Dalaşgäre 2014
Gadyrly dostlar!
Men Sizi Polosk döwlet uniwersitetinde
garşylamaga şat. Polosk topragynda gadym wagtlardan
gelýän bilim däpleri bar. Belarusda uniwersitet
biliminiň döremegi XVI asyra degişli. Şol wagtlar
Polosk iýezuit kollegiumy esaslandyrylypdyr we onda
öz döwrüniň meşhur alymlary okadypdyrlar.
1812-nji ýylda kollegium uniwersitet hukukly
Polosk akademiýasyna üýtgedilýär. 1968-nji ýyldan
uniwersitet bilimini ösdürmekde täze döwrebap tapgyr
başlandy – Polosk döwlet uniwersiteti döredildi. Ol
öz işiniň ýola goýlan döwründe respublikanyň esasy
tehniki uniwersitetleriniň şahamçylarynyň, politehniki
institutyň tapgyrlaryny geçdi. 1993-nji ýyldan başlap
ýokary okuw mekdebi ýewropa ülňülerine laýyk gelýän
nusgawy uniwersitet hökmünde ösýär, ol Poloskda
dörän ýokary medeniýet däpleri we bilim almaga
çalyşmak bilen gumanitar, fundamental, tejribe ähmiýetli we mugallymçylyk ylymlaryny özünde
jemleýär.
Häzirki wagtda her ýyl Polosk döwlet uniwersitetine Belarusdan we daşary ýurt döwletlerinden
täze talyplaryň 3 müňden gowragy okuwa girýär. Uniwersitetiň binalary iki sany sazlaşykly ösýän
şäherlerde – Poloskda we Nowopoloskda ýerleşýär. Häzirki wagt uniwersitetiň düzümine 12 fakultet,
şeýle hem hünär kämilleşdiriş instituty, taslama institutlary, ylmy-barlag barlaghanalary girýär.
Şu gün Polosk döwlet uniwersiteti Belarus Respublikasynyň çalt depginler bilen ösýän
ylmy-barlag merkezidir. Ol XXI asyrda – habar beriş tehnologiýalarynyň we adamyň intellektual
mümkinçilikleriniň barha ösýän asyrynda bilimiň, ylmyň we medeniýetiň däplerini saklaýar we
ösdürýär.
Biz näbellilik şertlerinde täzäni özleşdirmekligi, häzirki zaman inženeriýasynda standart
bolmadyk meselelerini çözmegi, toparda işlemegi, XXI asyryň adatdan daşary düşýän agramy
gerdenimize almaga taýýar bolmagy, wagtyň gadyryny bilmegi, öz köklerimizi ýatda saklamagy
öwredýäris!
Uniwersitetimize hoş geldiňiz!
Lazowskiý D.N., uniwersitetiň
rektory, professor
Polosk we Nowopolosk
Polosk Witebsk oblastynyň şäheri,
Polosk raýonynyň merkezi bolmak
bilen, Belarusyň iň gadymky şäherleriň
biridir. Onuň ilaty – 82,8 müň adam.
Polosk barada ilkinji maglumat 862-nji
ýyla degişlidir. Bu şäher özüniň taryhy
ýadygärlikleri bilen meşhurdyr hemde demirgazyk Belarusyň syýahatçylyk
merkezi bolup durýar.
Belarus
Respublikasy
Belarus Ýewropanyň merkezinde ýerleşýär,
onuň bäş döwlet, ýagny Russiýa, Ukraina,
Polşa, Litwa, Latwiýa bilen umumy araçägi
bar. Belarusyň umumy meýdany (tutýan ýeri)
207 600 inedördül km. Ilatyň sany – 9 mln.
503,8 müň adam. Ýurduň deňize çykalgasy
ýok, emma onuň amatly geografik taýdan
ýerleşýänligi üçin Belarus wajyp söwda we
ulag geçelgesi bolup hyzmat edýär. Belarus
Respublikasynyň paýtagty – Minsk şäheri.
Belarusyň howasy aram ýagdaýda. Ortaça
temperaturasy Belarusyň sebitlerine
baglylykda üýtgeýär. Iýulda
ortaça temperaturasy
+170C-den
+18,50C
çenli bolýar.
Ýanwarda
ortaça
temperatura –
4,50Cdan -80
C çenli üýtgäp
durýar.
Nowopolosk şäheri – bu güýçli
nebithimiýa toplumly we ýokary ylymbilim derejeli döwrebap industrial
merkezdir. Ol 1958-nji ýylda nebiti
gaýtadan işleýän zawodyň gurulmagy
bilen döredilen şäherdir. Bu şäher
diňe öz senagat önümleri bilen belli
bolman, eýsem ylymda, medeniýetde
we sportda gazanan üstünlikleri bilen
tanalýar. Nowopolosk şäheri Günbatar
Dwina derýasynyň çep kenarynda
ýerleşýär. Şäheriň ilaty 100000 adamdan
ybaratdyr. Ol tebigy landşafta utgaşyp
gidýänligi sebäpli şäheriň hem
ýaşaýjylaryna hem-de myhmanlaryna
oňaýlydyr.
OKUWA GIRMEK ÜÇIN GEREK
BOLAN RESMINAMALAR
Çakylyk üçin gerek bolan resminamalar:
1.
Kepillendiriş edarasy tarapyndan terjimesi tassyklanan
pasportyň nusgasy (eger-de pasport rus dilinde bolmadyk
ýagdaýynda).
2.
Kepillendiriş edarasy tarapyndan tassyklanan doly orta bilim
hakyndaky resminamanyň nusgasy we resminamanyň kepillendiriş
edarasy tarapyndan tassyklanan rus (belorus) diline terjimesi.
3.
Doly orta bilim hakyndaky resminamadan alnan bahalaryň
we dersleriň göçürmesiniň nusgasy (eger-de doly orta bilim
hakyndaky resminamanyň özünde bahalar görkezilmedik bolsa) we
kepillendiriş edarasy tarapyndan tassyklanan rus (belorus) diline
terjimesi.
Okuwa girmek üçin gerek bolan resminamalar
1.
Belarus Respublikasynyň okuw wizasy goýlan milli pasporty
we kepillendiriş edarasy tarapyndan tassyklanan milli pasportyň
rus (belorus) diline terjimesi (familiýasy, ady, doglan senesi we ýeri,
pasportyň belgisi, onuň berlen wagty we hereket edýän möhleti);
2.
Doly orta bilim hakyndaky resminamanyň asyl nusgasy we
resminamanyň kepillendiriş edarasy tarapyndan tassyklanan rus
(belorus) diline terjimesi;
3.
Doly orta bilim hakyndaky resminamadan alnan bahalaryň
we dersleriň göçürmesiniň asyl nusgasy (eger-de doly orta bilim
hakyndaky resminamanyň özünde bahalar görkezilmedik bolsa) we
kepillendiriş edarasy tarapyndan tassyklanan rus (belorus) diline
terjimesi edilen resminamanyň nusgasy;
4.
Dalaşgäri okuwa iberýän döwletiň resmi saglygy goraýyş
edaralary tarapyndan tassyklanan, Belarus Respublikasynyň howa
şertlerinde okamaga mümkinçiligini tassyklaýan saglyk ýagdaýy
baradaky kepilnamanyň asyl nusgasy we kepillendiriş edarasy
tarapyndan tassyklanan rus (belorus) diline terjimesi;
5.
3,5 sm *4,5 sm möçberde iki sany fotosurat.
ÜNS BERIŇ! Çakylyk almak üçin resminamalaryň
toplumyny elektron aragatnaşyk boýunça iberip bolýar
([email protected] ýa-da [email protected]) ýa-da şu salgy
boýunça: Полоцкий государственный университет.
Факультет по работе с иностранными студентами.
Улица Блохина, 29, 211440, город Новополоцк,
Витебская область, Республика Беларусь.
Habarlaşmak üçin tel.+375 214 53-53-62.
OKUWA KABUL EDILMEK
Polosk döwlet uniwersitetine okuwa girmek üçin daşary ýurt
raýatlar bolan dalaşgärler rus dilini we saýlap alan ugry boýunça
dersi bilişiniň derejesini anyklamak üçin söhbetdeşlik geçmeli.
Söhbetdeşligiň geçirilmeginiň wagty we ýeri goşmaça görkezilýär.
OKUWYŇ WE ÝAŞAÝŞYŇ ŞERTLERI
Uniwersitetde okaýan ähli daşary ýurt raýatlary oňaýly şertlerdäki
umumy ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün edilýär. Ýaşaýyş üçin töleg aýda
ABŞ-nyň 30 dollary. Uniwersitetiň her bir binasynda naharhana ýada bufet bar. Uniwersitetde talyplaryň hemmetaraplaýyn ösmegi
üçin ähli şertler döredilendir. Sport kluby, talyplar kluby, talyplar
merkezi, talyplar kuratorlyk gullugy, hukuk kömegi gullugy,
syýahatçylyk kluby we beýlekiler hereket edýär.
OKUW ÜÇIN TÖLEG
Uniwersitetiň ähli fakultetleriniň 1-nji ýylynyň okuwynyň
tölegi ýylda ABŞ-nyň 2500 dollary. Ýokary okuw mekdebe çenli
taýýarlaýyş fakultetiniň taýýarlaýyş bölüminde doly okuw ýylynyň
tölegi ABŞ-nyň 2200 dollary.
Download

Dalaşgäre 2014 - Полоцкий государственный университет