 4-nji bölüminde okuw jaýyny saýlamak üçin umumy
maslahatlar getirilendir. Okuw jaýyna geçmeklik prosesi birinji kursa girmeklikden biraz
tapawutlanýar. Kolleje geçmeklik üçin talyplar aýratyn arza blankasyny doldurmaly. Siziň täze
geçjek okuw jaýyňyzyň siz hakda şu aşakdaky maglumatlary bilmek isleýär:

Näme sebäpli siz şu okuw jaýyna geçmegi ýüregiňize düwdüňiz? Sizden okuw jaýyňyzy
çalşyrmagyňyzyň sebäplerini aýtmagyňyzy haýyş ederler. Bu siziň arzaňyzyň iň möhüm
bölegi bolup durýar. Bu bölüm siziň ozalky kollej bilen bagly bolan zeýrenjiňizi
bildirmek üçin bolman eýsem täze saýlan okuw jaýyňyzyň siziň okuw talaplaryňyza
nädip laýyk gelýändigini anyklamak üçindir.

Şu wagta çenli haýsy dersleri öwrendiňiz? Siz öz kollejiňizde nähili okadyňyz? Täze
okuw jaýynda siziň ozalky okuw jaýyňyzdaky ýetişigiňize üns bererler we siziň ýokary
bilim almak üçin wagtyňyzy biderek harçlamaýandygyňyzy bilmek islärler.

Size hem birinji kursa girýän talyplarda bolşy ýaly hödürnama, giriş synaglarynyň ballary
we giriş düzmesi ýaly resminamalary tabşyrmak zerur. Giriş üçin resminamalary
taýýarlamagyň tertibi barada doly maglumat 8-nji bölümde getirilen. Bir okuw jaýyndan
başgasyna geçmeklik ýoly bilen siz meşhur okuw jaýyna kabul edilmeliligiňiziň
mümkinçiliklerini artdyrmarsyňyz; okuw jaýy meşgur boldugyça oňa geçmeklik şonça
hem gynlaşýar. Kollejleriň käbiri birinji kursa kabul edilen talyplaryň sanyny statistiki
görnüşde we başga okuw jaýlaryndan geçen talyplaryň sanyny göterim görnüşinde
görkezýärler, bu bolsa okuw jaýyna geçmegi isleýän talyplara okuwa kabul edilmegi üçin
bäsleşmelidigini aňladýar.
Gysgaça beýany
64

ABŞ-nyň uniwersitetlerine islendik kursda okaýan döwrüňiz geçmeklik üçin mümkinçilik
bar. Ýöne adatça talyplar 1-nji kursy gutarandan soň geçýärler. Bu halatda siziň käbir
sagat sanlaryňyzy ýitirmegiňiz ähtimal we gerek bolan programma boýunça okamaga has
köp wagtyň gerek bolmagy mümkin.

Hünär boýunça dersleri geçirmeklik has-da çylşyrymly; bu esasan hem belli bir hünär
boýunça ýöriteleşýän derslere degişli, mysal üçin inžener-tehniki ugur.

ABŞ-da bilim derejesini almak üçin bilim ulgamy we programmalary başga döwletlerden
tapawutlanýandygy sebäpli daşary ýurtly talyplara amerikan okuw jaýlaryna geçmeklik
kyn.

Siziň geçmekçi bolýan okuw jaýyňyz ozalky kollejiňiz barada, onda bilim almaklyk üçin
bar bolan programmalary we siziň öwrenen dersleriňiz barada bilmeklik islär sebäbi bu
olara dersleri nädip hasaba almaklygy anyklamaga ýardam eder.

Siz aýry bolan arza blankalaryny doldurmaly we täze saýlan okuw jaýyňyza geçmeklik
sebäbiňiz barada düzme ýazmaly bolarsyňyz; siz şeýle hem giriş üçin gerek bolan
resminamalary, giriş synaglarynyň netijelerini we hödürnamany tabşyrmaly bolarsyňyz.

Başga okuw jaýyna geçmekligiň bäsleşigi birinji kursa kabul edilmegi isleýän
talyplaryňkydan hem güýçli bolmagy mümkin, emma okuw jaýlarynyň gözlegine,
saýlawyna we olar üçin gerek bolan resminamalary ýygnamaga deň derejede wagt gerek
bolar.

Käbir halatlarda okuw jaýynyň siziň sagat sanyňyzyň näçesini tassyklaýandygyny we size
okuw programmasyny tamamlamaga näçe wagt gerek boljakdygy barada jogaby okuw
jaýyna geleniňizden soň alarsyňyz.
Internet ulgamynda peýdaly sahypalar
Bir okuw jaýyndan beýlekisine geçmekligiň tertibini kollejleriň internet sahypasynda tapyp
bilersiňiz.
Bölüm 11
Talyplar we alyş-çalyş maksatnamalarynyň gatnaşyjylary (SEVIS) hakynda maglumat
ulgamy we talyplyk wizasy
Siziň saýlan uniwersitetiňize kabul edilmegiňiz mynasybetli Sizi gutlaýarys! Siz eýýäm haýsy
dersleri öwrenje kdigiňiz barada we size garaşýan ençeme täze we gyzykly başdan geçirmeler
hakynda oýlanýan bolsaňyz gerek. Emma sizde iki mesele çözgütsiz galdy: talyplar we alyşçalyş programmalaryna gatnaşyjylar hakynda maglumatlar ulgamynda (SEVIS) hasaba
65
durmaklyk we talyplyk wizasyny almaklyk.
Talyplar we alyş-çalyş programmalaryna gatnaşyjylar (SEVIS) hakynda maglumat
ulgamy.
Bu internet ulgamy bolup, onda daşary ýurtly talyplar we alyş-çalyş programmalaryna
gatnaşyjylar barada Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna gelmezden ozalky we gelenden soňky
maglumaty saklanýar. Ol içeri işler Ministrligi tarapyndan dolandyrylýan bilim we alyş-çalyş
programmasynyň bölegi bolup durýar. Siziň okamak isleýän kollejiňiz talyplar we alyş-çalyş
programmalaryna gatnaşyjylar (SEVIS) ulgamyna siz hakynda, siziň okaýan programmaňyz, öz
okuwyňyzy nädip maliýeleşdirjekdigiňiz, okuwyň başlajak we tamamlajak wagtlaryňyz hakynda
maglumaty ýerleşdirýärler. Soňra, olar size wiza derejesine laýyklykda I-20, DS 2019 ýa-da I20M-N görnüşli blankalary ugradýarlar. Siz I-901 blankasynyň tölegini tölemi we wiza
almaklyk üçin söhbetdeşligiň blankasyny doldurmaly bolarsyňyz (aşaga serediň). Talyplar we
alyş-çalyş programmalaryna gatnaşyjylar barada maglumat ulgamy boýunça has doly maglumat
şu sanymyzyň ―ABŞ-a gitmeklige taýýarlyk görmek: ABŞ-da durmuş we okuw barada amaly
maglumatlar‖ atly 4-nji kitapçasynda getirilendir.
Wiza derejeleri
Talyplyk wizasynyň has giň ýaýran görnüşi F – 1 wizasy bolsa-da, talyplaryň az sanlysy
Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna hünärmen-tehniki tejribe geçmek üçin M-1 derejeli talyplyk
wizasy bilen ýa-da J-1 derejeli hemaýatkärlik edilýän alyş-çalyş programmasy boýunça
gidýänleri hem bar.
Öz döwletiňizde wiza taýýarlamagyň tertibi
Her bir döwletde resminamalary tabşyrmagyň we talyplyk wizasyny almaklygyň öz tertibi bar.
Wiza almak üçin siziň döwletiňizde bellenilen tertibi barada peýdaly maslahaty ―ABŞ-da bilim‖
ulgamynyň maslahat merkezlerinde alyp bilersiňiz. (mümkin boldugyça okuwa gidýänler üçin
tanyşdyryjy söhbetdeşlige gatnaşjak boluň sebäbi olar size wiza almagyň tertibi barada
maglumat berer). ABŞ-nyň size golaý bolan ilçihanasynda ýa-da konsullugynda siz wiza
almaklyk üçin arzanyň blankalaryny we şeýle hem, resminama tabşyrmagyň tertibi barada zerur
bolan maglumatlary alyp bilersiňiz. Şu maglumatlary siz ilçihanalaryň we konsulluklaryň
telefon liniýalary we internet sahypalary arkaly hem edinip bilersiňiz.
Wiza edinmegiň tertibi barada has doly maglumaty ―ABŞ-da bilim‖ ulgamynyň maslahat
merkeziniň http://www.educationusa.state.gov internet sahypasynda ýerleşýän şu sanymyzyň
―ABŞ-a gitmeklige taýýarlyk görmek: ABŞ-da durmuş we okuw barada amaly maglumatlar‖
atly dördünji bölüminde tapyp bilersiňiz.
Aşakdaky ädimler siziň wiza almagyňyzyň mümkinçilikleriňizi artdyrmaga ýardam eder:
66

Wiza almak üçin ABŞ-a gitmeli günüňizden azyndan iki aý öňünden ýüz tutmak.

Siziň meseläňizi çözmek üçin ýardam etjek resminamalaryň ählisini ýygnamak.

Söhbetdeşlige ykjam taýýarlyk görmek
Talyplyk wizasyny almaga arza tabşyrmak: ädimleýin ýolbaşçylyk
Konsullukda söhbetdeşlik tabşyrmazdan ozal size I-901 tölegini tölemek gerek. Bu talyplara we
alyş-çalyş programmalaryň gatnaşyjylaryna umumy töleg we onuň bahasy siziň wizaňyzyň
görnüşine bagly: talyplar we alyş-çalyş programmalaryň gatnaşyjylary üçin F we M görnüşleri
üçin bahasy 200 ABŞ dollaryna deň. Tölegi geçirmegiň birnäçe ýollary bar – şol sanda hem
internet boýunça. Has doly maglumat üçin https://www.fmjfee.com/i90ifee/ internet sahypasyna
serediň.
Tölegleri geçirenden soň we ABŞ-nyň ilçihanasyna ýa-da konsullugyna ýüz tutanyňyzdan soň
olar size duşuşygyň senesini aýdarlar. F- 1 derejeli wizany almak üçin size I-20 hakyky
blankasyny edinmek zerur; J-1 görnüşli wiza üçin size DS-2019; M-1 derejeli wiza üçin size I20M-N blankalary gerek bolar. Okuw jaýyna kabul edileniňizden soň, we siziň şol uniwersitetde
okamaga maddy ýagdaýyňyzyň bardygyny subut edýän resminamalary tabşyranyňyzdan soň
siziň kollejiňiz wiza almak üçin gerek bolan blankalary size ugradar. Blankalary alandan soň
aşakdaky ýagdaýlary barlamak gerek:

Siziň adyňyz we familiýaňyz dogry ýazylan bolmaly, ýalňyşsyz we pasportda ýazylyşy
ýaly bolmaly (olar wiza almak üçin arza blankasyny dolduranda hem şeýle ýazylmaly).

Başga maglumatlarda hem ýalňyşlyk goýbermezlik zerur: doglan senäňiz we doglan
döwletiňiz, dereje aljak programmaňyz, okuwy başlajak we tamamlajak wagtyňyzyň
möhleti, we maddy ýagdaýyňyz barada maglumat.

Resminamalarda kollejiň resmi wekiliniň goly hökman bolmaly.

Okuw jaýyna barmagyň möhleti geçdimi (―talyp okuw jaýyna giç barmaly däl...‖)? Eger
geçen bolsa, siziň rugsatnamaňyzyň güýjiniň möhleti tamamlanandygyny aňladýar, we ol
eýýäm hakyky däl. Bu ýagdaýda siz okuw jaýynyň okuw bölüminiň ýa-da programmanyň
wekilinden täze blanka goýbermegini haýyş ediň.

Eger-de siziň I-20, I-20M-N, DS 2019 blankalaryňyzyň güýji gaçmadyk bolsa, onda siz
wiza almak üçin resminamalaryňyzy tabşyryp bilersiňiz.
Size wiza almak üçin duşuşygy bellemezden ozal size indiki resminamalary taýýarlamak zerur:
doldurulan I-20 ýa-da DS-2019 blankasy, I-90i tölänligiňiz barada kwitansiýa, pasport, (azyndan
alty aý güýji bolmaly) we pul meseleleri bilen bagly bolan resminamalar.
67
Adatça, wiza almak üçin söhbetdeşligiň ortaça dowamlylygy birnäçe minut bolýar, şonuň üçin
hem size gysga ýöne ynanarly gürlemek zerur. Özüňizi ynamly alyp baryň, hakykady gizlejek
ýa-da ýalan sözlejek bolmaň; konsullugyň işgärleri wiza söhbetdeşliginde ýalan sözleýänleri
aňsatlyk bilen saýgarýarlar. Iň gowusy, ―öz durmuşyňyzdan wakalary ‖mümkinçiligi hökmünde
serediň.
Size wiza bermekleri üçin konsullugyň işgäri esasy üç soraga kanagatlandyryky jogap almaly:

Birinjiden, siz hakykatdan hem talypmy? Konsullugyň işgäri siziň bilimiňiz we
maksatlaryňyz barada maglumatlary üns bilen öwrener, siziň okuw jaýyna kabul
edilmeklik we okuwy doly tamamlamaklyk ähtimallygyňyzy ölçär. Söhbetdeşlik
döwründe näme üçin edil şol kolleji saýlandygyňyz barada, ýöriteleşmegi çak edýän
hünäriňiz we siziň geljekki hünäriňiz bilen bagly bolan maksatlaryňyz barada gürrüň
bermäge taýýar boluň. Ýanyňyz bilen bahalaryňyzy, döwlet synaglaryň netijelerini,
akademiki ukyby anyklaýan synagyň netijesini (SAT) we Amerikan kollejleri üçin
testirleme ulgamynda ýokary okuw jaýyna giriş synaglarynyň netijesini (ACT) ýa-da iňlis
dili boýunça bahalaryňyzy (eger siziň kollejiňizde şeýle synag bolsa), we siziň okamaga
höwesiňizi subut etjek başga bar bolan resminamalary hem alyň.

Ikinjiden, siziň öz okuwyňyzy tölemäge maddy ýagdaýyňyz barmy? ABŞ-nyň
hökümetine siziň okuwyňyzy taşlap işläp başlamajakdygyňyza we ABŞ-nyň kanunyny
bozmajakdygyňyza göz ýetirmegi zerur. Öz uniwersitetiňize görkezen maglumatyňyz
ýaly I-20 blankasynda hem okuwyň birinji ýyly üçin siziň tölemeli ähli çykdajylaryňyzyň
sanawy getiriler.
Eger-de siziň hossarlaryňyz ýa-da belli bir şahs size sponsorçylyk etse, olaryň siziň okuwyňyzy
tölemäge maddy ýagdaýynyň bardygyny nädip subut edersiňiz? Eger siziň okuwyňyzy
hossarlaryňyz tölese, siziň wiza almaga mümkinçilikleriňiz artýar. Emma, sponsor başga bir
adam bolsa, onda size ol adam bilen aragatnaşygyňyzy düşündirmek we onuň siziň okuwyňyz
üçin müňlerçe dollar tölejekdigi barada ynandyryjy maglumatlary getirmek zerur. Özüňiziň
sposoryňyzyň maddy ýagdaýynyň gowydygyny subut ediň – esasan hem girdejiniň çeşmeleri we
göwrümi diýen bölüminde. Bu konsullugyň işgärine siziň kollejde ýa-da uniwersitetde okamaly
dört ýylyňyz üçin hem puluňyzyň bardygyna göz ýetirmäge ýardam eder. Eger-de siziň
sponsoryňyza birnäçe ýerden girdeji gelýän bolsa, (aýky iş haky, şertnama, maslahatçylyk
hyzmaty üçin girdeji, kireýine berýän fermasy, gozgalmaýan emlägi, inwestisiýa we s.m),
sponsoryňyzdan ähli girdejileriň sanawyny barada hat alyň.

Üçinjiden, siziň öz döwletiňize gaýdyp gelmek niýetiňiz barmy ýa-da siz ABŞ-da
hemişelik ýaşama galmaklyk islegiňiz barmy? ABŞ-nyň wiza kanunlary amerikan
konsullugynyň işgärlerinden wiza almak üçin ýüz tutýanlaryň ählisine, talyplara ýa-da
alyş-çalyş programmalara gatnaşyjylaryna, özüniň beýle däldigini subut edýänçä,
bolaýmagy mümkin bolan immigrant höhmünde seretmegi talap edýär. Umuman, siz
özüňiziň ýurduňyza dolanyp gaytmaly sebäpleriňiz Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda
galmakdan möhümdigini ynandyrmaly. Siziň ýurduňyz bilen maddy, maşgala taýdan we
jemgiýet taýdan aragatnaşygyňyzyň çuňdugy sebäpli siňiň Amerikanyň Birleşen
68
Ştatlarynda galmagyňyz diňe wagtlaýyndygyny subut etmeli. Maddy aragatnaşyga siziň
maşgalaňyzyň pul ýagdaýy, size degişli bolan ýa-da miras galan emlägiňiz, we ABŞ-da
gutaryp gelen bilimiňiz bilen gazanjak maddy mümkinçilikleriňiz degişli. Siziň
maksatlaryňyz barada we ýurduňyzda siziň üçin bar bolan mümkinçilikler barada
subutnamalary görenden soň konsullugyň işgäri siziň ýurduňyza dolanyp geljekdigiňize
ynamy artar. Maşgala we jemgiýet aragatnaşyklary diýen bölümde bolsa konsullugyň
işgäri siziň garyndaşlaryňyzyň näçesi siziň ýurduňyzda we näçesi Amerikanyň Birleşen
Ştatlarynda ýaşaýandygyny sorar. Siziň şäheriňize we ýurduňyza bolan ysnyşygyňyzy
görkezýän şäherçäňiziň ýa-da mekdebiňiziň köpçülik durmuşyna nähili
gatnaşandygyňyz? Siziň döwletiňize dolanyp gelmegiňizi we jemgiýet durmuşyna goşjak
goşandyňyzy subut edýän nähili ýolbaşçylyk ukybyňyz , sport ýa-da başga üstünlikleriňiz
bar? Eger-de siz J-1 wizasy arkaly gitseňiz, onda ABŞ-a emmigrasiýon wizasyny almak
üçin ABŞ-da okuwy tamamlanyňyzdan soň iki ýyl geçenden soň rugsat beriler.
Wiza bermeklige boyun gaçyrma
Eger-de size wiza bermäge boýun gaçyrylsa, kosullugyň işgäri size hat görnüşinde düşündiriş
bermäge borçly. Adatça, bu standard jogap bolup onda ýörite siziň meseläňiz getirilmez. Siziň
resminamalaryňyzy ikinji gezek tabşyrmaga hukugyňyz bar, we siz dogrudan hem ikinji gezek
ýüz tutjak bolsaňyz, size ykjam taýýarlyk görmek zerur. Kosullugyň işgärine birinji gezek terk
edendäki sebäplerinden ynandyryjy boljak täze subutnamalary hödürlemek zerur. Eger-de siz öz
okuwyňyzyň maksatlaryny takyk meýilleşdiren bolsaňyz we öz geljekki hünäriňiz barada amala
aşyrylyp boljak maksatlary edinýän bolsaňyz, onda siziň wiza üçin ikinji gezek ýüz tutmagyňyz
siz üçin Amerikanyň Birleşen Şttalarynda okamaga indiki ädim bolar.
Gysgaça beýany

Talyplaryň aglabasy ABŞ-nyň çägine F-1 wizasy bilen we käbirleri J-1 ýa-da M-1
wizalary bilen gelýärler.

Öz döwletiňizde wiza almak üçin resminama tabşyrmagyň talaplary bilen tanyşyň we
resminamalary ykjam ediň we öz wagty bilen taýýarlaň.

I-20 (J-1 derejeli wiza üçin DS-2019, I-20M-N M derejeli wizany üçin) blankasyny
görenden soň we blankalaryňyzyň güýji gaşmanka wiza resminama tabşyryň.

I-901 tölegini töläň we töleg hakynda kwitansiýany alyň.

Wiza söhbetdeşligine gidende ýanyňyz bilen ähli möhüm bolam resminamalary alyň.

Kosullugyň işgärine özüňiziň hakykatdan hem talypdygyňyzy, ähli çykdajyjaryňyny
tölemäge ýagdaýyňyzyň bardygyny we ýurduňyzda ysnyşykly aragatnaşyklaryň
bardygyny subut eder.

Eger-de size wiza bermeklikden boýun gaçyrsalar, siz resminamalaryňyzy ikinji gaýta
69
tabşyryp bilersiňiz. Emma bu halatda siz täze we has ynandyryjy subutnamalary
hödürlemeli.
Internet ulgamynda peýdaly sahypalar
Talyplar we alyş-çalyş prorammalaryna gatnaşyjylar üçin ABŞ-nyň Döwlet
deportamentynyň http://travel.state.gov/visa/temp/types/types_1270.html internet sahypasy.
ABŞ-nyň içeri işler ministrliginiň talyplar we alyş-çalyş prorammalaryna gatnaşyjylar
(SEVP) http://www.ice.gov/sevis/index.htm
Bölüm 12
Amerikada uniwersitet durmuşy
Amerikan uniwersitetine kabul edileniňizden soň, daşary ýurtly talyp hökmünde Amerikanyň
Birleşen Ştatlarynda öz durmuşyňyzy meýilleşdirmeli wagty gelip ýetýär. Käbir ädimleriň
wizaňyzy alanyňyzdan soň edilmelisine seretmezden ABŞ-a göçmeklik prosesi asuda geçer ýaly
köp meselelerini öňünden meýilleşdirmek zerur.
Bu bölümde,meýilleşdirmegi zerur bolan esasy pursatlar göz öňünde tutlýar we Amerikanyň
Birleşen Ştatlaryna ýetip baradandan soň nämä garaşylmalydygy barada gürrüň berilýär. ABŞ-a
gitmäge taýýarlyk görmegiň doly maglumatyny ―ABŞ-da bilim‖ ulgamynyň maslahat
merkezinde ýa-da şu sanymyzyň ―ABŞ-a gitmeklige taýýarlyk görmek: ABŞ-da durmuş we
okuw barada amaly maglumatlar‖ atly 4-nji bölüminde tapyp bolar.
ABŞ-a baryp ýetme
Sizi uniwersitete kabul edenlerinden soň, siz öz razylygyňyzy duýdurup, okuw üçin hökmany
bolan tölegleri geçireniňizden soň, size öz okuw jaýyňyz we uniwersitet şäherçäňize barmagyň
tertibi barada maglumaty almak zerur. Şeýle hem, uniwersitet şäherçesine barmagyň aňsat
ýolyny sorap biliň. Mümkin bolduguça okuw jaýyňyza günüň dowamynda, administratiw
gullugy işleýäýn wagty, barjak boluň.
Tanyşlyk söhbetdeşligi
Amerikan uniwersitetleriniň aglabasy daşary ýurtly talyplary Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda
ýaşaýyşa aňsatlyk bilen garyşmagy üçin uniwersitet şäherçesi barada we nämeniň nirede
ýerleşýändigi barada gürrüň bermek maksady bilen tanyşlyk söhbetdeşligini gurnaýarlar. Beýle
70
söhbetdeşlikler bir hepde dowam edip, ol hokmany ýa-da isleg boýunça bolup biler, ýöne biz
size olara gatnaşmagy maslahat berýäris. Olar sizi öran peýdaly bolan maglumatlar bilen üpjün
ederler: kitaphanadan, medisina merkezinden we uniwersitet tarapyndan hödürlenýän başga
hyzmatlaryndan peýdalanmagyň ýollary barada; okuw dessury we tehniki hyzmatlary; sapaklara
ýazylmagy tertibi, ABŞ-da medeni we köpçülik durmuşy, medeni şok2 we ABŞ-da durmuşa
garyşmagyň ýollary, ýerli hyzmatdaşlyklar, wiza düzgünleri, hukuk we normatiw esaslary we
başgalar barada görrüň berilýär. Söhbetdeşlik dowamynda siz şeýle hem öz uniwersitet
şäherçäňizde bar bolan daşary ýurtly talyplar bilen we daşary ýurtly talyplar bilen işleşýän
maslahatçylar (aşaga serediň) bilen tanyşarsyňyz.
Daşary ýurtly talyplaryň maslahatçylary
Daşary ýurtly talyplary kabul edýän uniwersitetler daşary ýurtly talyplar bilen işleşmäge
ýöriteleşen işgärleri belleýärler. Olar adatça daşary ýurtly talyplaryň maslahatçylary diýip
atlandyrýarlar (ISAs) ýa-da (FSAs). Siz bu işgärlere özüňiziň bar bolan soraglaryňyz ýa-da
çözmeli meseleleriňiz bilen ýüň tutup bilersiňiz. Şeýle hem, daşary ýurtly talyplar bilen işleşýän
bölüm bilen birlikde bu işgärler daşary ýurtly talyplar üçin ýyl dowamynda medeni we köpçülik
çärelerini gurnaýarlar.
Okuw meseleleri bilen işleýän maslahatçy (AA)
Daşary ýurtly talyplar bilen işleýän maslahatçydan başgada siz bilen okuw meseleleri boýunça
ýörite maslahatçy işlär: adatça, ol siziň hünäriňiz boýunça (eger siz hünäri saýlan bolsaňyz)
dersleri okadýan professorlaryň arasyndan biri bolýar. Umuman, siz öz maslahatçyňyz bilen
sapaklara ýazylmazdan ozal duşuşarsyňyz: ol size öz hünäriňiz boýunça we okuw jaýyny
tamamlamak üçin haýsy dersleri almalydygyňyzy maslahat berer. Şeýle hem siz maslahatçyňyz
bilen ýygy-ýygydan duşuşyp, öz okuw maksatlaryňyzy, ýüze çykjak soraglaryňyzy we
ýetişigiňizi ara alyp maslahatlaşyp bilersiňiz.
Uniwersitet jaýy
Amerikan uniwersitetleriniň aglabasy talyplyk şäherçesinde ýerleşmäge mümkinçiligi
hödürleýärler. Bu halatda siz uniwersitetiň umumy ýaşaýyş jaýynda otagy ýa-da ýaşaýyş jaýy
hiç bolmanda bir adam bilen bölüşmeli bolarsyňyz. Talyplary ýerleşdirme bölümleriniň käbirleri
olara bileleşip ýaşamak üçin has laýyk gelýän jaýy tapmak üçin soragnama doldurmagy
hödürleýärler. Otaglarda mebel we adatça telefon bolýar. Wanna we hajathana otaglary adatça
umumy bolýar. Eger-de, talyplyk şäherçesiniň çäginden daşarda ýaşaýyş jaýynyň bar bolsa, siz
birinji okuw ýylyny tamamlanyňyzdan soň oňa göçip bilersiňiz.
ABŞ-da uniwersitet jaýynyň aýratynlygy - bu islegler boýunça ýerleşmek mümkinçiligidir: belli
71
bir dersler, umumy medeniýet ýa-da birmeňzeş gyzyklanma esasynda. Siz bu mümkinçiligi hem
birinji kursdan soň göz öňünde tutup bilersiňiz. Mysal üçin, amerikan talyplyk şäherçesinde siz
halkara talyplaryň klubuny, nemes dili bilen gyzyklanýanlaryň klubuny, afroamerikanlaryň ýada tebigaty söýüjileriň klubuny göz öňünde tutup bilersiňiz.
Pul we bank hyzmatlary
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda milli we sebitleýin banklar, şeýle hem şäher we ştat
derejesindäki banklar bar. Uniwersitetleriň käbirinde öz karz pul birleşikleri ýa-da bank
hyzmatlarynyň başga görnüşli guramalary bar. Öz adyňyza bankda hasap açmazdan ozal, siziň
okaýan we ýaşaýan ýeriňize ýakyn bolan banklary anyklaň. Daşary ýurdyň bankynda hasap
edinmek kynçylykly we çylşyrymly bolar. Bankda hasap açaryňyz ýaly öz ýanyňyz bilen
ýeterlikli pul alyň we size öýüňizden pul geçirermegiň ýolyny anyklaň.
Medisina ätiýaçlandyryşy
Daşary ýurtly talyplar ABŞ-da boljak wagtynyň dowamlylygynda medisina ätiýaçlandyryşyny
edinmeli. Amerikan uniwersitetleriniň aglabasynda talyplar medisina ätiýaçlandyryşyny almaga
borçly: medisina ätiýaçlandyryşyny uniwersitetiň özünde ýa-da başga ýerde alyp bolar. Esasy ol
uniwersitetiň talaplaryna laýyk gelmeli. Medisina ätiýaçlandyryşynyň dürli görnüşleri bar;
daşary ýurtly talyplar bilen işleýän maslahatçyňyz olar barada size gürrüň berer we size laýyk
gelýänini saýlamaga ýardam eder. Ätiýaçlygy, öz öýüňizden ABŞ-daky talyplyk şäherçesine
göçmezden ozal ediniň.
Klasdan daşary okuw
―Talyplyk şäherçesinde men futbol klubunyň agzasy boldum, we bu meniň durmuşymda eden
işlerimiň iň gowysy boldy, sebäbi bu maňa täze dost edinmäge we Amerikanyň dürli künjeklerini
mugt görmäge mümkinçilik berdi.‖ – himiýa dersini öwrenýän Beýik Britaniýaly talyp.
Talyplyk şäherçeleriniň aglabasynda, guramalaryň we çäreleriň giň we dürli görnüşleri
hödürlenýär we olara gatnaşmaklyk size täze dost edinmäge ajaýyp mümkinçiligi berýär. Ol
ýerde sizi höwes bilen kabul etjek talyplaryň radiosyny we teleýaýlymyny, gazetyny, sport
kamandalaryny we gyzyklanmalar boýunça gurnaklaryny taparsyňyz. Adatça, amerikan
uniwersitetlerinde halkara bileleşigi ýa-da talyplar doganlyklary we zenanlar birleşikleri bar
(talyplar doganlyklary we zenanlar birleşigi barada doly maglumaty almak üçin kitapçanyň
dördünji bölüminde ―Talyp durmuşy‖ atly kiçi bölüme serediň). Talyplyk şäherçeleriniň
aglabasynda size uniwersitet şäherçesinde bolup geçjek esasy çäreler barada gürrüň berýän
talyplar bilen işleşýän bölüm bar.
Gysgaça beýany
72

Amerikan uniwersitetine kabul edilendigiňiz mälim bolan dessine, ―ABŞ-a gitmeklige
taýýarlyk görmek: ABŞ-da durmuş we okuw barada amaly maglumatlar‖ atly 4-nji
maglumat kitapçany okap başlaň.

Uniwersitete öz wagtynda geler ýaly we tanyşdyryjy söhbetdeşlige gatnaşar ýaly öz
wagtyňyzy tygşytly we ykjam meýilleşdiriň.

Dürli çäreleri gurnaýan we size ýüze çykjak meseleleriňiz bilen ýardam edýän daşary
ýurtly talyplaryň maslahatçysy bilen tanyşyň.

Siziň okuw meseleleri boýunça maslahatçyňyz size okuwyň we dereje almagyň
talaplaryny düşündirer.

Siz haýsy kollejde okajakdygyňyzy bilenden soň ýaşaýyş jaýyna ýerleşdirýän bölümi
bilen habarlaşyň. Okuwyň birinji ýylynda size otagy kimdir biri bilen bölüşmek gerek
bolar, emma soň sizde has giň mümkinçilikleriňiz bolar.

Daşary ýurtly talyplary öz döwletlerinen çykyp ýene-de dolanyp barýança wagt
aralygynda hökmany suratda medisina ätiýaçlandyryşyny edinmeli. Uniwersitetiňizden
şeýle ätiýaçlandyryşy üçin bar bolan talaplary anyklaň.

Talyplyk şäherçesiniň talyplar bilen işleşýän bölüminde size bar bolan talyplar
guramalary barada gürrüň bererler. Olara gatnaşmaklyk size täze tanyşlary we dostlary
edinmäge we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda ýaşaýyşa aňsatlyk bilen garyşmaga
mümkinçilik berer.
Internet ulgamynda peýdaly sahypalar
―ABŞ-da bilim‖ ulgamynyň maslahat merkeziniň www.educationusa.state.gov internet
sahypasynda bar bolan ―ABŞ-a gitmeklige taýýarlyk görmek: ABŞ-da durmuş we okuw barada
amaly maglumatlar‖ atly 4-nji maglumat kitapçasy
America.gov — American Life (―Amerikada
ýaşaýyş‖) http://www.america.gov/amlife/education.html
Sözlük
Academic Adviser (AA) (okuw meseleleri boýunça maslahatçy): kollejiň talyplaryna okuw
meseleleri boýunça ýardam we maslahat hödürleýän kollejiň mugallym-professor düzüminiň
agzasy
Academic Year (okuw ýyly): okuw döwri, adatça sentýabr aýyndan maý aýyna çenli dowam
73
edýär we dürli dowamlylykdaky bölekler bölünip biler: semestr, trimestr we çärýek.
Accreditation (akkreditasiýa): hünärmen birleşikleri ýa-da sebitleýin akkreditasiýa edýän
edaralary tarapyndan hökümet derejesinde kollejleriň we uniwersitetleriň derejesiniň resmi
tassyklanmasy.
ACT University-Entrance Exam (Amerikan kollejleri üçin testirleme ulgamynda ýokary okuw
jaýyna giriş synaglary): birinji derejeli ýokary okuw jaýyna girmek üçin saýlan dersleriňiz
boýunça synag: iňlis dili, matematika, okaýyş, pikirlenme, (ýazuw işi hem bilelikde).
Add/Drop (belli bir dersi saýlamak/ret etmek): okuwyň başynda, professoryň razylygy bilen
talyplaryň belli bir dersleri saýlamagynyň we ret etmeginiň tertibi.
Advance Registration (öňünden hasaba durmak): başga talyplara derslere ýazylmaga
mümkinçilik berilmezden ozal, dersleri saýlamagyň prosesi.
Affidavit of Support (kepillendiriji hat): ol belli bir adam ýa-da gurama tarapyndan tölegleri
geçirmegi tassyklaýan hat görnüşinde resminama.
Assistantship (maddy kömek): ikinji derejeli ýokary okuw jaýlarynda okaýan talyplara dersleri
okatmakda, labaratoriýa sapaklarynda mugallymyň kömekçisi hökmünde we ylmy işlerde ylmy
işgär hökmünde belli bir hyzmatlary bitirmeginiň deregine okuw üçin gaýdyp
bergisiz hödürlenýän maddy kömek.
Associate Degree (doly bolmadyk ýokary bilim barada diplom): iki ýyllyk okuw
meýilnamasyny tamamlandan soň berilýän diplom; ol ―ahyrky‖ (berilen hünär boýunça diplom)
ýa-da ―geçiş‖ (bakalawr derejesiniň birinji iki ýyly) bolup biler.
Attestation (tassyklama): bilim derejesiniň resmi tassyknamasy ýa-da diploma goşmaça
goýylan sahypa: adatça, ygtyýarlandyrylan ekspertiň ýa-da şaýadyň goly goýulup diploma
berkidilýär.
Audit (audit): diplom üçin hasaba alynmaýan dersler
74
Authentication (hakykylygynyň tassyknamasy): berilen maglumatyň hakykylygyny
tassyknamagyň prosesi. Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň okuw jaýlaryna tabşyrýan
dalaşgärlerden adatça orta bilim barada şahadatnamasynyň ýa-da ozalky diplomlarynyň
hakykylygyny tassyklaýan resminama talap edilýär.
Bachelor's Degree (‖bakalawr‖ derejesi): dört ýyl dowamynda gumanitar, tebigy ylymlar ýa-da
tehniki-hünärmen bilimi boýunça ýokary okuw jaýynda durnukly okamak esasynda eýe
bolunýan dereje.
Class Rank (ýetişik boýunça dereje): ýokary kurslardaky talyplaryň akademiki ýetişiginiň
görkezijisi. Ýüz talybyň arasynda birinji orny eýeleýän talyp öz görkezijisini 1/100 diýip ýazýar,
we iň soňky ýeri alan talyp bolsa 100/100 diýip ýazýar. Bu görkezijini göterim görnüşinde hem
aňlatmak bolar – mysal üçin, birinji ýer 25% ýa-da soňky ýer 50%.
Coed (erkek we aýal jynslaryň bilelikde okamagy): iki jynslaryň hem kabul edilýän kolleji ýada uniwersiteti – bu şeýle hem olaryň umumy ýaşaýyş jaýlarynda garyşyp ýaşamagy bolup
biler.
College (kollej): birinji derejeli ýokary bilim boýunça okajak, we käbir
halatlarda ―magistr‖derejesinde okajak orta mekdebi tamamlan uçurumlar üçin okuw jaýy.
Kollejiň ýene bir aýratyn manysy - bu uniwersitetiň belli bir fakulteti bolup biler, mysal üçin,
telekeçilik kolleji.
College Catalog (kollejiň maglumat kitapçasy): uniwersitetiň bilim programmalary, giriş
talaplary we talyplyk wizasy barada resmi neşirýady
Core Requirements (esasy programma): bilim derejesini almak üçin hökmany dersler.
Course (okuw sapaky/dersi): okuwyň dowamynda hepde-de birden bäş sagada çenli (ondan
hem kän) dershanada/klasda tertip boýunça geçirilýän sapaklar. Okuw jaýyna baglylykda, okuw
meýilnamasy hökmany we goşmaça derslerden ybarat bolýar.
75
Credits (sagat sanlary/kreditler): ýokary okuw jaýynda öwrenilen dersler boýunça (geçiş ballary
bilen) gazanylan sagat sanlary/kreditler – olar diplom almak üçin hökmandyr. Katalogda
uniwersitet diplomyny almak üçin zerur bolan sagat sanlarynyň/kreditleriň sany we görnüşleri
her bir ders boýunça ―hasaba alynýan sagat sany‖ ýa-da ―hasaba alynýan birlik‖ hödürlenen.
Day Student (‖gündizki okuwda okaýan talyp‖): kollej tarapyndan hödürlenýän talyplyk
şäherçesindäki ýaşaýyş jaýynda ýaşamaýan, günde sapaklara gatnaýan talyp.
Degree (bilim derejesi): kollej, uniwersitet ýa-da hünärmen okuw mekdebi tarapyndan okuw
meýilnamasyny tamamlamak esasynda berilýän diplom ýa-da dereje.
Department (kafedra): belli bir ugur boýunça okuwy üpjün edýän mekdebiň, kollejiň ýa-da
uniwersitetiň bölümleýin gurluşy (mysal üçin, iňlis dili kafedrasy, taryh dersi kafedrasy).
Designated School Official (DSO) (okuw jaýynyň resmi wekili): daşary ýurtly talyplar barada
maglumaty ýygnaýan we ony daşary ýurtly talyplary we alyşçalyşmaksatnamalaryň gatnaşyjylary (SEVIS) hakynda maglumat ulgamyna tabşyrýan, we şeýle
hem, daşary ýurtly talyplara wiza meselelei we işe girmeklik üçin rugsatnamalary doldurmak
boýunça ýardam edýän mekdebiň wekili. Siziň professoryňyzyň ady, familiýasy we atasynyň
ady I-20 ýa-da DS 2019 blankasynda görkezilen bolar.
Dissertation (dissertasiýa): özboluşly mowzuk boýunça ylmy işi – adatça, ylymlaryň namzady
derejesini almagyň jemleýji talaplarynyň çäginde taýýarlanylýar (―filosofiýa doktory‖, Ph.D.).
Doctorate (Ph.D.) (doktorantura): dilden we ýazuw synaglarynyň netijesi esasynda akademiki
ukyplylygy görkezen, şeýle hem, dissertasiýa görnüşinde ylmy işini hödürlän talyba uniwersitet
tarapyndan berilýän iň ýokary bilim derejesi. Bakalawr ýa-da magistr derejesini tamamlap,
azyndan üç ýyl okandan soň berilýär.
Dormitories (talyplaryň umumy ýaşaýyş jaýy): uniwersitet şäherçesiniň çäginde ýerleşen
ýaşaýyş jaýy. Talyplaryň adaty umumy ýaşaýyş jaýynda talyplar ýaşar ýaly otaglar, wanna we
hajathana otaglary, köpçilikleýin peýdalanma otaglary we käwagtlar çaýhanalary bar.
76
Electives (goşmaça/saýlaw boýunça dersler): hökmany öwrenmeli derslerden tapawutlylykda,
talyplaryň öz gyzyklanmasy esasynda saýlaýan dersleri.
Extracurricular Activities (sapakdan daşary çäreler): uniwersitetde okuw meýilnamasynyň
çäginden daşarda geçirilýän çäreler.
Faculty (mugallymlaryň topary): kollejde we uniwersitetlerde işleýän mugallymlar. Olara
professorlar, dosentler, ýokary derejeli mugallymlar we mugallymlar degişli.
Fees (ýygnama çykdajylary): okuwyň tölegine goşmaça bolan okuw jaýy tarapyndan
hödürlenýän hyzmatlary üçin tölenýän töleg.
Fellowship (stipendiýa): ýokary kurslarda okaýan talyplara berilýän maddy kömek. Adatça,
talypdan deregine belli bir hyzmaty ýerine ýetirmek talap edilmeýär.
Final Exam (soňky synag): soňky synag bu belli bir öwrenilýän ders boýunça jemleýji synag
bolup, ol şol ders boýunça geçilen maglumatlaryň ählisini öz içine alýar.
Financial aid (maddy kömek): talyba hödürlenýäm maddy kömegiň ähli görnüşini öz içine
alýan umumy termin bolup, ol okuwyň tölegini, ýygnama çykdajylaryny, we ýaşaýyş üçin
çykdajylary tölemäge ýardam etmek maksady bilen hödürlenýän pul kömegi ýa-da okuw bilen
işi utgaşdyrmak esasynda gazanylan girdeji.
Fraternities (doganlyklar): Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndaky talyplyk şäherçeleriniň
aglabasynda bar bolan erkekleriň köpçülik, ylmy we haýyr-sogap bilen bagly bolan guramalary.
Freshman (birinji kursda okaýan talyp): orta mekdebiniň ýokary synpynda, kollejde ýa-da
uniwersitetde okaýan talyplar.
Grade/Grading System (bahalandyrmak ulgamy – ýetişigiň şkalasy): talybyň
ýetişigini bahalandyrmagyň ulgamy.
77
Grade Point Average (GPA) (ýetişigiň ortaça baly): talybyň her bir dersi öwrenmegi esasynda
ýetişiginiň ortaça balyny hasaba almagyň tertibi.
Graduate (uçurumlar): orta mekdebi ýa-da kollej derejesinde okuw meýilnamasyny tamamlan
talyp. Uniwersitetde geçirilýän gutardyş programmasy – bu bakalawr derejesi boýunça diplom
alan talyplar üçin okuw meýilnamasy.
High School (orta mekdep): ABŞ-da orta mekdepleri (has takygy ýokary synplar) şu termin
bilen atlandyrylýar.
Honors Program (diplomy tapawutlylyk bilen almagyň programmasy): gowy okaýan talyplar
üçin dersleri çuňňur öwrenmegiň programmasy.
International English Language Testing System (IELTS) (iňlis dili boýunça halkara
testirleme): iňlis dili ene dili bolmadyk talyplaryň iňlis dilini biliş derejesini barlamagyň synagy.
International Student Adviser (ISA) (daşary ýurtly talyplaryň maslahatçysy): bu uniwersitetde
daşary ýurtly talyplary hökümet talaplary, wiza, okuw prosesini düzgünleşdirmek, ýaşaýyş bilen
bagly bolan meseleler, dili bilmeklik, maddy meseleler, gezelençleri meýilleşdirmek,
ätiýaçlandyryş we hukuk boýunça meseleleri bilen bagly bolan maglumatlary bilen üpjün edýän
adam.
Junior (üçünji kursda okaýan talyp): kollejiň we uniwersitetiň üçünji kursunda okaýan talyp.
Şeýle hem orta mekdebiniň iň soňky ýylynyň öň ýanyndaky ýyly.
Liberal Arts (umumy bilim berýän dersleri): bu termin talyplarda sözleýiş, ýazuw, we logiki
pikirlenmäni ösdürmek maksady bilen öwredilýän gumanitar, jemgiýet we tebigy ylymlar
öwredýän derslerine degişli.
Maintenance (çykdajylar): uniwersitetde okamagyň dowamynda tölenjek çykdajylar ýaşaýyşyň, iymitlenmegiň, okuw kitaplaryny satyp almagyň, egin-eşigiň, kir ýuwmagyň, ýol
78
ulagyndan peýdalanmagyň, we başgada bar bolan maýda çykdajylarynyň tölegini öz içine alýar.
Major (ýöriteleşýän ders): talybyň esasy ünsini berýän dersi.
Master's Degree (magistr derejesi): bakalawr derejesini alandan soň azyndan bir ýyl okamak
esasynda berilýän dereje.
Midterm Exam (aralykdaky synag): öwrenilen maglumatlar esasynda geçirilýän semestr
aralygyndaky synag.
Minor (ýöriteleşmeýän ders): möhümligi boýunça ýöriteleşýän derslerden soňra durýan dersler.
Non-resident Student (belli bir ştatyň ýaşaýjysy bolmadyk talyp): belli bir ştatyň ýaşaýjysy
bolmadyk talyp. Okuw töleginiň möçberi we okuwa giriş tertibi we talaplary şol ştatyň
ýaşaýjylaryna we ýaşaýjysy bolmadyk talyplara dürli bolup biler. Adatça, daşary ýurtly talyplar
ýaşaýjysy dälleriň hataryna girýär we olarda soňlykça okuwyň tölegini peseltmek maksady bilen
şol ştatyň ýaşaýjysy diýen derejesini almaga mümkinçiligi bolmasa gerek.
Notarization (notariusyň tassyknamasy): resminamanyň (arzanyň ýa-da goluň) hakykylygy we
takyklygy barada kasam içen hökümet işgäri (ABŞ-da ―döwlet notariusy‖) ýa-da kanunçy/ýurist
tarapyndan berilýän tassyknama.
Placement Test (saýlaw testirlemesi): talybyň belli bir ugur boýunça bilimini barlap, şol ugur
boýunça hem ony soňlykça gabat gelýän kursuna ýerleşdirmek maksady bilen geçirilýär. Käbir
halatlarda şeýle testirlemeleriň netijesinde talyba sagat sanlary berilýär.
Prerequisites (başlangyç şertleri): has gyn programmalara ýa-da derslere ýazylmak üçin geçmegi zerur
Registration (hasaba durmak): çärýek, trimestr we semester üçin dersleri saýlamagyň prosesi.
Resident Assistant (RA) (umumy ýaşaýyş jaýynyň komendantynyň kömekçisi): ol ýaşaýyş korpusynyň
umumy ýaşaýyş jaýynda ýüze çykýan meseleler boýunça talyplar öz soraglary bilen ilki bilen kömekçä
79
talyplar işleýärler we deregine olar mugt ýaşaýyş jaýy we ýeňillikler bilen üpjün edilýärler.
Scholarship (stipendiýa): okuw üçin gaýdyp bergisiz maddy kömegi – adatça, okuwyň başynda berilýä
(ýa-da) ýygnama töleglerinden boşadylýarlar.
SAT (akademiki ukyby anyklaýan synag): bu synag esasan matematika ýa-da iňlis dili boýunça bolup, o
soraglardan düzülýär we giriş döwrüniň belli bir tapgyrynda geçirilýär.
School (mekdep): bu termin adatça başlangyç we umumy bilim berýän orta mekdebine degişli. Ony şeý
ýa-da bilim alynýar ýeri sypatlandyrmak üçin umumy termin hökmünde peýdalanýarlar – mysal üçin ka
Semester (semestr): dowamlylygy 15-16 ýa-da ýarym okuw ýyly bolan okuw wagty.
Senior (ýokarky kursda okaýan talyp): orta mekdebiň iň soňky synpynda, kollejleriň we uniwersitetleriň
Social Security Number (SSN) (sosial ätiýaçlandyryş belgisi): pensiýa ýaşyna ýetenlere, eklençdäki ad
maddy kömegini eder ýaly iş hakyndan belli bir möçberi saklap galmak maksady bilen ABŞ-nyň höküm
bir işleýän adamda şeýle belgi hökmany bolmaly. Okuw jaýlarynyň köpisinde şeýle belgiler talyby selje
Sophomore (ikinji kursda okaýan talyp): okuw programmasynyň ikinji ýylynda okaýan orta mekdebiniň
talyby.
Sororities (zenanlar birleşigi): Amerikan talyplyk şäherçeleriniň aglabasynda bar bolan zenanlaryň köp
bolan guramalary.
Special student (―ýörite‖ derejeli talyp): derslere gatnaşýan, emma diplom almagyň okuw programmas
Student and Exchange Visitor Information System (SEVIS) (talyplar we alyş-çalyş programmalaryn
ulgamy): talyplaryň we alyş-çalyş programmalaryna gatnaşyjylaryň ABŞ-na gelmezden we gelenden so
internet-ulgamy. Bu programma ABŞ-nyň içeri işler ministrliginiň bilim we alyş-çalyş programmasynyň
Syllabus (okuw meýilnamasy): talyplar we (ýa-da) mugallymlar üçin okuw dersleriniň gysgaça sanawy
Teaching Assistant (TA) (professoryň kömekçisi): magistr ýa-da doktorlyk derejelerinde okaýan talypl
uniwersitet tarapyndan belli bir maddy kömegini alýarlar.
80
Test of English as a Foreign Language (TOEFL) (Daşary ýurtly raýatlar üçin Iňlis dili boýunça synag
dilini biliş derejesini anyklamak üçin geçirilýän synag.
Thesis (diplomlyk işi): belli bir mowzuk boýunça ylmy işiniň netijesini görkezýän ýazuw işi bolup baka
almak isleýän dalaşgärler tarapyndan taýýarlanylýar.
Transcripts (goşmaça goýlan sahypa): talybyň ýetişiginiň tabeliniň tassyklanan nusgasy (―notariusyň ta
Transfer (geçirme): okuwy tamamlap ýokary bilim barada diplom almak maksady bilen bir uniwersitet
Tuition (okuwyň tölegi): okuw jaýy tarapyndan okuw we tejribe üçin alynýan töleg (okuw kitaplarynyň
University (uniwersitet): birinji we ikinji derejeli ýokary biliminiň okuw programmalaryny hödürleýän
Zip Code (poçta indeksi): ABŞ-nyň çägindäki administratiw etraby boýunça poçta salgysynyň san yzyg
Bibliografiýa
Şu we indiki edebiýatlary boýunça has takyk maglumaty almak üçin ―ABŞ-da bilim‖ ulgamynyň maslah
Ýokary okuw jaýyna girjekler üçin umumy maglumat
Barron's Profiles of American Colleges (―ABŞ-daky kollejleriň maglumat kitapçasy‖). Ýyldaky neşiri. B
The College Board College Handbook (―Kollejleriň maglumat kitapçasy‖). Ýyldaky neşiri. The College
The College Board Book of Majors (―Hünär boýunça dersleriň maglumat kitapçasy‖). Ýyldaky neşiri. T
The College Board International Student Handbook (―Daşary ýurtly talyplar üçin maglumat kitapçasy‖
York, NY.
The College Solution: A Guide for Everyone Looking for the Right School at the Right Price (―Dalaşgä
gelýän okuw jaýyny we laýyk gelýän nyrhy nädip tapmaly‖). Lynn O'Shaughnessy, FT Press, Upper Sad
81
Peterson's Colleges and Universities in the U.S.A. — The Complete Guide for International Students (―
maglumat kitapçasy‖).1998. Peterson's, Princeton, NJ.
Peterson's Four-Year Colleges (Okuw programmalary dört ýyllyk bolan kollejler). Ежегодное издание
Peterson's Guide to Distance Learning Programs (―Distansion okuw programmasynyň maglumat kitap
Peterson's Two-Year Colleges (―Okuw programmalary iki ýyllyk bolan kollejler‖). Ежегодное издание
Peterson's Vocational and Technical Schools Set (―Hünärmen we tehniki mekdepleri‖). 2008. Peterson'
Amerikan uniwersitetlerini saýlamak we olara tabşyrmak
101 Ways to Become the Perfect College Applicant (Iň gowy dalaşgär bolmagyň bir ýüz bir ýoly). 2007.
The Best 371 Colleges (―371 iň gowy kollejleri‖). 2010 Edition, 2009. Princeton Review Publishing, LL
Brody's Guide to the College Admissions Essay (―Giriş düzmeleriniň maglumat kitapçasy‖). 2005. Jay B
NE.
Choose the Right College and Get Accepted (―Kollejleri dogry saýlamak we olara tabşyrmak‖). 2003. S
Press, New York, N.Y.
The College Handbook for Transfer Students (―Bir okuw jaýyndan başgasyna geçmegiň maglumat kitap
York, NY. (больше не издается)
Do It Right- How to Prepare a Great College Application (―Giriş resminamalaryny nädip dogry taýýar
Octameron Associates, Alexandria, VA.
Get It Together for College: A Planner to Help You Get Organized and Get In (―Ýokary okuw jaýyna gi
meýilnamasy‖). 2008. The College Board, New York, NY.
Going To College: Expanding Opportunities for People with Disabilities (―Mümkinçilikleri çäkli bolan
82
Elizabeth Evans Getzel and Paul Wehman, Brookes Publishing, Baltimore, MD.
Goof-Proof College Admissions Essays (―Giriş düzmeleri‖). 2003. LearningExpress, LLC, New York, N
McGraw-Hill's Writing an Outstanding College Application Essay (―Nädip iň gowy giriş düzmesini ýaz
Murphy, The McGraw-Hill Companies, Inc., New York, NY.
Peterson's Colleges with Programs for Students with Learning Disabilities or Attention Deficit Disorde
bar bolan talyplar üçin ýörite okuw meýilnamasy bolan kollejler‖). 1997. Charles T. Mangrum and Step
US News and World Report America's Best Colleges (‖US News and World Report‖ baha bermegine gö
Ýylda neşir edilýär. US News and World Report, Washington, DC.
Writing a Winning College Application Essay (―Giriş düzmesini nädip üstünlükli ýazmaly‖). 1996. Wilm
Peterson's, Princeton, NJ.
Maddy kömek
The Athletic Recruiting & Scholarship Guide (―Sportsmenler üçin gollanma: nädip dalaşgär bolmaly w
Mazzoni, Mazz Marketing, Inc., Black Rock, CT.
The College Board Scholarship Handbook (―Stipendiýa almaklyk boýunça gollanma‖). Ýylda neşir edi
Funding for United States Study 2007-2008: A Guide for International Students and Professionals (―20
maliýeleşdirme: daşary ýurtly talyplar we hünärmenler üçin‖). 2007. Daniel Obst, Editor, Institute of In
Peterson's Scholarships and College Athletic Programs (―Kollejde bar bolan stipendiýalar we sport pro
NJ.
Peterson's Scholarships for Study in the USA and Canada (―ABŞ-nyň we Kanadanyň ýokary okuw jaýla
Princeton, NJ.
Princeton Review: Student Athlete's Guide to College (―Prinstonyň gözden geçirmesi: Okaýan sportsme
Abramson, Princeton Review Publishing, LLC, New York, NY.
83
Student Athlete Handbook for the 21st Century: A Guide to Recruiting, Scholarships, and Prepping for
ýokary bilim: çakylyk, stipendiýa, giriş üçin taýýarlyk‖). 2006. Christine Grimes, Lulu Enterprises, Inc.,
Справочники для подготовки к отъезду
Gitmäge taýýarlyk: ABŞ-da ýaşasyş we okuw barada amaly maglumat (şu sanymyzyň dördünji kitapças
http://www.educationusa.state.gov.
International Student's Guide to the USA. (―Daşary ýurtly talyplar üçin ABŞ-da ýokary bilim‖). 1998. I
Review Publishing, LLC, New York, NY.
NAFSA's International Student Handbook: The Essential Guide to University Study in the USA
(―ABŞ-da ýokary bilim‖). 2001. NAFSA: Association of International Educators, Washington, DC.
The Ultimate College Survival Guide (―Kollejde nädip halas bolmaly‖). 2009. Janet Farrar Worthington
NJ.
Elipbiý boýunça ýerleşdirilen görkeziji
Okuw meseleleri boýunça maslahatçy
Akkreditasiýa
Başga okuw jaýlarynda öwrenilen dersleriniň sagat sanyny kabul etmek
Amerikan kollejleri üçin testirleme ulgamynda ýokary okuw jaýyna giriş synaglary (ACT)
Giriş üçin barlag sanawy
Giriş üçin gatanç puly
Arza blankasy
Kollej
Wiza
Resminamalary tabşyrmak barada maglumat
Doly bolmadyk ýokary bilim barada diplom
84
Bakalawr diplomy
Kolleji saýlanda ýüze çykjak akademiki soragral
Uniwersitet şäherçesine baryp görmek
―ABŞ-da bilim‖ ulgamynyň maslahat merkezleri
Reýting
Sosial ulgamlary
Internet ulgamynda bar bolan gözleg programmalary
Kollejde talyplyk durmuşy
Kollejleriň ýarmarkasy
Arzanyň umumy blankasy
Munisipal kollejleri
Kabul ediş meseleleri boýunça maslahatçylar we agentler
Esasy dersler
Sagat sany/kredit ulgamy
Sagat sanlary/kreditleri geçirmek
Soňky möhletler
Giriş synaglary
Resminamalary tabşyrmak
Mümkinçilikleri çäkli bolan talyplar
Distansion bilimi
Goşmaça dersler
Işe ýerleşdirmeklik
Giriş talaplary
85
Maddy ýagdaýyň barada kepilnama
Doganlyklar we zenanlar birleşikleri
Ýetişigiň ortaça baly
Ikinji derejeli ýokary bilim
Medisina ätiýäçlandyrmasy
Ýaşaýyş jaýy bilen üpjün etmek
Iňlis dili boýunça halkara testirleme (IELTS)
Daşary ýurtly talyplaryň maslahatçysy
Söhbetdeşlik
«Plýuş ligasy»
Gumanitar ylymlary
Ýaşaýyş üçin çykýan çykdajylar
Maddy kömek
Hünär boýunça dersler
Okuw jaýyna ýyl ortasynda kabul edişlik
Hünär ugrundan bolmadyk dersler
Pul we bank hyzmatlary
Bilim derejesini alman okamaklyk
Tanyşdyryjy söhbetdeşlik
Okuw jaýyna girmeklik maksatlaryňyzy beýan edýän düzme
Hususy uniwersitetler
Hünärmen bilimi
Reýting
86
Hödürnama
Akademiki ukyby anyklaýan synagynyň (SAT)
Talyplar we alyş-çalyş programmalaryna gatnaşyjylar ulgamy (SEVIS)
SEVIS I-901 üçin ýygnama we blanka
Sport stipendiýalary
Ýazky dynç alyş
Standartlaşdyrylan giriş synaglary
Amerikan kollejleri üçin testirleme ulgamynda ýokary okuw jaýyna giriş synaglary (ACT)
Akademiki ukyby anyklaýan synagynyň (SAT)
Ştatyň uniwersiteti
Ştatyň ýaşaýjylary bolan talyplar üçin okuw tölegi
Ştatyň ýaşaýjylary bolmadyk talyplar üçin okuw tölegi
Tehniki we hünärmen kollejler
Daşary ýurtly raýatlar üçin Iňlis dili boýunça synag (TOEFL)
Goşmaça goýulan sahypa
Geçmek (bir okuw jaýyndan başgasyna)
Okuwyň tölegi we dürli ýygnama çykdajylary
Wiza
1 Her bir sapak belli bir mukdarda kredite deň. Bu bolsa hepdedäki gazanylan sagat sanyny aňladýar.
2 ―Medeni şok‖ – öz önüp-ösen, öwrenişen medeniýetiňizden/döwletiňizden başga bir üýtgeşik bolan m
ýaşamaga baranyňyzda başdan geçirýän kynçylyklaryňyz.
87
Download

Download File