GTZ-CCD/ÇÖHDMI-niň “Türkmenistanyň
üç sebitinde ýerleriň zaýalanmagyna garşy
göreş” synag taslamasy
Taslama sebitleri:
Garagum
Nohur
Sakarçäge
Taslama sebitleriniň
kartasy
Taslamanyň düzümi
Çap edilen işler
Film
Türkmenistanyň we Germaniýa Federatiw Respublikasynyň
hökümetleriniň özara Hyzmatdaşlyk ylalaşygyny
baglaşmagy Çölleşmäge garşy göreş hereketleriniň milli
maksatnamasyny ýerine ýetirmekde Çöller, ösümlik we
haýwanat dünýäsi milli institutyň (ÇÖHDMI)
mümkinçiliklerini artdyrmak boýunça ilkinji çäreleri
geçirmeklige başlangyç berdi. Institutyň alymlary we
hünärmenleri üçin taslamalary meýilnamalaşdyrmak, oba
ilaty we aýal-gyzlar bilen işleşmegiň usullary barada
nazaryýet we amaly okuw-seminarlar geçirildi.
Gazanylan bilim-tejribeler GTZ-CCD/ÇÖHDMI-niň
«Türkmenistanyň üç sebitinde ýerleriň zaýalanmagyna
garşy göreş» atly synag taslamasynyň esasyny düzdi.
Taslamanyň çäreleri 1998-nji ýylda Bokurdak obasynda
(Merkezi Garagumda) başlanyp, 2000-nji ýyldan bäri täze
taslama sebitlerinde, ýagny Nohurda (Merkezi Köpetdagda)
we Sakarçägede (Mary oazisinde) hem ýerine ýetirilýär.
(Karta serediň)
Taslamanyň esasy maksatlary
Türkmenistanyň Tebigaty
goramak ministrliginiň
Çöller, ösümlik we
haýwanat dünýäsi milli
institutynyň tokaý we öri
meýdanlar bölüminiň
müdiri
Taslama özüniň esasy maksatlaryna ýetmek üçin
toplumlaýyn iş alyp barýar:
• Özara goldaw mümkinçiligini artdyrmagyň hasabyna
ýerli ilatyň ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak we tebigy
baýlyklardan rejeli peýdalanmak;
• Oba ýerlerinde çölleşmäge garşy göreşmegiň we ýer
baýlyklaryndan durnukly peýdalanmagyň amaly usullaryny
işe girizmek;
• Milli, sebitara we halkara derejelerinde çölleşmäge
garşy göreş boýunça tejribe toplamak we özara maglumat
alyşmak, hem-de habar beriş serişdeleriniň kömegi bilen
ilaty habardar etmek.
Türkmenistan, 744000,
Aşgabat ş.
Bitarap Türkmenistan
köç., 15
Çölleşme hadysasynyň täsir edýän ýerlerinde ýaşaýan ilaty
taslamanyň
çärelerini meýilnamalaşdyrmaga, ýerine
ýetirmäge we netijelerine
baha bermäge çekmek
taslamanyň iş usulynyň esasyny düzýär.
Taslamanyň
utgaşdyryjysy
Muhammet Durikow
Tel.: 993 12 357298
Faks: 993 12 396408
E-mail: [email protected]
“Garagum” taslama sebiti
(Merkezi Garagum)
“Garagum” taslama sebiti
Ýolbaşçysy
Batyr Mämmedow
ÇÖHDMI
Tel.: 993 12 357364
Email: [email protected]
“Garagum” taslama sebiti Aşgabadyň demirgazygynda, 80-260 kilometr uzaklykda
ýerleşýär, 8000 adama golaý ilaty bolup, 9000 km2 meýdany eýeleýär. Ol Ahal welaýatynyň
Ruhabat etrabynyň dolandyryş tabynlygynda bolan “Garagum” daýhan birleşiginiň
çäklerinde ýerleşýär. Bu sebit geografik taýdan ýylda 80-130 mm ygal düşýän, kesgin
üýtgeýän howaly çägesöw çöllükdir.
Ýerli ilat esasan maldarçylyk, ýagny dowardarçylyk we düýedarçylyk bilen meşgullanýar.
Çölüň ösümlik örtügi mallar üçin ýylboýy öri meýdan bolup hyzmat edýär. Hojalyklaryň
mal sürüleri esasan 50000 baş sany bolan dowarlardan we 2000 baş sany bolan düýelerden
ybaratdyr. Taslama sebitiniň çäklerinde maldarçylyk bilen meşgullanýan ilatly ýerleriň obalaryň ençemesi bar. Bu obalarda ýaşaýan hojalyklaryň sanynyň 3-4-den başlap 100-den
hem agdyklyk edyän ýerleri bar. Taslama boýunça çäreler Bokurdak, Kekirdek, Çalyş,
Ýarma, Mämmetýar obalarynda ýerine ýetirilýär.
Sebitiň esasy ekologik meseleleri:
• Gyrymsy agaçlaryň odunlyk üçin çapylmagy, çendenaşa köp mal bakylmagy hem-de
mallary suwa ýakmak üçin niýetlenen suw ýataklarynyň we guýylaryň deňagramly
ýerleşmändigi sebäpli örüleriň zaýalanmagy;
• Süýşýän çägeleriň emele gelmegi;
• Gurakçylygyň ýygy-ýygydan gaýtalanyp durmagy.
Taslama ýerli ilat bilen şu ugurlar boýunça işleýär:
Süýşýän çägeleri berkitmek we tokaýlaşdyrmak
Häzirki wagtda süýşýän çägeleriň 20 gektardan gowragy berkidildi. Tälim berlen ýerli
bilermenleriň kömegi bilen süýşýän çägeleri berkitmegiň usullary hojalyklaryň 50-ä
golaýyna öwredildi. Bu çäräni amala aşyrmak üçin çöl gyrymsy agaçlarynyň nahalhanasy
döredilip, onda ýetişdirilen nahallar berkidilen meýdanlarda oturtmak üçin peýdalanyldy. Bu
çäräniň ekologik we durmuş täsiri: tokaýlaşdyrylan ýerlerde tozanly ýeller azaldy, çägäniň
göçmesi peseldi we 5-6 ýyldan soň ol ýerler öri dolanyşygyna goşular.
Öri meýdanlaryny rejeli peýdalanmak meselesi boýunça maldarlar bilen hyzmatdaşlyk
Örüleriň zaýalanmagy – suw ýataklarynyň we guýylaryň deňagramly ýerleşmeýändigi,
gyrymsy agaçlaryň çapylmagy, öri dolanyşygynyň däp bolan düzgünleriniň ýatdan
çykarylmagyny we ş.m. özünde jemleýän meseleler toplumydyr. Şonuň üçin bu ugurdan
geçirilmeli esasy çäreler sebitiň durmuş-sosial meselelerini öwrenmek, çopanlar bilen
söhbetdeşlik gurnamak we sorag–jogap alyşmak hem-de örüleriň suw üpjünçiligini
gowulandyrmak maksady bilen takyrlarda emele gelýän suw akymlaryny ýygnamak usulyny
dikeltmek we maldarçylygyň däp bolan düzgünlerini öwrenmek bolup durýar. Toplanan
maglumatlar geljekde öri meýdanlaryny durnukly dolandyrmagyň ulgamyny işläp düzmekde
peýdalanylar.
Çöl şertlerinde ekerançylygy we bagçylygy ösdürmek. Kärendeçilere hemaýat etmek
Ilaty girdejileriň goşmaça çeşmeleri bilen üpjün etmek, aýal-gyzlaryň iş bilen üpjünçilik
meselesini çözmekde ýardam bermek, şeýle hem çöl ýaşaýjylarynyň iýmitinde ulanylýan
önümleriň görnüşlerini artdyrmak üçin taslama 20 töweregi maşgala maslahat hem-de
tehniki kömegini berdi. Häzirki wagtda bu çäre durnukly esasda oba arasynda özbaşdak
ýaýraýar.
Oba ýaşlary bilen alnyp barylýan işler
Taslama mekdep okuwçylaryna umumy we amaly sapaklardan ybarat bolan ekologik bilim
bermek boýunça işleri alyp barýar. Mundan başga-da olara dürli senetleri öwretmek bilen
meşgullanýar. Mysal hökmünde, Bokurdak şäherçesindäki mekdepde halyçylyk gurnagyny,
Çalyş obasyndaky agaç ussahanasyny we sazçylyk gurnagyny, Kekirdek we Mämmetýar
obalarynyň ýokary synp okuwçylaryna gurluşyk serişdesi hökmünde ulanylýan gargy
gamyşyň ösdürip ýetişdirilişini öwretmek işlerini görkezmek bolar.
“Nohur” taslama sebiti
(Merkezi Köpetdag)
“Nohur” taslama sebiti Merkezi Köpetdagyň günorta–günbatar böleginde ýerleşip, Ahal
welaýatynyň Baharly etrabyna degişlidir. Sebitiň howasy kesgin üýtgeýän häsiýetli bolup,
howanyň ortaça gyzgynlygy 18 dereje, ygalyň ortaça ýyllyk mukdary bolsa 350 mm
töweregidir. Sebitiň ilaty maldarçylyk (esasan, geçiler we sygyrlar) we ekerançylyk bilen
meşgullanýar. Ekinleri suwarmaga suwyň ýetmezçilik edýänligi ekerançylygyň öndümli
ösdürilmegine päsgelçilik berýär, şonuň üçin maldarçylyga aýratyn üns berilýär.
“Nohur” taslama sebiti
Ýolbaşçysy
Elmar Mämmedow
ÇÖHDMI
Tel.: 993 12 357364
Email: [email protected]
Taslama sebitiň iki obasynda, ýagny “Ýeňiş” daýhan birleşiginiň Garawul (5576 ýaşaýjyly)
we Köne Gümmez (826 ýaşaýjyly) obalarynda ýerine ýetirilýär.
Sebitiň esasy ekologik meseleleri:
• Çendenaşa köp mal bakylmagynyň we geçmişde arça tokaýlarynyň odunlyk we gurluşyk
üçin çapylmagynyň netijesinde dag tokaýlarynyň we örüleriniň zaýalanmagy;
• Dag ýapgytlarynda topragyň ýuwulmagy (eroziýasy), möwsümleýin silleriň akmagy we
jarlaryň emele gelmegi;
• Güýçli sil akymlarynyň netijesinde ekin meýdanlarynyň weýran bolup azalmagy.
Taslama ýerli ilat bilen şu ugurlar boýunça işleýär:
Ýapgytlarda topragyň ýuwulmagyna garşy göreş çäreleriniň
toplumy
Sil akymlarynyň emele gelmeginiň öňüni almak maksady bilen
suw akymlarynyň ýygnanýan meýdanlarynyň ýokarky
böleklerinde 24 sany uly bolmadyk bentler guruldy. Olar suw
akymlarynyň saklanyp, topraga siňmegine we topragyň
çyglylygynyň ýokarlanmagyna, netijede ösümlikleriň ösüp
ýaýramagyna amatly şertler döredýärler. Bentleriň gurluşygy bilen
bir wagtda ýapgytlarda tokaý agaçlarynyň nahallaryny oturtmak işi
hem alnyp barylýar. Häzirki wagtda 6 gektar meýdanda tokaýlary
dikeltmek işleri ýerine ýetirildi.
Hususy mellekleriň töwereginde zaýalanan ýerlerde tokaý we
miweli agaçlary oturtmak işleri (umumy meýdany 4 gektar)
Tokaý agaçlary topragyň ýüzünde emele gelýän suw akymlaryny
saklamaga we topraga siňdirmäge ýardam edýär hem-de topragyň
çyglylygyny ýokarlandyrýar. Bu ýagdaý ot örtüginiň önümliligini
artdyrýar we toprak üstüniň ýuwulmagyny togtadýar.
Tokaý agaçlarynyň nahalhanasyny döretmek
Ýörüte tälim beriji okuwlaryň kömegi bilen ýerli ilatyň
wekillerine tokaý agaçlarynyň nahalhanasyny döretmegiň usullary
öwredildi. Ýetişdirilen nahallar zaýalanan ýerlerde tokaýlary
dikeltmekde, şeýle hem, bir bölegini satyp, goşmaça girdeji almak
üçin peýdalanylýar. Umuman, nahalhanalarda 12 müňden gowrak
tokaý agaçlarynyň nahallary ýetişdirildi.
Täze ýerleri özleşdiririp, ekerançylygy durnukly ösdürmegiň
amaly işleri
Dürli taslamalar tarapyndan berlen goşmaça serişdeleriň hasabyna
Köne-Gümmez obasynda täze guýy (skwažina) gazylyp, onuň
kömegi bilen ulanylman ýatan 10 gektar meýdan özleşdirildi.
Ekerançylar ekiniň birinji ýylynda 160 tonnadan gowrak bakja
önümlerini öndürdiler we 600 million manat goşmaça girdeji
aldylar.
“Sakarçäge” taslama sebiti
(Mary oazisi)
“Sakarçäge” taslama sebiti
Ýolbaşçysy
Muhammet Nepesow
ÇÖHDMI
Tel.: 993 12 357295
Email: [email protected]
Bu taslama sebiti Murgap derýasynyň boýunda, Mary
welaýatynyň Sakarçäge etrabynda ýerleşýär. Etrabyň 1214,7 müň
gektar meýdanynda umumy ýaşaýjysy 112 müň adam bolan 34-e
golaý ilatly ýerler bar. Sebitiň howasy kesgin üýtgeýän häsiýetli
bolup, howanyň ortaça ýyllyk temperaturasy 16 derejä golaý,
ygalyn ortaça ýyllyk mukdary bolsa 116 mm-e golaýdyr. Ýerasty
suwlary 2-3 metr çuňlukdadyr. Ýerli ilat esasan ekerançylyk
(pagtaçylyk, däneçilik, hususy gök-bakjaçylyk) we maldarçylyk
(goýun, geçi, gara mallar) bilen meşgullanýar.
Sebitiň esasy ekologik meseleleri:
• Ýer baýlyklarynyň durnuksyz dolandyrylmagy hem-de oba
hojalykda amatsyz usullaryň ulanylmagy netijesinde
ekerançylyga ýaramly ýerleriň şorlaşmagy;
• Öri meýdanlaryň zaýalanmagy;
• Hususy eýeçilikde oba hojalygyny alyp barmak barada bilim
derejesiniň pesligi.
Taslama ýerli ilat bilen şu ugurlar boýunça işleýär:
Şorlaşan we taşlanan ýerleri özleşdirmek
17 gektar meýdanda şorlaşan ýerleri dikeltmegiň we
özleşdirmegiň usullary üstünlikli synagdan geçirildi. Elýeterli we
adaty usullaryň kömegi bilen eýýäm üçünji ýylda ot-iýmlik
ekinleriň hasyllylygy ortaça görkezijileriň derejesine ýetirildi. Bu
usullar hususy ýer eýeleriniň arasynda giňden ýaýradylýar.
Topragyň gurplulygyny saklamak we ýokarlandyrmak arkaly
ekerançylygy ösdürmek
Taslama tarapyndan maslahat berlip organiki-mineral dökünleri
(çüýrüntgileri, dersleri we mineral dökünleri garyşdyryp,
taýýarlanylýan dökün) hem-de biogumusy öndürmegiň usullary
önümçilige ornaşdyryldy. Bu usullar häzirki wagtda hususy
hojalyklaryň 70-sinde peýdalanylýar. Hususy hojalyklary
alternatiw ýagdaýda alyp barmak boýunça ýyladyşhanalardan
peýdalanmak teklip edildi we synagdan geçirildi. Häzirki wagtda
olaryň 9 sanysy guruldy.
Ýaş mülkdarlary okatmagyň maksatnamasyny kämilleşdirmek.
Ýerli mekdeplerde nahalhanalary döretmek
Ýerli mekdepleriň ýokary synp okuwçylaryny ýer baýlyklaryny
durnukly dolandyrmak mowzugy boýunça okatmaklyga taslama
aýratyn üns berýär. Olary okatmak taslamanyň bilermenleriniň
taýýarlan nazaryýet sapaklaryndan hem-de amaly sapaklardan
ybaratdyr. Amaly sapaklar okuwçylara mekdebe berkidilen
meýdanlarda ekinleri ösdürip yetişdirmegiň ýönekeý oba hojalyk
usullaryny özleşdirmäge mümkinçilik berýär.
Taslamanyň düzümi
GTZ– CCD
ÇÖHDMI
Türkmenistanyň üç sebitinde ýerleriň zaýalanmagyna
garşy göreş
Taslamanyň utgaşdyryjysy
Taslamanyň
utgaşdyryjysynyň iş
dolandyryş boýunça
kömekçisi
Taslamanyň
utgaşdyryjysynyň maliýe we
hojalyk işleri boýunça
kömekçisi
Tehniki kömekçi
Taslama sebitleri
Garagum
(çöllük)
Nohur
(daglyk)
Sakarçäge
(suwarymly
ýerler)
Ylmy
maslahatçy
Ylmy
maslahatçy
Ylmy
maslahatçy
Ýerli
bilermen
Ýerli
bilermen
Ýerli
bilermen
Gysga möhletleýin işleýän milli maslahatçylar we ýerli hünärmenler
Taslama sebitleri
Download

GTZ-CCD/ÇÖHDMI-niň “Türkmenistanyň üç sebitinde ıerleriň